logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Garaşsyzlyk bagtymyzyň senasy

Kitaphanalar

07.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmeginde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebinde “Garaşsyzlyk bagtymyzyň senasy” atly duşuşyk geçirdi. Garaşsyzlyk ata-Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyz. Dünýä bileleşigi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýýar we öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Ine, şular dogrusynda kitaphana hünärmeni ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar goşa ganatymyz bolan Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy

Kitaphanalar

07.05.2026

! Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!” ady bilen Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara geçirdiler. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toý-dabara baý Diýarymyzyň ähli ýerlerinde Ýeňiş güni mynasybetli çäreleriň, dabaralaryň, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda gahrymanlary ýatlap, gül goýmak dabarasynyň hem geçirilýändigini bellediler. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň arzyly Ýeňşi golaýlaşdyrmak üçin tylda zähmet çekendiklerini buýsanç bilen ýatladylar. Döredijilik bilen meşgullanýan kitaphanaçylar Beýik Ýeňiş baýramy we gerçeklerimizi ýatlap ýazan ajaýyp şygyrlaryndan okap berdiler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Gaýduwsyzlygyň beýik mekdebi” atly kitap sergisi hem gurnaldy.Watanymyzy goran gahrymanlary hoşallyk duýgusy bilen ýatlamak, olaryň şan-şöhratyna beslenen durmuş ýoluna hormat-sarpa goýmak halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Şeýle ajaýyp ýörelgelerimizi dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

No image
Döwürleriň röwşen ösüşlerine şamçyrag sen – Magtymguly Pyragy

Kitaphanalar

07.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Döwürleriň röwşen ösüşlerine şamçyrag sen – Magtymguly Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman, eýsem, ýer ýüzüniň ähli halklarynyň şahyrydyr. Şahyryň ýazan ähli goşgulary bütin adamzat dünýäsi üçin örän täsir galdyrýar. Dana şahyryň goşgulary köptaraplylygy hem-de çeperçiligi bilen baýdyr. Şahyryň öwüt-nesihat, edep-terbiýe barada ýazan goşgulary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ähmiýeti diýseň uludyr. Şular dogrusynda kitaphanaçylar söhbetlerini dowam etdirip, Magtymguly Pyragynyň watançylyk temasynda ýazylan goşgularyndan labyzly okadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Mertler Watany beýgeldýär

Kitaphanalar

07.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Watan mukaddesligi” muzeýinde gezelençde boldylar we “Mertler Watany beýgeldýär” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazdylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar uludan toýlanýar. Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly, mukaddes baýramlaryň biridir. Ata-babalarymyzyň, gerçeklerimiziň söweşde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň nusgalyk edermenligi häzirki döwürde ýaş nesillerimizi watançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Asuda asmanyň astynda, parahat ýurdumyzda ýaşap, halal zähmet çekmegimiz üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

No image
Gahrymanlaryň belent sarpasy

Kitaphanalar

07.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli «Gahrymanlaryň belent sarpasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygynyň şan-şöhrata beslenip uly dabara bilen bellenilip geçilýändigi, ata-babalarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy hakyky mertligiň nusgalyk mekdebi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen gerçekleri edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýaş nesillerimiz üçin görelde mekdebi bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyza bagtyýar, asuda ýaşaýşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir

