logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENILDI

Täzelikler

25.06.2025

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Medeniýet we sungat – kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly çuňňur pähim-paýhasly kitaplarynda öňe sürülýän gymmatly pikirleri giňden wagyz etmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürmek, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, döredijiligini çeper wasp etmek maksady bilen guralan bu döredijilik bäsleşigiň ähli ugurlaryna medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri, özleriniň şygyr, kyssa eserleri hem-de makalalary bilen işjeň gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly paýhasa ýugrulan kitaplaryndaky gymmatly pikir-garaýyşlar, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürip-kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy, döredijiligi giňden wasp edildi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä ýaýylmagynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz uly goldaw-hemaýatlary edýär. Golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri uly orun eýeleýär. Doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giňden bellenilip geçilen dana şahyryň goşgulary durmuşa dogry düşünmegi, ömri manysyz geçirmezligi, adamkärçiligi, halallygy, rehimdarlygy, ynsaplylygy, kanagatly bolmagy nesihat edýär. Şahyryň döredijiliginiň esasy sütünlerini many, duýgy-düşünje, päklik, ylym, adalat, ynsap düzýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ähli döwürler üçin ýagşy ýol görkeziji şamçyrag bolup, pähim-paýhasa ýugrulan setirleri, türkmen edebiýatynyň ägirdi hökmünde tanatdy hem-de edebi diliň beýik ussady bolmagyna getirdi. Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ösmegi, halkyň ruhy dünýäsiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen medeniýeti, edebiýaty bu gün türkmen dünýäsiniň inçeligini özüne siňdiren eserleri, milli däp-dessurlary, amaly-haşam işleri, şirin owazly aýdymdyr mukamlary bilen tanalýar. Medeniýetimize, edebiýatymyza uly sarpa goýýan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin, ähli mümkinçilikler, şertler döredilýär. Medeniýetimiz, sungatymyz bu gün dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzda halkara sungat festiwallarynyň, Medeniýet günleriniň, Medeniýet hepdeliginiň yzygiderli geçirilmegi, şonuň ýaly-da dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara festiwallara, Türkmenistanyň Medeniýet günlerine sungat ussatlarymyzyň gatnaşyp, medeniýetimizi halkara jemgyýetçiligine äşgär etmekleri buýsançlydyr. Ynsan göwnüniň ganaty bolan aýdym-sazlar adamlaryň ruhunyň belent, kämil bolmagyna oňyn ýardam edýär. Şahyrlarymyzyň döwrümizi wasp edýän şygyrlaryna, aýdymçy-sazandalaryň täze aýdym-sazlary döredip halkymyza ýetirmekleri, ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň sungatymyza siňýändigini ýüze çykarýar. «Medeniýet we sungat – kalbyň çyragy, dünýä akyldary dana Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny gülledip ösdürip, dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
ÝAŞLAR WATANYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

25.06.2025

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde» «Ýaşlar Watanyň geljegi» atly bäsleşik we çeper okaýyş geçirdi. Ýörite çagalar üçin taýýarlanan gürrüňler bilen, kitaphana işgärleri gyzykly goşgy, erteki aýtmakda iki toparyň arasynda bäsleşik geçirip, ýeňijilere höweslendiriji baýraklar gowşurdylar. Bu ýerde çagalar özüni gyzyklandyrýan halk ertekileri okap olaryň gahrymanlary hakynda pikir alyşdylar.

No image
BAGTYÝAR BALALAR WATAN BUÝSANJY

Kitaphanalar

25.06.2025

Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar Lebap welaýat kitaphanasynda gezelençde boldylar. Ýaş nesillerde kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen kitaphananyň hünärmenleri ýörite kitap sergilerini guradylar. Kitaphana işgärleri döwrebap tekjelerde ýerleşdirilen halk ertekileriň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler. Körpeler gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň sergisine syn etdiler.

No image
PARAHATÇYLYK - SUNGAT BILEN GÜL AÇÝAR

Kitaphanalar

25.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylarynyň gatnaşmagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlap paýtagtymyzdaky «Ertekiler dünýäsi» dynç alyş seýilgähinde,«Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Parahatlyk - sungat bilen gül açýar» atly duşuşyk geçirdi Gahryman Arkadagymyzyň köp ugurlaýyn pikir ýöretmeleriniň, çuňňur ylmy seljermeleri esasyny özünde jemleýän «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi»,«Parahatçylyk sazy dostluk doganlyk sazy» hormatly Prezidentimiziň «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly gymmatly eserlerinde milli medeniýetimiz barada beýan edilýän wakalar barada täsirli söhbetler edildi. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi, halkara abraýynyň artmagy babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler hakyndaky gürrüňler ýaş nesillerimizde uly täsir galdyrdy. Göçme kitap sergimiz hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler!

