logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Garaşsyzlyk maksat-myradym bilen, öňe barýar bedew batly Watanym!

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk maksat-myradym bilen,öňe barýar bedew batly Watanym!» ady bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly üstünliklere beslenip, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigi, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, bedew atlar türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýändigi, döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini bilen beýan etdiler.

No image
Türkmeniň buýsanjy bedew

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçysynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň buýsanjy bedew» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlekde çykyş edenler eziz Diýarymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegi bolup, türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýynyň ýokdugy, çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz bolup, ata-babalarymyz ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan sarpa – söýgüsini nakyldyr, aýtgylarynda hem öwüşgin bilen beýan edendikleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ajaýyp döwrümiziň buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlermiziň adyny arşa göteren, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, eşretli durmuşda ýaşadýan, halkymyza döwletli döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Nusgawy edebiýatymyzda bedewleriň waspy

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Nusgawy edebiýatymyzda bedewleriň waspy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede pähimdar pederlerimiz ahalteke bedewlerini kemala getirmekde seýisçilik sungatyny kämil derejä ýetirip ýyndam, owadan bedewleri ýetişdirendikleri, ahalteke bedewleriniň waspyny halk döredijilik eserlerinde, nusgawy edebiýatymyzda uly orun alyp, şahyrlar şygyrlarynyň üsti bilen taryplandyklary barada çykyş etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri barada ýazan gymmatly kitaplarynda we beýleki eserlerinde , goşgularynda hem bedewler hakyndaky waspnamalaryny görmek bolýandygy barada aýratyn belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmeniň göz guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Maşgala mukaddesligi – terbiýe gözbaşy

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi – terbiýe gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz diýarymyzda maşgala mukaddesligine goýulýan hormat sarpanyň bimöçberdigini, edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgaladan başlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, çaga asylly terbiýe bermekde esasy şertleriň biri-de maşgaladaky agzybirlik bolup, özara ylalaşyk bar ýerinde birek-birege hormat sarpa goýulsa, kiçiler söýülse, çaga edep-terbiýeli bolup ýetişýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlary edep-terbiýeli we giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Edep – terbiýe ynsan durmuşynyň bezegi

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Edep – terbiýe ynsan durmuşynyň bezegi” ady bilen “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ata-eneler öz durmuş mekdebinden alan terbiýesini, ata-babalarymyzdan miras galan milli häsiýetleri çagalaryň kalbyna guýup, olarda gowy häsiýetleri terbiýelemekde we ösdürmekde görelde görkezmegi başarmalydygy, “Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini” diýip aýdylyşy ýaly, terbiýe meselesinde enäniň hyzmatynyň has-da uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, ata-babalarymyzyň çaga eziz, edebi ondanam eziz diýmek bilen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, batyrlyk, halallyk, ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbynda ol heniz sallançakdaka guýup başlanýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ahalteke bedewi täze taryhy döwrümiziň ganatyna öwrülip, ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň waspyny bütindünýä wagyz etmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda täze döwrümiziň zynaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SAZANDA

