logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ARŞA GÖTERILEN MILLI MIRASYMYZ

Kitaphanalar

24.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Arşa göterilen milli mirasymyz» ady bilen «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ata-babalarymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde sarpalanyp, olary il içinde wagyz edip, geljekki nesillere miras galdyrmak işleriniň yzygiderli ýaýbaňlandyrylýandygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejelere ýetýändigi, medeniýet halkyň arasyndaky dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň «Her bir halk dünýäde öz medeniýeti we sungaty bilen tanalýar» diýip belleýşi ýaly, ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan baý medeni mirasymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär, Garaşsyz Diýarymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler, äleme ýaň salan wakalar kalbyňy buýsançdan doldurýar diýip çärämize gatnaşýan her bir myhman öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, sazlaşykly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
HALKYŇ KALBY BOLUP DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR, TÜRKMEN MEDENIÝETI, TÜRKMEN SUNGATY

Kitaphanalar

24.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Halkyň kalby bolup dünýä ýaň salýar, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory, belent sungat derejesine ýetirilen zergärçiligi, küýzegärçiligi, halyçylygy, atşynaslygy bilen umumyadamzat medeni–ruhy gymmatlyklary hem-de medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da pajarlap ösmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, günsaýyn kuwwatlanýan ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sungat baýramçylyklary barada, şeýle-de öz halkynyň beýik söz ussady, akyldary Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy, türkmen halkynyň milli baýlygydygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, taryhy şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PARAHAT ÝURT – SAGDYN ÇAGALYGYŇ MEKANY!

Kitaphanalar

24.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Büzmeýin etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti, we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Beýik Serdaryň Ruhubelentlik nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Parahat ýurt – sagdyn çagalygyň mekany!» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgesi, arassaçylyk, saglyk, sagdynlyk, milli terbiýe mekdebi bu günki gün hem asylly ýörelgämiz bolup durýandygy, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimize esaslanyp, ýaş nesilleriň kämil, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, ahlaklylyk, ula hormat kiçä sylag goýmak ýaly asylly sypatlary ündemekde kitaplaryň orny örän uly bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimize bagtyýarlygy peşgeş edýän, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
ONLAÝN DUŞUŞYK

Muzeýler

24.06.2025

Suratkeşler özboluşly dünýäsi bilen hemişe döredijilik gözleglerinde bolýarlar. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapyp, kämil sungat eserleri bilen ussatlaryň arasynda öz mynasyp orunlaryny tapýarlar. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniň üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar. Şeýlelikde, ajaýyp sungat eserleriniň döremegine, ýurdumyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşýarlar. 24-nji iýunda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Rus muzeýiniň arasynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu onlaýn duşuşygynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen suratkeşleriniň döredijiligi bilen tanyşdyryldy. Iki muzeýiň arasynda muzeý işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça özara pikir alşyldy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler muzeý işini ösdürmekde, geljekki ýaş nesillere ýetirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«TÜRKMENIŇ AK ÖÝI» BINASYNDA GÖÇME SERGI

Muzeýler

24.06.2025

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giň¬den bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy guraldy. Hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Her ýyl geçirilýän bu medeni forumda Watanymyzyň ösüşleri opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär. 2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerini, muzeýiň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän göçme sergisini gurady. Bu eserler asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlarymyz, halkymyzyň baý medeni mirasy we sungaty barada gürrüň berýär.

