logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

07.08.2025

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine BMG bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda geçirilýän halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň on ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmagynyň bu ýurtlaryň durnukly ösüşi babatda alnyp barylýan işe uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýändigi aýdyldy. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, onuň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de şeýle möhüm çäräniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady. Söhbetdeşler deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Amala aşyrylýan özara saparlar, ýokary derejede geçirilýän gepleşikler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça geňeşmeler munuň aýdyň güwäsidir. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ermeni döwletara dialogynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga hem-de eksport-import harytlarynyň görnüşlerini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler hem-de ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikde işlemek, tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

No image
HEREKETLERIŇ AWAZA MAKSATNAMASY-BMG-niň FORUMYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

Täzelikler

07.08.2025

6-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty öz işini plenar mejlislerde dowam etdi. Ozal habar berlişi ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda döwlet we Hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, iri kompaniýalaryň, raýat jemgyýetiniň wekillerini jemlän forumy geçirmegiň maksady DÇBÖBD-niň geografik ýerleşişi bilen baglylykda ýüzbe-ýüz bolýan bökdençliklerini aradan aýyrmaga mümkinçilik berjek netijeli gurallary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, forumyň ikinji gününde dünýä bazarlarynyň elýetersizligi sebäpli, DÇBÖBD-niň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine päsgel berýän bökdençlikleri aradan aýyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen plenar mejlisleriň barşynda bellenilişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahat deň mümkinçilikler barada ählumumy dialogy ilerletmekde möhüm tapgyrdyr. Foruma gatnaşyjy döwletlerden çykyş edenler ýygnananlary ileri tutulýan milli ugurlar we möhüm wezipeleri çözmekdäki garaýyşlary bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen birlikde, bu maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Çykyş edenler ulag infrastrukturasyny, şol sanda portlary döwrebaplaşdyrmagyň DÇBÖBD üçin esasy meseleleriň hatarynda durýandygyny belläp, bu işde ekologik abadançylygy üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Täze onýyllyk maksatnama geçilmegi bilen baglylykda, ählumumy, şeýle hem sebit derejesinde ulag ulgamynda tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Çykyş edenler Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň DÇBÖBD-niň durnukly ösüşini üpjün etmäge saldamly goşant boljakdygyny bellediler. Şunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmäge innowasion çemeleşmeleri giňden ulanmagyň zerurdygy nygtaldy. Foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, DÇBÖBD-niň ykdysadyýetleriniň dürli ugurlaryna, şol sanda logistika ulgamyna, infrastruktura hem-de üstaşyr geçirmegiň erkinligini üpjün etmäge maýa goýumlaryň çekilmegi bar bolan meseleleri oňyn çözmäge mümkinçilik berer. Çykyşlarda DÇBÖBD-niň bähbitlerini nazara almak bilen ýurtlaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny goldamaga, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek işine goşulmaga taýýardygy tassyklanyldy. Plenar mejlislerde bellenilişi ýaly, geljek on ýyl üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy milli derejede kabul ediljek çäreleri, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalary hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegine gönükdirilen strategiýany öz içine alýar. Nygtalyşy ýaly, bu maksatnama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň täze mümkinçilikleri babatda geljege gönükdirilen «ýol kartasyna» öwrülmelidir.

No image
HAZARYŇ TÜRKMEN KENARY: MÖHÜM WAKALARYŇ ŞAÝADY

Kitaphanalar

06.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Hazaryň türkmen kenary: möhüm wakalaryň şaýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýşi ýaly, dostluk mekany Awazada üstünlikli geçiriljek halkara forumda gazanyljak ylalaşyklar, kabul ediljek çözgütler Bitarap döwletimiziň döwrebap ulag-logistika ulgamynyň sebit we yklym ähmiýetli ýollaryň ösmegindäki ähmiýetini has-da artdyryp, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler, ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä derejesinde has-da ösdürmekde, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KIM KITAP OKADY

