logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«BITARAP WATANYM-TÜRKMENISTANYM» AÝDYM-SAZLY KONSERT

Konsertler

01.12.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Saz mugallymy” kafedrasynyň talyplarynyň “Bitarap Watanym-Türkmenistanym” atly konsert geçirildi. Konsertiň başynda Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Seýitgeldiýewiň ýolbaşçylygynda dutarçylar toparynyň sazandarlyk etmeginde O.Ataýew mukamçy kompozitor A.Çaryýewiň döreden “Dutarym” eserini, S.Öräýew bolsa S.Jepbarowyň “Altyň biri” atly aýdymyny ýerine ýetirdiler. Göreldeli talyplar ýagny, Ý.Ýazgylyjow professor N.Muhadowyň “Dagly gyz”, Ý.Meredow italýan kompozitory R.Leonkowallonyň “Rasswet”, Ý.Bäşimow türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň 2-nji nesline degişli bolan kompozitor Ç.Nurymowyň “Armanym galdy”, H.Bazargeldiýewa Türkmenistanyň halk artisti D.Nuryýewiň “Şatlykdan salam” we Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Seýitgeldiýewiň “Enem sen” eserini, A.Garagyrowa Türkmenistanyň halk artisti, zehinli meşhur kompozitor N. Halmämmedowyň “Haýrana galar” ýaly eserlerini ýerine ýetirmegi bolsa konsertiň has-da şowhunyny artdyrdy. Talyplara Z.Öweniýazowa, M.Öwlýagulyýewa, M.Ýelena, Ýe.Melnik, O.Seýitgeldiýew sazandarlyk etdiler. Konsertde diňe bir wokal žanrynda döredilen eserler däl-de, eýsem instrumental žanrlarda döredilen eserler hem ýaňlandy. 3-nji ýyl talyp G.Awlýakulowa Azerbaýjan kompozitory T.Kuliýewiň “Wals”, 5-nji ýyl talyp A.Penjiýewa türkmen zehinli kompozitory G.Çaryýewiň “Elegiýa”, 1-nji ýyl talyp M.Myradowa belli kompozitor A.Abdyllaýewiň “Bahar tansy”, 5-nji ýyl talyp H.Esenmyradow zenan kompozitor W.Abaýewanyň “Jazekspromt”, 1-nji ýyl talyp Söhbet Öräýew we 2-nji ýyl talyp G.Dagbaşyýew rus kompozitory Ýe. Doganyň “Wals”, awstriýa kompozitory W.A.Mosartyň “Türk marşy” sazlaryny ezberlik bilen ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda şol kafedranyň müdiri, uly mugallym T.Çaryýewanyň dirižýorlyk etmeginde hor toparynyň ýerine ýetiren eserleri ýaňlandy. Olar B.Hudaýnazarowyň “Goý aýdylsyn Bitaraplyk aýdymy” eserini solistler A.Garagyrowanyň we A.Muhammetgulyýewiň aýtmagynda, şeýle-de A.Hojaniýazowyň goşgusyna D.Ökdirowyň döreden “Gahryman siz Arkadag” aýdymyny ýerine ýetirdiler. Konsertde Türkmenistanyň at gazanan artistleri O.Seýitgeldiýewiň, B.Amanowanyň we “Saz mugallymy” kafedrasynyň ussat mugallymlary B.Öwezowanyň M.Orazberdiýewanyň, G.Çaryýewanyň, Ş.Güljäýewanyň, M.Myratgeldiýewiň, Ý.Orazalyýewiň, R.Baýramowyň, I.Mommadowanyň talyplary çykyş edip, öz zehinlerini görkezdiler. Ýerine ýetirilen eserlerden talyplaryň göreldeli okap, hünärini has-da kämilleşmäge çalyşýandyklaryny görmek bolýar. Mugallymlara mundan beýläk-de jogapkärli işinde abraý, talyplara bolsa okuwynda uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris. _____________ Ogulbeg Ýegenowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ GURLUŞYGYNYŇ IKINJI TAPGYRYNDA ALNYP BARYLÝAN IŞLER BILEN TANYŞDY

