logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KITAPHANAÇYLAR BÄSLEŞDILER

Kitaphanalar

07.08.2025

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de ata Watanymyzyň hemme taraplaýyn ösüşlerini kitaphana işiniň we sanly ulgamyň üsti bilen, teleradioýaýlymlaryň, habar beri serişdeleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmek, kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bütewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek, şeýle-de kitaphanalaryň kamil iş tejribelerini ýurdymyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphanalaryndan iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň 12.02.2025-nji ýyldaky №40-ö we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 14.02.2024-nji ýyldaky №27-36g belgili Buýruk-Karary esasynda welaýatymyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym» atly welaýat jemleýji tapgyry guramaçylykly geçirildi. Bäsleşikde I-nji orna-Türkmenabat şäheriniň Baş kitaphanaçysy Jennet Rozyýewa; II-nji orna–Çärjew etrabynyň Farap şäherçe kitaphanasynyň II derejeli kitaphanaçysy Saýara Röwşenowa; III-nji orna–Saýat etrabynyň Garabekewül şäher kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy Maýsa Amanowa mynasyp boldylar. I-II orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň Döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/binalar/2k.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/binalar/3k.jpg)

No image
KITAP-GELJEGI, GEÇMIŞI, ŞU GÜNI BAGLAÝAN KÖPRI

Kitaphanalar

07.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Biblografiýa bölümleri bilen bilelikde, «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Kitap-geljegi, geçmişi, şu güni baglaýan köpri» ady bilen kitaphana syny geçirildi. Ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary üçin uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby «Ýaşlar Watanyň daýançy» atky kitabynyň «Ýaşlar bilim ulgamynda» atly bölüminde ylym-bilim barada şeýle diýýär. Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys. Bilim ulgamynda öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris diýip belläp geçýär. Kitaphana synyň çäginde çagalaryň dünýä garaýyşlary artdyrmak maksady üçin ýörite sorag-jogaply bäsleşigi gurnaldy. Olary toparlara bölüp «Aý» we «Gün» toparlara bölüp, gyzykly, çekeleşikli bäsleşik gurnady. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Biblografiýa bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Kitaphana synyny geçirip, ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi. «Türkmen-sporty» teleýaýlymy arkaly ýazgy edildi. Çäräniň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÄZE GELEN KITAPLARA KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

07.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Täze gelen kitaplara kitaphana syny geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme täze gelen we awtoryň öz gollary bilen sowgat berlen kitaplary okyjy köpçüligine tanyşdyrmak maksady bilen kitaphana syny geçirildi we bölümiň okalga zalynda kitap sergi hem gurnaldy. Seýrek neşirler bölümine täze gelen ajaýyp kitaplar gaznamyzy has –da baýlaşdyrdy. Kitaphana synynda täze gelen kitaplaryň her biri bilen aýratyn tanyşdyryp okyjy köpçüligine ýetirildi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
GÖKDERE DOSTLUGYŇ HEM ŞATLYGYŇ MEKANY

Täzelikler

07.08.2025

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, dostlugyň hem şatlygyň mekany gözel Gökderedäki «Nebitçi» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, şahyr Osmanberdi Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalar hakynda edilýän aladalar, olaryň döwrebap şertlerde okap, dynç almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada täsirli söhbet etdiler. Ene-atalara hormat goýup, olar bilen yzygiderli pikir alşyp, her bir işi maslahatlaşyp ýerine ýetirmek perzent üçin ýagşy ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Ýaş nesillerde ata-enä, eziz Watana bolan belent söýgüni ýokary derejede ösdürmek, watansöýüji nesilleri ýetişdirmekde möhüm orun eýeleýär. Ata-eneleriň durmuş babatdaky pikirleri, maslahatlary has-da gymmatlydyr. Gymmatly hem peýdaly maslahatlary olar geçen durmuş ýollaryndan susup alýarlar. Durmuş bolsa tejribäňi artdyryp kämilleşdirýär. Ata-eneleriň edep-ekrama ýugrulan öwüt-ündewleri, ýagşy görüm-göreldesi uly terbiýe mekdebi-diýip, ýazyjy-şahyrlar çykyşlarynda giňişleýin nygtadylar. Döredijilik duşuşygynda ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlaryny, okap beren goşgularyny çagalar höwesli diňlediler. Türkmen halk ertekileriniň many-mazmunyny açyp görkezýän täsirli gürrüňler çagalarda has-da uly gyzyklanma döretdi. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň ajaýyp dabaralara beslenip giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar, bagtyýar halkymyzy eşretli döwürde ýaşadýan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren, çagalaryň aýdyň geljegi hakynda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NEPALYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

