Kitap aýdar geçeni, kitap ertäň açary
Kitaphanalar
07.08.2026Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Altyn damja” çagalar sagaldyş we çagalar dynç alyş merkezinde «Kitap aýdar geçeni, kitap ertäň açary» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilime giň ýol açylandygy, kitap-adamzat nesliniň irki taryhy çeşmelerinden başlap häzirki döwrüň maglumatlaryny özünde jemleýän düýpsüz bir hazynadygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halky kitaba, söze, paýhasa uly sarpa goýýandygy, okamak ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýägaraýşynyň giňemegine ýardam edýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.