Täzelikler

01.12.2025

29-njy noýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. ...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine barýan ýoluň ugrundaky aýlawly çatrykda ýerleşýän “Polatly” binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwrebaplaşdyrylýan “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda degişli işler ýaýbaňlandyryldy. Bu künjekden “akylly” şäher seleňläp görünýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi. Milli Liderimiz ýoluň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline we berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýoluň her bir gatlagynyň gurluşygy, onuň düşekleriniň galyňlyk ölçegi häzirki zaman talaplaryna, dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidir. Munuň özi ýoluň tekizligini, sürüjiler üçin rahatlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň uzak möhletleýinligini hem şertlendirer. “Şol bir wagtyň özünde onuň ugrunda oturdylýan şekilleriň, ýol belgileriniň göze gelüwli bolmagyna, ýanýodalaryň, atlaryň gezim edýän ýollarynyň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ýakasyndaky germewleriň sazlaşygynda döwrüň binagärlik usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny, bu ugurdaky işlerde halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz aýlawly ýoluň merkezinde oturdylan Polatly atly bedewiň we onuň çäklerinde ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň reňk sazlaşygyna ösen tejribeler esasynda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Bu işler Diýarymyzda Polatly, Akhan ýaly ady rowaýata öwrülen şöhratly bedewlere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Olar Arkadag şäherine gelýän myhmanlarda oňyn täsirleri galdyrmalydyr. Milli Liderimiz “Ahalteke atlary” şaýolunyň, “Polatly” we “Akhan” monumentleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi, bu künjegiň ekologik derejesiniň üpjün edilmegi barada maslahatlaryny berdi. ________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
BITARAPLYK-PARAHATÇYLYK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

Muzeýler

29.11.2025

Paýhasly pederlerimiziň gursagynda umyt bolup körän, şuglaly ýyldyz bolup ak ýollara alyp gaýdan mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz halkymyza ösüşleriň altyn sahypasyny açdy. Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň beren bagty alnyp barylýan belent maksatly işlerde taryhy senelerde, ýurdumyzyň ösüşlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Toýlary –toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda barha golaýlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy mynasybetli geçirilýän çärelere, baýramçylyk dabaralaryna işjeňlik mahsus. Gadymy Lebaby toý lybasyna beslän baýramçylyk dabaralary medeniýet ojaklarynda has-da täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň otuz ýyllyk şanly toýy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ,,Bitaraplyk-parahatçylyk ösüşleriň gözbaşy” atly baýramçylyk serginiň açylyş dabarasy boldy. Milli mirasymyzy, amaly-haşam işlerini, nakgaşlaryň surat eserlerini, şeýle hem Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri teswirleýän sergi, oňa tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar öz gezeklerinde eşretli zamanany bagyş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize ýüreklerinden joşup çykýan buýsançly sag bolsunlaryny beýan etdiler. ____________ Uzukjemal Ýazjumaýewa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/%C3%A4-2.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/%C3%A4-3.jpg)

No image
KITAP-YNSANYŇ GÖWÜN GANATY

Kitaphanalar

29.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher ýörite orta hünär mugallymçylyk mekdebi, Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-Ynsanyň göwün ganaty” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gadym döwürlerden bäri türkmen halky kitaba uly hormat goýupdyr. Muňa mysal edip asyrlardan-asyrlara, nesilden nesile geçen Magtymguly Pyragynyň günimize gelip ýeten ajaýyp eserlerini bellemek bolar.Ýaş nesilleri Watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde, olaryň kitaba bolan söýgisini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplary bu günki gün her bir türkmen ojagyna ýol-ýörelge mekdep bolup durýar, diýip gürrüňdeşlikde giňden belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda biz ýaşlara bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

29.11.2025

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem milli parlamentiň şu ýylyň 22-nji noýabrynda geçirilen on birinji maslahatynyň netijeleri barada aýdyldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň baş maliýe resminamasyna we dürli ugurlara degişli kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekip berendigi üçin hoşallyk bildirdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirilen işler dowam etdirilýär. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanalary tarapyndan guralan maslahatlara, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 23-nji güýzki mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji çäresine gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunlaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, halkara standartlar esasynda, ýurdumyzyň bank edaralarynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, dünýäniň abraýly halkara auditor kompaniýalarynyň sanawyna girýän we tejribeli daşary ýurt auditor kompaniýalaryny saýlap almak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Daýhanbank”, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, “Türkmenbaşy”, “Halkbank”, “Senagat”, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge hem-de bank işiniň ugurlaryna baha bermäge mümkinçilik döreder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILEN HALKARA ÇÄRELER

