logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«MEDENI MIRAS» GEPLEŞIGI

Muzeýler

26.08.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Bilim ösüşleriň binýady» atly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, muzeýiň Mahabatlandyryş-neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa çykyş etdi. Gepleşige gatnaşan myhmanlar häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýandygy dogrusynda belläp geçdiler.

No image
BILDIRIŞ!

Täzelikler

25.08.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Görogly» adyndaky döwlet atçylyk sirki we «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Görogly» şadessanyndan sahnalaşdyrylan «Görogly» atly sirk çykyşyny Size hödürleýär. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň tanymal artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95

No image
«BILIM–ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY»

Muzeýler

25.08.2025

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň özeninde halkymyzyň bagtyýar geljegi, ýaş nesilleriň bilimli, terbiýeli we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi baradaky beýik maksatlar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Täze mekdepler, ýokary okuw jaýlary, döwrebap bilim merkezleri gurlup, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleri giňden açylýar. Munuň özi döwletimiziň alyp barýan beýik syýasatynyň üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralan «Bilim–ösüşleriň binýady» atly sergi ýurdumyzyň medeni durmuşynda aýratyn ähmiýetli çärä öwrülýär. Bu serginiň üsti bilen şekillendiriş sungatynyň nusgawy eserleri arkaly bilim-terbiýäniň, mugallyma bolan hormatyň, ýaşlaryň ylyma we zähmete bolan söýgüsiniň beýany görkezilýär. Şeýle sergileriň geçirilmegini üpjün edýän, ýaş nesilleriň ylymda, döredijilikde we sungatda belent sepgitlere ýetmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara beslensin! ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/aaaa22.jpg)

No image
DÖWLETIŇ HABAR BERIŞ STRATEGIK GORY, ÇEŞMESI HÖKMÜNDE KITAPHANALARYŇ BITIRÝÄN HYZMATY

Kitaphanalar

25.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň kitaphanasy bilen bilelikde «Döwletiň habar beriş strategik gory, çeşmesi hökmünde kitaphanalaryň bitirýän hyzmaty» ady bilen wideokonferensiýa arkaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana ulgamynyň has kämilleşmegine uly mümkinçilikler döredilýändigi, iki dostlukly ýurduň kitaphana hünärmenleri kitaphana işinde ornaşdyrylan täze tehnologiýalar arkaly milli medeniýetimizi, taryhymyzy geljekki nesillerimize miras galdyrmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin söhbet etdiler. Çykyşyň dowamynda kärdeşler sorag-jogaplaryň üsti bilen tejribe alyşdylar. Maslahatyň ahyrynda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýlup, täze düşünjeleriň ösmegine, dünýägaraýyşlaryň giňelmegine giň mümkinçilikleri döredip beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«KIDS EXPO2025: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN » ADY BILEN GEÇIRILEN HALKARA SERGI-ÝARMARKASYNYŇ ÜÇÜNJI GÜNI

Kitaphanalar

25.08.2025

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Expo 2025: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnan göçme kitap sergisi kitap söýüji okyjylarymyzyň hem-de paýtagtymyzyň dürli ýerlerinden sergini görmäge gelen ildeşlerimiziň ünsüni özüne çekdi . Sergide dürli dillerde neşir edilen çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň we kitapçalaryň ençemesi ýerleşdirildi. Esasan-da daşary ýurt dillerine terjime edilen türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşleri, ertekileri sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen gurjaklar, çagalar üçin niýetlenen döwürleýin neşirler ýaşajyk, bilesigeliji okyjylarymyzda ýakymly täsir galdyrdy. Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylarymyz hem gatnaşdy. Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak şeýle-de çagalaryň bagtyýar geljegini gurnamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN

Kitaphanalar

25.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýän ýagny Awgust aýynyň 21-23 aralygynda Türkmenistanyň Söwda–senagat edarasynda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara serdi ýarmarka kitap diwarlygy bilen gatnaşdy. Bu halkara sergi–ýarmarkasyna gatnaşmak bilen biziň Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň alyp barýan işleri bilen tanyş bolan körpeje nesillerimiziň ençemesiniň biziň kitaphanamyza ýazylmak islegleri döredi. Bu bolsa kitaphanamyzyň täze okyjylarynyň döremegine hem sanynyň artmagyna ýardam etdi. Üç günläp öz işini üstünlikli dowam eden sergi ýarmarkasynda işjeň gatnaşyp şowhunly geçmegine ýakynda ýardam eden Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna degişli «Diplom» bilen sylaglanmagy bolsa buýsandyryjy waka boldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr» diýip körpejelerimiziň baky bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we «Çagalar ömrimiziň gül gunçalar» diýip ýaş nesillerimize uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar beýan etdiler.