No image
MEDENIÝET WE SUNGAT - KALBYÑ JOSGUNY

Kitaphanalar

25.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri «Güneş» žurnalynyň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň işgärleri bilen bilelikde «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Medeniýet we sungat - kalbyñ josguny» atly söhbetdeşlik hem-de göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem- de çeper eserleri, türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Sergi bu merkezde dynç alyş möwsümini gyzykly hem şadyýan geçirýän çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Kitap söýüji çagajyklar ertekileri uly höwes bilen okadylar. Göçme sergä gatnaşanlar güneşli ülkämizi çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan syzylyp çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

25.06.2025

2025-nji ýylyň iýun aýynyň 25-ne «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Ertekiler dünýäsine syýahat» atly çäre gurnaldy. Çärämize dynç alyş merkezindäki bagtyýar çagalar gatnaşyp öz wagtlaryny hoş geçirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmegi dogrusynda şeýle-de tomusky dynç alyş möwsümini hoş geçirmeklik üçin ähli şertler döredilýär. Bu çärede Türkmen halk ertekilerinden şeýle hem daşary ýurt ertekilerini şeýlede bir kitapda iki dilde ýagny iňlis we türkmen dillerinde ýazylan ertekilerden ybarat bolan kitaplar bilen çykyş etdik. Çagalary bu iki dildäki neşir edilen kitaplarymyz diýseň gyzyklandyrdy. Şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

No image
KITAPHANA IŞI KÄMILLEŞÝÄR

Kitaphanalar

24.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphana işi kämilleşýär» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň tassyklanandygy, bu bolsa ilkinji nobatda kitaphana işgärlerini uly jogapkärçilige borçlandyrýandygy hem-de Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Maksatnama kitaphanalary we kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
DÖREDIJILIGIŇ HEM MEDENIÝETIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

24.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Döredijiligiň hem medeniýetiň baýramy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrylmagy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegi, döredijilik işgärleriniň täze eserleri döretmäge ruhlandyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli Milli goşun žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr Aşyrmät Garlyýewiň okamagynda birnäçe ajaýyp goşgular diňlenildi, çagalaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlara, tanslara tomaşa edildi. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny täze belentliklere çykarmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÄLEME ÝAŇ SALÝAR TÜRKMEN SUNGATY

Kitaphanalar

24.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň binalar toplumynda «Äleme ýaň salýar türkmen sungaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler gözel diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilip geçilýändigini we Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Medeniýet we sungat ulgamy ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Türkmen halkynyň dünýä ýaň salýan baý medeni mirasyny, şöhratly taryhyny, nusgawy edebiýatyny ylmy esasynda öwrenmekde, ýaş nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýandygyny we ajaýyp goşgylary bilen halkyň hakydasynda baky orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bu günki günde sarpasynyň arşa göterilýändigini beýan etdiler. Şeýle-de çäräniň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan şahyr zenanmyzyň, ýurdumyzyň ýetilen belent sepgitleri baradaky ýürek buýsançlary siňen, ajaýyp Watanmyzyň tarypyny wasp etýän dürdäne goşgularyndan okap berildi. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň şan şöhratyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
SAGLYK BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

24.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Saglyk bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berýär. Munuň özi ýaş nesliň sagdyn ösmegi, kämilligi üçin örän ähmiýetlidir. Welosiped sürmek ynsan saglygyna oňat täsir edýär. Hut şonuň üçin hem welosiped sürmek uzak ýaşamagyň syry hökmünde görülýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halkymyzyň saglygynyň berkidilmegi, ilatyň, aýratynda, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň wagyz edilmegi ugrunda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty ösdürmäge iňňän ýokary derejede aýratyn ähmiýet berilýär. Sportuň bir görnüşi hem welosport bolup, ol bagtyýar durmuş, sagdynlyk bilen pugta baglanyşyklydyr. Şunda, ilki bilen, sportyň ynsan üçin näderejede gymmatlydygyny we işjeňligi aýdyň ýüze çykýar. Häzirki döwürde sportyň dürli görnüşleri döwlet derejesinde ösdürilýär. Sportyň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekde ähmiýetlidigini aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýip çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.