Halkara gatnaşyklary

28.11.2025

28-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky 42-nji mejlisi we geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda, 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen, Aktau şäherinde halkara çäreleri üstünlikli geçirildi. Şol çärelere türkmenistanly medeniýet, sungat ussatlary hem işjeň gatnaşdylar. Türki dilli doganlyk halklary medeniýetleriniň we dilleriniň ýakynlygy, däp-dessurlarynyň meňzeşligi has-da ysnyşdyrýar. Bu halklaryň taryhyň synagyndan geçen dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze öwüşginlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine medeniýet babatdaky gatnaşyklar doly şaýatlyk edýär. Medeniýet we sungat–dünýä döwletleriniň we abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkidýän dostluk köprüsidir. Biziň halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetlilige, dost-doganlyga esaslanýan dostluk köprüsiniň binýady berkdir. Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen açylyş dabarasy we onuň çäklerinde guralan, «Türki äheňlerde tanslar» atly halkara tans bäsleşigi, şeýle hem, III Halkara teatr festiwaly ýaly birnäçe çäreler üstünlikli geçrildi. Bularyň ählisi özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklarymyzyň hem-de agzybirligimiziň alamatydyr. Şu ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Türki dünýäsiniň zenanlarynyň älemi» atly sergisi, Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen 3-nji «Türki dünýäsiniň talyplar spektakllarynyň teatr festiwaly», Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň Hemişelik Geňeşiniň wekilleri derejesindäki maslahaty hem türki halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy berkitmekde örän netijeli boldy. Türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki medeni çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy, biziň halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Bularyň ählisi medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge, döredijilik babatda özara tejribeleri alyşmaga uly ýardam berýär-diýip belledi. Şeýle hem, türkmen we gazak halklarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Hormatly Prezidentlerine tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdy hem-de Olara berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/t-4.jpg)

No image
URALYŇ HOR TOPARY AŞGABATDA: DOSTLUK KÖPRÜSI WE MEDENIÝETLERIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIK

Konsertler

28.11.2025

Ural döwlet akademiki rus halk hory 26–27-nji noýabrda Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda konsert çykyşyny geçirdi. Bu giň gerimli halk taslamasynyň maksady rus diliniň, aýdym-sazynyň we däp-dessurlarynyň gözelligini goramak we dünýä bilen paýlaşmak bolup durýar. Konsert agşamlary Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak we netijeli taryhynda ýene-de bir aýdyň sahypa goşdy. Ýurtlarymyz birek-birege ynam, umumy gymmatlyklar, medeniýet we däp-dessurlar esasynda döredilen ýakyn taryhy gatnaşyklary paýlaşýarlar. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, ençeme ýyl bäri synagdan geçen ynam we biziň hormat goýýan hormatymyzdyr. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin konsertiň başynda gutlag sözi bilen çykyş edip, horuň taryhy gelip çykyşy barada gürrüň berdi. Diplomat horuň 1943-nji ýylyň iýul aýynda Swerdlowsk filarmoniýasynda Kursk söweşinde döredilendigini belläp geçdi. Sowet halkynyň gahrymançylygynyň hatyrasyna hormat goýulýan Türkmen topragynda Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli ansamblyň çykyşynyň simwolizmine ünsi çekdi. Sungatyň çägi ýok. Ol göni ýürekden çykýar we sözlerden, uzak aralykdan hem beýikdir. Bu konsertiň dowamynda biz medeniýetleriň hakyky gepleşiklerine şaýat bolduk, bu ýerde her bir milli halk aýdym-sazy halklaryň arasynda köpri bolýar. Halk döredijiligi diňe bir sungat däl, ol halklaryň janly taryhy, nesilleri baglanyşdyrýan göze görünmeýän güýç. Onda ata-babalaryň paýhasy, däp-dessurlaryň gözelligi we asyrlardan bäri dowam edip gelýän duýgularyň çuňlugy bar. Ural döwlet akademiki rus halk horunyň medeni ýolbaşçysy we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiň Medeniýet geňeşiniň agzasy Nikolaý Zaýtsew. Horuň ýerine ýetirijileriniň Russiýanyň dürli sebitleriniň aýdym-saz däplerini görkezýän rus halk aýdymlary we wokal-horeografiki kompozisiýalaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Konsertde dünýäde söýülip diňlenýän halk aýdym-sazlary «Катюша» («Katýuşa»), «Подмосковные вечера» («Moskwa gijeleri»), «Матушка Россия» («Ene Russiýa»), «На горе, на гороньке» («Dagda, dagda»), «Ах, поле, поле, поле» («Aý, meýdan, meýdan, meýdan»), «У ворот жениха» («Ýigidiň derwezesinde»), «За околицей» («Daşardan aňyrda») we beýleki kompozisiýalary ýaňlandy. Olar özleriniň sungat çykyşlary arkaly bize gündogar we günbataryň serhetleşýän, dürli halklaryň asyrlar boýy sazlaşykly ýaşan ýeri bolan Uralyň ruhunyň bir bölegini berdiler. Bu duşuşyk medeniýetlerimiziň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi. Milli däp-dessur sazly agşamy mähirli we dostlukly ýagdaýda geçdi. Şatlyk-şowhun bilen tomaşaçylar, Russiýa döwletiniň baý medeni mirasynyň ruhuny açyp görkezen ýerine ýetirijileriň ýokary hünär derejesini bellediler. Gurnaýjylar Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryň içinde etnograf Sergeý Glebuşkiniň ýygyndysyndan milli halk egin-eşikleriniň sergisini görkezdiler. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan we şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. _______________ Ahmet Jumakulyýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
BITARAPLYK-BAKY BAGTYMYZ

