logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Arkadag şäheri bagtly döwrüň nyşany

Muzeýler

03.08.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag şäheri bagtly döwrüň nyşany» atly maslahat we sergi geçirildi. Maslahatda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri Mekan Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramaçysy Ahmet Rejepow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni Mämmedali Orazaliew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň birleşmesiniň Arkadag şäherini komitetiniň partiýa guramaçysy Bägül Kulamanowa çykyş etdiler. Arkadag şäheri milli binagärligiň ajaýyp nusgasy bolup, öňdebaryjy dünýä tejribesini we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Munuň şeýledigine Arkadag şäheriniň halkara derejesinde ykrarnama eýe bolmagy hem şaýatlyk edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşyk ulgamynda öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň hem-de durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň aýdyň netijesidir. Arkadag şäheriniň ýerleşen ýeriniň tebigy gözelligini saklap galmak maksady bilen, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak arkaly «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin bagy-bossanlyga bürenen, milli ruhda bezelen seýilgäh toplumlary döredildi. Şäheriň belent binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary, belent desgalary, gözel seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirligini hem-de jebisligini, ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepalylygyny, röwşen geljege tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda edýän aladalarynyň aýdyň netijesidir. Arkadag şäheri ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher bolmak bilen birlikde, ol ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň hem aýdyň dabaralanmasydyr Maslahata gatnaşan myhmanlar Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden şeýle hem sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumyadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi.

No image
Akyl hazynasy

Kitaphanalar

03.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Akyl hazynasy» atly kitapdan sesli okaýyş geçirildi. Çärede halkymyzyň asyrlar boýy özüniň milli däp-dessurlaryny saklap gelip, şonuň netijesinde ýaş nesilleri terbiýelemekde hem şol millilikden ugur alyp, olaryň aňyna ornaşdyrmak üçin halk döredijiliginiň ýagny, ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de «Akyl hazynasy» atly kitapda türkmen halk döredijiliginiň şahyrana žanrlary bolan matallar, sanawaçlar, ýaňyltmaçlary öz içine alyp, nesil terbiýesine gönükdirilen söz sungatyň täji bolup durýandygy hakynda aýtdylar. Çäräniň ahyrynda halkymyza eşretli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Syýahatçylyk gezelenji guraldy

Syýahatçylyk

03.08.2026

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda, şu ýylyň 31-nji iýulynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Seýit Jemaleddin orta asyr binagärlik toplumyna, Köne Nusaý galasyna içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy. Syýahatçylyk gezelenjine «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet müdirliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy hem-de ähmiýeti barada örän täsirli gürrüňleri berdiler.

No image
Kitap - adamzadyň köňül nagşydyr

Kitaphanalar

03.08.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan golaýda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda “Kitap - adamzadyň köňül nagşydyr” atly ýaşlarda kitap okamaga söýgi döretmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Körpe kitap söýüjilere diňe mekdep möwsüminde dal, eýsem, dynç alyş günlerinde hem kitapdan üzňe bolmazlyk, çagalaryň kitap bilen dostlaşmagyny gazanmak kitaphanaçylaryň esasy wezipesidir. Çagalaryň durmuşynda kitap dükanlaryna baryp görmek, kitaplar bilen tanyşmak olaryň diňe bir sowatlylygyna däl-de psihologiýasyna, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine täsir edýär. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaba sarpa goýýan jemgyýeti kemala getirmeklikde durmuşa geçirýän asylly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Halk Maslahaty: Aýdyň maksatlar, möhüm wezipeler

Kitaphanalar

03.08.2026

Golaýda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzda uludan toýlanjak dabaralar mynasybetli, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti we öňde goýýan wezipeleri” atly maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler uly buýsanç bilen bellenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, il-günümizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Çagalary “Ekitap.gov.tm” saýtymyzyň sesli kitaplary bilen tanyşdyrmak