Kitaphanalar

06.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Kim kitap okady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere beslenip, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, iň oňat şertlerde okamaklary dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gökdere jülgesindäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde şu günler tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin birnäçe kompýuter otaglary şeýle-de kitaphana bolup, olar özleriniň halaýan ertekili kitaplaryndan birnäçesini okap sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň bagtyýarlygyny Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine, beýik geljegine deňeýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AWAZADA BMG-NIŇ FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE DOSTLUKLY DÖWLETLERIŇ MILLI GÜNLERINIŇ AÇYLYŞ DABARASY

Täzelikler

06.08.2025

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 5-niň ikinji ýarym güninde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasy hem-de konserti boldy. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de halkara maslahata gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dostlukly ýurtlaryň medeniýetleri özboluşly aýratynlyklara eýe bolmak bilen, olary taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu ýurtlar baý medeni mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň häzirki zaman sungatynda, kinosynda, aýdym-sazynda we edebiýatynda uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi bu ýurtlaryň dünýäniň medeni ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny aýdyň görkezýär. Şu günki dabara bu doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, olaryň halklarynyň taryhy, baý medeni mirasy bilen tanyşmaga gönükdirilen, medeni diplomatiýany ösdürmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Hazar deňziniň kenarynda deňziň özboluşlylygyny wasp edýän edebi-sazly teatrlaşdyrylan çykyş görkezildi.

No image
AWAZA-PARAHATÇYLYGYŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI

Kitaphanalar

06.08.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna bagyşlanyp «Awaza-parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň merkezi» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli ösdürýär. Bu syýasat parahat söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar. Şeýle ýörelgeler bilen çykyş edýän dünýä bileleşiginiň möhüm wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, halkara guramalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu başlangyç dine ykdysady taýdan däl, eýsem syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdir diýip çykyş etdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamynda ýaşamak, işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«GUJURLY BILIM» MERKEZINIŇ OKUWÇYLARY MYHMANÇYLYKDA

Muzeýler

06.08.2025

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, bilim merkezlerinde çagalara bilim berilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Gujurly bilim» merkezinde bilim alýan çagalar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenje geldiler. Muzeýimiziň hünärmenleri çagalary muzeý gymmatlyklary bilen içgin tanyşdyrdylar. Bu ýere gelen çagalarda muzeý gymmatlyklary uly täsir galdyrdy. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Arkadagymyza hem-de Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly alkyşlar aýdýarys.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY–EDEP TERBIÝE MEKDEBI

Kitaphanalar

06.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi, Kitaphanaara abonement bölümi bilen bilelikde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Magtymguly Pyragy–edep terbiýe mekdebi» atly göçme kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalara adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň altyn hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti ýaş nesli watançylyk, dostluk, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, päk ýüreklilik we adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde hem-de olaryň gözellik duýgularyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup, onuň pendi nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidigini beýan etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynda Pyragynyň edebi älemi çeper diliň, filosofik oý-garaýyşlaryň, taryhy maglumatlaryň üsti bilen has giňişleýin suratlandyrylýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu eserler halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigini, halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, ýaş nesilleri watançylyk, ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
GÜL ÇAGALAR WATANYMYZYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

06.08.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Gül çagalar Watanymyzyň geljegi» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Çagalaryň arzuw bilen garaşýan şadyýan tomsy gyzgalaňly dowam edýär. Sapaly tomsuň hözirini görýän bagtyýar çagalaryň şatlyklaryna şaýat bolmak üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir işgärleri Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezine çagalara birnäçe ertekili kitaplarymyz bilen myhmançylyga geldik. Bu ýerde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirýändiklerine şaýat bolduk. Olara türkmen halk ertekili kitaplaryny okap berdik bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň öz okan kitaplaryndan goşgudyr hekaýalaryny diňledik. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn medeniýetli dynç almaklary üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
OBA HOJALYK ÖZGERTMELERI

Kitaphanalar

06.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Oba hojalyk özgertmeleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ,oba hojalygy ylmy esasynda ösdürilýändigi,Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi hakynda giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler bize şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.