Kitaphanalar

28.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk-baky bagtymyz» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her bir güni toý-baýrama beslenýän ýurdumyzda mizemez gymmatlygymyz hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzy ýagty geljege alyp barýandygyny, Bitaraplyk türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň, hoşniýetliginiň, beýanydygyny, parahat söýjülik, birek-birege sylag hormat goýmak hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri ata-babalarymyzdan ruhy mirasdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplaryň ata–Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlary we sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATÇYLYGYŇ WASPÇYLARY GUJURLY ÝAŞLAR

Täzelikler

28.11.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan milli medeniýetimiz, baý sungatymyz giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Arkadagymyzyň belleýişi ýaly: “Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, edebiýatynyň ösüş aýratynlyklarynyň çuňňur öwrenilmegi, olaryň has-da kämilleşmegi, şeýle hem täze, has belent derejelere ýetirilmegi döwrüň biziň öňümizde goýan möhüm wezipesidir” diýmek bilen, Watanymyzyň sungatyny, medeniýetini öwrenip, olaryň dünýä ýaýmaklyga uly goşant goşan döredijilik adamlaryna buýsanmalydyrys. Olaryň gyzykly döredijilik mirasyny öwrenmelidiris. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda 1-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri” atly gujurly ýaşlaryň bäsleşikli döredijilik sergisi açylýar. Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, animasiýa, zergärçilik, halyçylyk, külalçylyk we sungaty öwreniş ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň birnäçesi görkeziler. Şeýle-de bu sergä şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça bilim alýan talyplary muzeý we şahsy ýygyndylarynda saklanylýan eksponatlary, fotosuratlary we söhbetdeşlik arkaly toplan täze maglumatlary jemlemek bilen, türkmen şekillendiriş sungatyny çeperçilik taýdan öwrenip, özleriniň ýerine ýetiren kitaplary we senenamalary bilen gatnaşýarlar. Olardan Amangül Goçmyradowanyň “Reňkleriň simfoniýasy”, Ogulsona Öwezmyradowanyň “Arkadag şäheriniň arhitekturasy” we “2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, "Gülşen Berdiýewanyň “Hazar deňziniň gözel keşbi”, Şemşat Kadyrowanyň “Sungat dost-doganlygyň köprüsi”, Leýli Allakuliýewanyň “Türkmen bedewi - 2025” ýaly sungaty öwrenijilik işleri, Döwran Akgaýewiň “Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynda bürgütleriň keşbi” atly senenamasy we beýleki eserleri şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny şöhlelendirer. Umuman, “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymlaryň ýolbaşçylygynda döredilýän eserler türkmen şekillendiriş sungatynyň özboluşlylygyny ylmy taýdan seljermäge, ýaşlara geljekde hem türkmen sungatyny wagyz etmäge yhlas bilen zähmet çekmeklerini arzuw edýäris. Ajaýyp zamanamyzda milli şekillendiriş sungatymyzy öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. ___________ Mahym Meredowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ ŞÖHRATLY MENZILLERI

Kitaphanalar

28.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda “Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly menzilleri” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik. Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda ”Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly menzilleri” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi “Altyn asyr” teleýaýlymynyň redaktory Nowruz Güýjow alyp bardy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi D.Agalyýew, Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary A.Şirliýewa we E.Hüseýinowa çykyş edip, Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda beýik ösüşleriň täze tapgyrlary, ýetilen sepgitler, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler barada gürrüň etdiler. Şeýle-de dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ygtybarly ýola goýulmagyna oňyn täsir edýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.