No image
«KIDS EXSPO 2025 ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN»

Kitaphanalar

25.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Kids Exspo 2025 Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergisine gatnaşdy. Kitaphanamyza degişli pawillionda çagalar üçin niýetlenilen gyzykly ertekili kitaplar çara gatnaşyjylarda aýratyn tasir galdyrdy. Hem-de körpe kitapsöýüjileriň arasynda kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan kiçeňräk bäsleşik yglan edildi. «In köp kitap okaýan çaga», «Minutda köp söz okamak», «Erteki gahrymanlaryny tanamak» ýaly geçiren bäsleşigimizde ýokary netijeleri görkezen çagalara Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň Ilkinji Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan kitap we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kardeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan mekdep torbalary sowgat berildi. Çagalarda kitap okamaklyga höwes döretmek, kitap bilen dostlaşmak we kitabyň adamzat durmuşynda tutýan mohum orny barada giňişleýin düşünje bermek maksady bilen geçirilen bäsleşik gyzykly hem tasirli geçdi. Çärämiziň ahyrynda ona gatnaşanlar eziz diýarymyzy çagalaryň in arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
«KIDS EXPO2025: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ADY BILEN GEÇIRILEN HALKARA SERGI-ÝARMARKASYNYŇ IKINJI GÜNI

Kitaphanalar

23.08.2025

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ikinji gezek geçirilen «Kids Expo 2025: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnan göçme kitap sergisi kitap söýüji okyjylarymyzyň hem-de paýtagtymyzyň dürli ýerlerinden sergini görmäge gelen ildeşlerimiziň ünsüni özüne çekdi «Kids Expo 2025: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Sergide dürli ýaş toparlaryndaky çagalar üçin harytlar we hyzmatlar görkezildi. Ol harytlar we hyzmatlar çagalara bilim bermek, okatmak, oýunjaklar, ösüş esbaplary, çagalar edebiýaty, okatmaga niýetlenen neşirler, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek, sport we beden taýdan ösüş, döredijilik, çeperçilik işleri, çagalar modasy, internet howpsuzlygy tehnologiýalary, çagalar syýahatçylygy we saparlary hem-de beýleki ugurlara bölünýär. Geçirilen sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy. Sergide dürli dillerde neşir edilen çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň we kitapçalaryň ençemesi ýerleşdirildi. Esasan-da daşary ýurt dillerine terjime edilen türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşleri, ertekileri sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen gurjaklar, çagalar üçin niýetlenen döwürleýin neşirler ýaşajyk, bilesigeliji okyjylarymyzda ýakymly täsir galdyrdy. Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylarymyz hem gatnaşdy. Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak şeýle-de çagalaryň bagtyýar geljegini gurnamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
SUNGAT-PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI

Muzeýler

23.08.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmaklary, döredijilik bilen giňden meşgullanmaklary babatynda örän uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesindäki festiwallar, sergiler, maslahatlar we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Sungat-parahatçylygyň ilçisi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, muzeýiň hünärmenleri Sonagül Karaşewa, Aýjemal Gatyýewa dagylar gatnaşdylar. Ýurdumyzda muzeý işiniň kämilleşdirilmegi, muzeý gaznahanalarynyň baýlaşdyrylmagy, halkymyzyň milli mirasyny ýaşlaryň çuňňur öwrenmekleri hem-de ýaş hünärmenleriň iş başarjaňlygyny ýokarlandyrmak üçin giň şertler döredilmegi biz ýaşlaryň işimize bolan höwesimizi has-da artdyrýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22.jpg)

No image
KÖPASYRLYK DOSTLUK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK RUHUNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRYP

Täzelikler

23.08.2025

22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazdan ozal, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň üç ýurduň Döwlet baýdaklarynyň hem-de duşuşygyň banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra üçtaraplaýyn görnüşde gepleşikler geçirildi. Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda üç döwletiň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklar döwrebap görnüşde ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşygyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de onuň netijeleri boýunça wajyp ylalaşyklara gol çekiljekdigini aýtdy. Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi ýurtlaryň tebigy çig mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiz şular barada aýdyp, bar bolan mümkinçilikleri netijeli we doly kuwwatynda ulanmagyň biziň doganlyk halklarymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletlerimiziň dünýädäki geosyýasy we geoykdysady ornuny berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we jebisleşmegine itergi berer.