logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ DAÝANJY

Kitaphanalar

03.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýasatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk–parahatçylygyň daýanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler asyrlar boýy berkarar döwleti arzuwlap gelen türkmen halkynyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna uly taýýarlykly barýandygy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän parahatçylyk başlangyçlary netijesinde, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki orny barha beýgelip, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanyp, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant-goşýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN–PARAHATLYK MEKANY, BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Kitaphanalar

03.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan–Parahatlyk mekany, Bitaraplyk–baky bagtyň mukamy» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden bellenilmegi bolsa, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki döwürde hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülip halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň esasynda umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň öňe sürülýändigi bagtyýar ildeşlerimiziň kalbyny buýsanja besleýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
PARAHATLYK HEMRA HER BIR YNSANA, YNAM BILEN GELJEGIMIZ NURANA

Kitaphanalar

03.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Parahatlyk hemra her bir ynsana, ynam bilen geljegimiz nurana” atly söhbetdeşligi ýazgy etdi. Türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan gaýdýan döwletlilik ýörelgesi bar. Ol ýörelge parahatlykdan, ynsanperwerlikden, dost-doganlykdan, ygrarlylykdan gözbaş alýar. Dünýäde üç gezek hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan Watanymyz döwletlilik ýörelgesine wepaly bolmak bilen, ýurdumyzyň at-abraýyny Arşa göterdi. Eziz diýarymyz dünýäniň ähli ýurtlaryna, şol sanda goňşy döwletlere doganlyk goluny uzatmakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm işleri alyp barýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar parahatçylyk ýoluny saýlap, ynamyň we döredijiligiň esasynda döwletimiziň beýik geljegini gurýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MARY WELAÝATYNA IŞ SAPARY

Täzelikler

03.12.2025

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda toplumy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça milli ykdysadyýeti, şol sanda oba hojalyk toplumynyň pudaklaryny özgertmek bilen baglanyşykly giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi netijeli zähmet çekmäge, sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem oba hojalyk pudagynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew häzirki wagtda Ylmy-barlag däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önüm öndürijileriň, daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň oňyn netije bermegine, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, pudaga täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşar. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bu işde döwrebap tehnikalar, täze tehnologiýalar giňden peýdalanylýar. Şeýle-de häzirki wagtda seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary hasyl berýän sortlary döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
BITARAPLYK-BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

02.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk-baky Berkararlygyň binýady» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi gadymy döwürlerden bäri dana hem merdana pederlerimiziň durmuşa, özbaşdaklyga bolan ynsanperwer garaýyşlaryndan gözbaş alyp gaýdýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu günki gün dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany saýylýan Türkmenistan Watanymyzyň Zemin içre abraýy, meşhurlygy has-da artýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÝOLUDYR

Kitaphanalar

02.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Bitaraplyk parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoludyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda mizemez gymmatlygymyz we durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzy ýagty geljege alyp barýandygyny, Bitaraplyk halkymyzyň asylly häsiýetleriniň, milli aýratynlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň, hoşniýetliliginiň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdigini we ol milletiň bütin ruhy, durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAP WATANYM-JENNET MEKANYM

Kitaphanalar

02.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi «Bitarap Watanym-jennet mekanym» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Bitarap Watanym-jennet mekanym» ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde ýerine ýetirilen beýik işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer we dost-doganlyk syýasaty hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan netijeleri okyjylarymyzyň arasynda wagyz etmeklikde alyp barýan işleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak ,beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK BAGTYMYZ

Konsertler

02.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda edýän atalyk aladalary çäksizdir. Ýakynda, Halkara Bitaraplygymyzyň şanly XXX ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk bagtymyz” atly Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhowyň talyplarynyň konserti geçirildi. Konsertiň başynda A.Babahanowyň “Hürrem”, Süleýman Aleskerowyň “Tans-tokkata” eserleri bilen III ýyl talyby Baýgeldiýew Baýgeldi çykyş etdi. Bu eserler tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy we elçarpyşmalara mynasyp boldy. Onuň yzysüre I.Tihonowyň, A.Şalowyň “Oba kadrili” eserini plektrli dutar saz guralynda hem-de meşhur kompozitor Süleýman Aleskerowyň “Şalaho” eserini bolsa primo plektrli dutarda III ýyl talyby Klyçýew Azat ýerine ýetirdi we gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy. Soňra dost-doganlyk eserleri bolan Rumyn halk tansy “Torgaý” we Hasan Rizaýewiň “Çargah rapsodiýasy” eserlerini IV talyby Saparjanow Muhammet ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bu çykyş tomaşaçylarda uly täsir we ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Belli daşary ýurt kompozitorlary bolan Astor Piazzollanyň “Libertango”, Uzeýir Gajibekowyň “Görogly” operasyndan “Tans” eserleri bilen IV talyby Muhammedowa Nartäç çykyş etdi. Bu täsirli çykyşlaryň yzysüre meşhur türkmen kompozitory Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Konsertino-Gazal” we Awstriýanyň meşhur kompozitory Wolfgang Amadeý Mosartyň “Serenada” eserlerini V talyby Öräýew Azat bas dutarda ýerine ýetirdi. Konsertiň jemleýji çykyşyny V ýyl talyby Supanow Babageldi meşhur eserleri bilen çykyş etdi. Ol Tofig Bakyhanowyň “Konsert” III bölümini hem-de Mustafo Bafoýewiň “Poema” eserlerini örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň kämil derejede ylymly-bilimli bolmagy, öz zehinimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin edýän atalyk aladalary üçin sagbolsunymyzy aýdýarys. _____________________ Osman Sapargeldiýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň V ýyl talyby

No image
BILDIRIŞ !

Teatr we kino dünýäsi

02.12.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki dekabr aýynyň 7-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda petekleri “online” görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95 / 36-10-34

No image
BAGTDAN PAÝLY EZIZ DIÝARYM

Kitaphanalar

02.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasy, S.Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty bilen bilelikde Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Bagtdan paýly eziz Diýarym» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlige institutyň mugallymlary, talyp ýaşlar we kitaphana işgäri gatnaşdylar. «Bitaraplyk belent maksatlara ruhlandyrýar» ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda esasan Bitaraplygy baýdak edinip ynamly öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada durulyp geçildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda welaýat, etrap, şäher kitaphanalarynda işleriň alynyp barylyşy barada uly we täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň barşynda şeýle ajaýyplyklaryň sakasynda duran ylyma-bilime, kitaphana ulgamynyň ösmegine uly ýardam berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdylyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.