No image
MEDENIÝET WE SUNGAT DÖREDIJILIGIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

23.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet we sungat döredijiligiň baýramy» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Medeniýet hem-de sungat – ruhy gözelligi, ajaýyplygy, gaýtalanmajak nepisligi, tämiz duýgy-düşünjeleri bir ýere birleşdirýän güýç bolup, ynsan kalbyny bitewilige çagyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de medeniýet adamzady parahatçylyga, dost-doganlyga, agzybirlige, ynanyşmaga çagyrýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda halkymyzyň döredijilik medeniýetini bütin dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ŞATLYKLY TOMUS PASLY

Kitaphanalar

23.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gökdere» jülgesinde ýerleşýän «Şöhle» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Şatlykly tomus pasly» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň dynç alyş möwsümini netijeli geçirmekleri üçin uly aladalar edilýändigi, ýurdumyzyň iň bir gözel künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilen çagalar dynç alyş merkezlerinde bagtyýar ýaşlaryň joşgunly sesleri belentden ýaňlanyp öz wagtlaryny şatlykly geçirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalaryň uly gyzyklanma bildirýän türkmen halk ertekileri barada birnäçe gyzykly kitaplary okap berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MEDENIÝET – YNSAN KALBYNYŇ NURY

Kitaphanalar

23.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap «Medeniýet – ynsan kalbynyň nury» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga welaýatymyzyň medeniýet ulgamynda köp ýyllardan bäri tapawutlanyp zähmet çekýän medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar medeniýet we sungat äleminde ýetilen belent sepgitler barada gyzykly gürrüňler berdiler. Çäräniň dowamynda «Medeniýet halkyň ruhy baýlygy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler we ajaýyp pursatlarda medeniýet ulgamynda döredijilikli zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI

Muzeýler

20.06.2025

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk çäreleri medeniýetiň we sungatyň ähli görnüşlerini özünde jemlemek bilen birlikde, türkmen halkynyň köpasyrlyk döredijilik, ruhy tejribesini ýurdumyzda we dünýäde wagyz etmäge şert döredýär. Türkmenistan medeni ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy parahatçylygyň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýakynlaşmagyň möhüm guraly diýip hasaplaýar. Türkmen halkynyň döreden gymmatly baýlyklary durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülip, milli medeniýetimizi kemala getirýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy» atly sergi gurnaldy. Sergide Magtymguly Pyragynyň hala çitilen keşbi serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirilendir, şeýle-de XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri gülýaka, aý halka, bukaw, heýkel, dagdan, goşa asyk, üç goşma bilezik ýaly owadan şaý-sepler we häzirki zaman zergärçilik önümleri sergä bezeg berýär. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Y.Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş.Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi» ýaly eserleri hem görkezilýär. Serginiň dowamynda öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan ene-mamalarymyzdan miras galan, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bilen keşdelenen milli toý lybaslary ýaşyl, sary ak çyrpylar ussat suratkeşlerimiz W.Maýkowskiniň «Tans», N.Beknazarowyň «Çyrpyly narlar», A.Çakanowanyň «Milli mirasyň şuglasy» ýaly eserler bilen utgaşyp, sergä tomaşa etmäge gelenleri haýran galdyrýar. Sergide şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan binagärlik ýadygärliklerimizi wasp edýän G.Töräýewiň «Köneürgenç», G.Nurlyýewiň «Soltan Sanjar», «Şirkebir mаwzoleýi» «Mäne babanyň mawzoleýi» atly eserleri hem-de Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ç.Amangeldiýewiň «Rodoguna», «Tomiris» ýaly nakgaş eserleri sergide öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň toý baýramlaryny bezeýän saz gurallaryndan dutar, gyjak, tüýdük, deprek ýaly gymmatlyklarymyz sergide görkezilýär.

No image
MEDENIÝET – DÖREDIJILIGIŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ TOÝY

Kitaphanalar

19.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet – döredijiligiň we ruhubelentligiň toýy» ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynyň umumyadamzat gymmatlyklarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriň waspyny ýetiren görnükli söz ussadyny hormatlamak çäresi bilen utgaşdyrylmagynda çuňňur many bardygy hakynda giňişleýin gürrüň edilip, medeniýet milletiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren maddy we ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup durýandygy, toý-baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň täze öwüşgine eýe bolup, ýurdumyzyñ Medeniýet we sungat işgärlerine döredijilikli zähmet çekmekleri üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.