07.08.2025

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň derwaýys meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Nepalyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik we çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, bu forumyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde ýaşaýan halklaryň ýagty geljegi ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähmiýetini belledi hem-de onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň bu ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen, şol sanda Aziýa döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady we ýurdumyzyň Nepal bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak boýunça iki ýurduň hem giň mümkinçilikleri bar. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, sungat we döredijilik ugrundaky hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň hem möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Nepal bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça netijeli teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALI RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

07.08.2025

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçirilýän bu giň möçberli halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Mali Respublikasynyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, halkara jemgyýetçiligiň umumy bähbitlerine laýyk gelýän bu maslahatyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de oňa gatnaşmagynyň öz ýurdy üçin durnukly ösüş ulgamynda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz daşary syýasatynda ähli ýurtlar, şol sanda Afrika döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mali Respublikasy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz üçin Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barha artýar. Türkmenistan bilen Mali Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi oba hojalygynda innowasiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, şeýle hem bilim we hünär taýdan taýýarlyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem söhbetdeşler ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, bilim, saglygy goraýyş we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikdäki çäreleri guramak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga özara bähbitlere laýyk gelýän gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

07.08.2025

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň we ýurdumyzyň bilelikde guramagynda geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi we onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna berk ynam bildirdi. Uganda Respublikasynyň Hökümetiniň ýolbaşçysy myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, ýokary derejedäki wekilçilikli forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň halkara derejede durnukly ösüşi üpjün etmäge we özara baglanyşygy berkitmäge ýurdumyzda aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydygyny belledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Afrika sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu babatda ýurdumyz Uganda Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, oba hojalyk, medeni-ynsanperwer, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine seretmäge taýýardyr. «Biz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini goldaýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ýeten derejesi, energetika, gaz himiýa we beýleki senagat ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Ugandanyň anyk teklipleri bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Robina Nabbanja şu günki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat döretjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAMBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

07.08.2025

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Muhammed Jallow bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de giň möçberli çäräniň bu döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigini belledi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýetini belledi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlar bilen, şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Gambiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz myhmanyň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady gazananlary bilen tanyşjakdygyny hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri bilen duşuşjakdygyny belläp, bu saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, iki halkyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek, sungat we döredijilik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmek hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gambiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi. Gambiýanyň wise-prezidenti medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada belläp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Özara hormat goýmak we açyklyk häsiýetinde geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Muhammed Jallow ählumumy başlangyçlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALAWI RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

07.08.2025

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizuik Usi bilen duşuşdy. Wise-prezident Maýkl Bizuik Usi mähirli kabul edilendigi hem-de halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, durnukly ösüş ulgamynda bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamaga we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malawiniň Prezidenti Lazarus Çakweranyň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Malawiniň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän bu maslahatyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek üçin möhüm esas boljakdygyna berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dürli ýurtlar, şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, ýurdumyzyň Malawi Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny aýtdy. Söhbetdeşler iki ýurduň halkara giňişlikde abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegini goldaýandyklaryny bellediler we şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklarda möhüm tapgyr boljakdygyna, onuň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň we Türkmenistan bilen tanyşlygyň bolsa özara hyzmatdaşlygy anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem taraplar häzirki wagtda energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Netijeli geçen duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizuik Usi iki ýurduň hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAN-TOME WE PRINSIPI DEMOKRATIK RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

07.08.2025

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de şu saparyň üstünliklere beslenip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik hem-de çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän halkara maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşi we ählumumy ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy babatda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Bu babatda Türkmenistan Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. «Biz diňe ikitaraplaýyn däl-de, eýsem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy goldaýarys. Siziň ýurduňyzyň geografik taýdan ýerleşişi (ada) we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen baglylykda, bu ugurda anyk işler durmuşa geçirilip bilner» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Prezident Karluş Manuel Wila-Nowanyň saparynyň dowamynda San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty, önümçilik we eksport mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşjakdygyny belläp, geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça anyk teklipler bolan ýagdaýynda, ýurdumyzyň olary goldamaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa şu günki gepleşikleriňiki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň berk binýadyny döretjekdigine, şeýle hem ählumumy başlangyçlaryň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.