Kitaphanalar

31.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Kitaplary elektron görnüşine geçirmek” bölümi tarapyndan Aşgabat şäheriniň 45-nji çagalar bagynda “Çagalary “Ekitap.gov.tm” saýtymyzyň sesli kitaplary bilen tanyşdyrmak” atly söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphanaçylar körpelere türkmen halk ertekileri we ertekileriň baş gahrymanlary bilen tanyşlyk geçirdiler we çagalara ertekileri sesli görnüşinde ykjam telefonuň üsti bilen diňletdiler. Sesli audio kitaplar heniz okap bilmeýän körpelerde dil baýlygyny ösdürýär, olaryň ünsüni jemleýär we ertekileri diňläp öwrenmegine ýardam edýär. Sesli eserleri diňlemek çagalaryň sözleýşini, akyl ýetiriş ukybyny we ruhy taýdan terbiýelenmegini gowulandyrýar. Göçme kitap sergisinde ýerleşdirilen çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler bolsa körpelerde okamaga we diňlemäge uly gyzyklanma döretdi. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

No image
Paýhas hazynasy

Kitaphanalar

31.07.2026

Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Arkadag teleýaýlymynyň taýýarlamagynda «Paýhas hazynasy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eseriniň ähmiýeti, ata-babalarymyzdan şu günümize gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzyň gymmatyny nesillerimize ýetirmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň bagtyýar geljegi üçin edilýän işler barada giňişleýin söhbet edildi.

No image
Täsirli söhbetdeşlik

Kitaphanalar

31.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri «Altyn asyr:Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakynda teleýazgy etdiler. Hünärmenler çykyşlarynda: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda her bir günümiziň täze ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenip gelýändigini nygtamak bilen, ýurdumyzda uludan toýlanjak dabaralar mynasybetli geçiriljek çäreler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän uly taýýarlyklar hakynda söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy bilen gutladylar.

No image
El hünäri-il gezer

Kitaphanalar

31.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlar bölümi tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän 83-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda “El hünäri-il gezer” atly söhbetdeşlik we göçme kitap sergisi gurnaldy. Kitaphana işgärleri körpe gyzlara milliligimiz bolan el keşdeleriniň her biriniň aňladýan manysyny, nagyşly joraplaryň dokalyşyny, şeýle-de älemgoşar reňkli sapaklaryň reňkleriniň boýalyş aýratynlyklaryny birnäçe rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdiler. Mundan başga-da, kitaphanaçylar körpelere ertekili kitaplary köp okamaklygyň ähmiýetini düşündirip, ertekileriň gahrymanlarynyň batyrgaýlyk, edermenlik, bir sözlülik ýaly gowy häsiýetlerini özlerine siňdirýändikleri hakynda gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda körpeleri sergilenen neşirler bilen tanyş etdiler hem-de birnäçe türkmen halk ertekilerini okap berdiler.

No image
Çagalary ertekileriň gahrymanlary bilen tanyşdyrmak

Kitaphanalar

30.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 12-nji çagalar bagynda “Çagalary ertekileriň gahrymanlary bilen tanyşdyrmak” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Göçme kitap sergisinde çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler, matallar we tapmaçalar ýerleşdirildi. Çagalara birnäçe ertekileri okap berip, gahrymanlary bilen tanyşdyrdylar. Körpelerde birnäçe gahrymanlar bilen tanyş bolmak, türkmen halk ertekilerini okamaga we diňlemäge uly gyzyklanma döretdi. Ösüp gelýän ýaş nesliň dünýägaraýşyny artdyryp biljek we özbaşdak pikirlenip bilmek endigini kämilleşdirmek üçin gowy görýän ertekileri hakynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de çagalaryň zähmete bolan ukybyny artdyrmaklyk üçin birnäçe bäsleşikler geçirildi, ertekileriň gahrymanlary boýunça suratlar çekildi. Kitaphana işgärleri bilim ulgamyny ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.