Muzeýler

06.05.2026

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ähli ösüşler babatda bedew bady bilen öňe barýan gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygy mynasybetli ulydan toýlar tutulýar. Dünýäde näçe millet bar bolsa olaryň her biri öz milli baýdagy bilen tapawutlanýar we tanalýar. Türkmen baýdagy bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň hem-de Hemişelik baky Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygymyzyň nyşanydyr. Başymyzyň täjine, gözümiziň görejine deňelýän ýaşyl Baýdagymyz bu gün bagtyýar zamanamyzyň ýaraşygy bolan köşgi-eýwanlaryň, ajaýyp mermer binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň depesinde, gün bilen bäsleşip pasyrdaýar. Tug-halkymyz üçin baky mukaddeslikdir. Tutuş dünýä ýüzünde ýurdumyz özüniň ýaşyl baýdagy bilen tanalýar. Garaşsyzlygymyzyň bakylygynyň, bitewiliginiň, sarsmazlygynyň buşlukçysydyr. Halkymyz tuguna sežde etmegi özüne mertebe bilýär. Häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzyň tugy dünýäniň çar künjünde buýsançly parlap, türkmeniň at owazasyny äleme ýaýýar. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň, baştutanlygynda agzybirlikde, jebislikde döwletimiziň Konstitusiýasynda kepillendirilen hukuk düzgünleri esasynda öz ýaşaýyş–durmuşyny, zähmetini amal etmek bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine goşant goşýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynyň taryhy ähmiýetini häsiýetlendirmek bilen, Aşgabat şäherinde 2011–nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýa Binasy açyldy. Türkmenistanda her ýylyň 18-nji maýynda Döwlet baýdagynyň we Konstitusiýanyň güni bilelikde dabaraly bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk halkyň öz mukaddesligine bolan uly hormatyny aňladýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurduň Esasy Kanunydyr. Ol döwletiň gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de borçlaryny kesgitleýän iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan resminamadyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edildi. Munuň özi berkarar Watanymyzyň döwlet nyşanlaryna bolan belent sarpadan gözbaş alýar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, 1992-nji ýylda ,,Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda’’ Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kabul etdi. Şondan bäri ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýy Döwlet baýdagynyň we Konstitusiýanyň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at - myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir” atly wagtlaýyn serginiň açylyşy we maslahat duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen duşuşykda çykyş edenler ýaşaýşyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren, asuda asmanda pasyrdap, rowaç ýollarymyza şugla saçýan ýaşyl tugumyz halkymyzyň arzuw-islegini, göwün maksadyny, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesini äleme buşlaýan beýik mukaddesliklerimiziň biridigini, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarymaý şekillendirilen, täzelenilişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda eziz Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygy barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Özünde halkyň gadymy sungatyny we milli gymmatlyklaryny jemleýän baýdagymyz dünýädäki iň çylşyrymly we çeper bezegli baýdaklaryň biri hasaplanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň berk binýadyny emele getirýän goşa mukaddesligiň – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni gutly bolsun! Goý, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Ogulgerek AGAJANOWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
«Hakyda ýazylan ýatlamalar» atly sergi

Muzeýler

06.05.2026

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, abadançylygyň, parahatçylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyz, merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen, ähli ugurlarda üstünliklere beslenýär. Adamzat nesliniň bagtyýar, parahat durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mähriban Watanymyzyň ösüşlere beslenmegi üçin söweşen edermen ýigitlerimiziň söweş meýdanlarynda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, nusgalyk edermenligine biz bu gün çäksiz hormat goýýarys. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmen ýigitleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, Ýer ýüzünde ynsanyň asuda asmanda, parahat durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna Watan goragyna gitdiler hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Biziň pederlerimiziň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň mekdebidir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/muzey1.jpg) 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Hakyda ýazylan ýatlamalar» atly sergi gurnaldy. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Dabaranyň dowamynda Hormatly il ýaşulusy Orazguly Karataýew şol gazaply uruş ýyllarynda tylda halkymyzyň çeken ýadawsyz zähmeti, türkmen ýigitleriniň watansöýüjiligi, gaýduwsyzlygy, görkezen gahrymançylygy barada täsirli gürrüňleri berdi. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow çykyşynda suratkeşleriň döredijiliginde batyr, edermen Watan ogullarynyň çeper keşbiniň beýan edilişi barada gürrüň berse, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewiň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň uly leýtenanty Aýhan Durdykylyjowyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, kapitan Myrat Sapargulyýewiň taryhda halkymyzyň dartgynly meseleleri parahatçylykly çözmegiň ýollaryny tapandygy baradaky beren gürrüňleri örän täsirli boldy.

No image
«Goşa mukaddesligiň baýramy» atly sergi

Muzeýler

06.05.2026

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Goşa mukaddesligiň baýramy» ady bilen geçiriljek sergimize tomaşa etmäge çagyrýarys. Sergimiz sagat 11:00-da açylýar. Biziň salgymyz: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 92-71-69

No image
Bedew şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan

Kitaphanalar

06.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bedew şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. şGürrüňdeşlikde çykyş edenler her bir halkyň milli gymmatlygyna öwrülen milli mirasy bolup, türkmen halkynda ata-babalardan gelýän ajaýyp jümle bar “At agynan ýerde toý bolar” diýip ahalteke, behişdi bedewleriniň toý-baýramlarda ähli döwürlerde-de ýaraşyk berip gelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyz behişdi bedewlere egsilmez söýgüni mydama kalbynyň töründe saklap, at döwletliligiň, abadançylygyň nyşany hasaplanylýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmeniň behişdi bedewleriniň abraý-mertebesini belende götermekde, atçylyk toplumyny ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bakydyr dünýäde Ýeňiş baýramy

Kitaphanalar

06.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli “Bakydyr dünýäde Ýeňiş baýramy” ady bilen çäre geçirdi. Çykyş eden kitaphana hünärmenleri ata Watanymyzyň asudalygy, parahatçylygy ugrunda göreşen gerçeklerimiziň, mert ýigitlerimiziň edermenligi, yzynda ojagynyň oduny öçürmän garaşan käbelerimiz barada täsirli çykyş etdiler. Bu çäre türkmen halkynyň taryhyny hem-de geçmişimizi çuňňur öwrenmeklikde, esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ýardam berýär. Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.