Täzelikler

21.04.2026

#### (Hekaýa) Aşyr seýsiň soňky günler keýpi ýokdy. Ol ir säher bilen oýandygy athana gidýärdi. Atlara ot-iým berýärdi. Ene bedew Alagöze aýratyn mähir berip, daşyndan aýrylyp bilenokdy. Alagözem Aşyr agany görse başyny silkip horkuldaberýärdi, oňa gysmyljyraýardy. Aşyr seýis içini gepledýärdi: «Bäh, Alagözüň gulanlamaly wagty bolsa-da, taýçanagy dünýä getirip bilmän kösenýär-aý walla. Ýa, şu gün at lukmanyny çagyraýsammykam?! Ol atyň ýalyny barmaklary bilen darap durşuna: «Hany, şu günem bir garaşyp göreýin... bolýamy Alagazüm!» - diýip, atyň bedredäki suwuny täzeledi. Alagözem seýis bilen gürleşýän ýaly, ot iýmesini goýup, başyny silkdi. Ýöne onuň gözlerinden ýuwaşjadan ýaş syrykdy. Seýis atyň gözýaşlaryny süpürdi, hemem bedewe ýüzlenip şeýle diýdi: «Hany, hany mert bol, ynha, enaýyja taýçanagyňa gözüň düşer welin, çeken ähli jebirleriňi unudarsyň». Aşyr seýis Alagöze hoşamaýlyk bildirensoň, beýleki atlary otluk meýdana sürdi. Gün gyzyp, wagt günorta golaýlan-da, obanyň çetinden atlaryň dükürdisi eşidildi. Atlar otdan mesaňa doýup gelýärdi. Olaryň aýak sesleri, özboluşly owaz bolup, obanyň çetini ýaňlandyrýardy. Seýis atlary öňüne salyp gelşine: «Hany, öz ýatagyna bar» - diýip gygyrýardy. Bibi ene Aşyr seýsiň geler wagtyna gök çaýy demläp, basyryp goýupdy. Gyzgynjyk mele-myssyk çöregi ýüň saçaga dolap, peýwendi tuduň kölegisine oturdylan sekiniň üstüne getirdi. Ýumşak körpeçe atdy. Bi çetine ýassyk atdy. Ýöne bu gün seýis wagty bilen athanadan gelmedi. Ol şol wagt Alagözüň ot-iýmini çalşyp, baýtala hyzmat edýärdi. Seýis tamyň üstünden bir gulaç ýumşak saman düşürip, Alagözüň ýatagyna düşedi. Şol barmana-da: «Öýlänem gaýrat et, garaşaly Alagözüm, eger şu gün öýlän taýçanak dünýä gelmese, onda, ertir lukmanyň kömegini alarys...»-diýip, atdan ötünç soraýan ýaly oňa mähirli ýüzlendi... Seýis saçak başyna geçen-de, radioda «Günorta çaý başyndaky konsert» başlapdy. Dutaryň şirin owazy kalbyňy heýjana salýardy. Saçak başynda Aşyr aga, Bibi ene bilen gümür-ýamyr edip, nahar-tagamlardan garmak-gurmak edensoň, ýadawlygy aýyrýan gök çaýyň lezzetini duýup başlady. Ol saz diňläp, çaý içip otyrka maňlaýyna der örýärdi. Arasynda akja ýaglygy bilen derini süpürip «Berekella, sazandam, elleriňe güller bitsin, ussadym» diýýärdi. Ynha, konserti alyp baryjy: «Indi bolsa, Mylly Täçmyradowyň çalmagynda «Humarala» sazyny eşitdirýäris» diýen-de, Aşyr seýis ardynjyrady hem aýbogdaşyny gurap, edil ussadyň ýanynda oturan ýaly ykjamlandy. Ol saz başlandan bar ünsüni radiodan çykýan ýakymly owaza duwlanyp, dutar bilen bir gulaga öwrülipdi. Mylla aganyň sazy paýawlaberende, birden athanadan Alagözüň çasly kişňeýän sesi ýaňlanyp başlady. Bu sese seýis tisgindi. Edil ýaş oglan ýaly ýeňil gopdy hem-de Bibi enä ýüzlenip: «Keýwany, hany, toý palawyňy ataryber, Alagöz-ä buşluk habaryny getirdi öýdýän» - diýip athana ýöneldi. Şol pursat okuwlaryny tamamlap gelen, Atajan gapydan ätledi. Geliş ugruna ejesini gujaklap ogşady, hemem: «Eje, bu gün birje buzgaýmak alyp berseň-ä kem bolmaz, bäş sany bäşligi gündeligime gonduryp gaýdandyryn akja mekdepden» - diýip ýylgyrdy. Bibi eje-de ogluny gutlap söýgüledi: «Janyň sag bolsun, oglum, iýjegiň buzgaýmak bolsun, günde şeýdip bäşlik getirseň, bizem begendirersiň, mugallymlaryňam»-diýip, onuň başyny sypady. Şol wagt Aşyr seýsiň buýsançly sesi eşidildi: «Buşluk, keýwany, buşluk, Alagaözüm gulanlady, hany, gelinleri çagyr, pişme bişirip, goňşy-golama paýlaň-da... Bu şatlykly habary eşiden Atajan kakasyna tarap ylgady: «Kaka, kaka, taýçanagy gowjamy, akyllyjamy, maňa beräý-de taýjagazy» - diýip kakasyna özelendi. Aşyr aga: «Bar seniňki bolsun ogul, at arkasy mübärek, nesip etsin, goç oglum, nesip bolsa seýisläp ak gaşly eýerem arkalabererin!»-diýip, Atajany gujaklady. Atajan athana bardy. Taýçanak kakasynyň diýşinden hem gowja ekeni. Reňkem gyzgylt-mele eken kaka owadanjadygyny... Aşyr aga: Hä, oglum, tüýs seýsiň gowy görýän reňkidir, oňa dor reňkli diýýerler ogul-diýip, oglumyň sözüni makullady. Atajan ýataga girip, taýyň boýnuny gujaklady, soňra sypalady, söýgüledi... Soňra Alagöze bede taýýarlap oturan kakasynyň ýanyna howlukdy. Kakasyna ýüzlendi: «Kaka taýa näme at dakarys?». Seýis, oglunyň gözlerini güldürip beren bu sowalyna ýylgyrdy. Oglunyň başyny sypap şeýle diýdi: «Oglum, biler bolsaň, şu gün bir täsin wakanyň şaýady bolduk. Alagöz birnäçe günden bäri gulanlap bilmän kösenip gelýärdi. Ýöne şu gün radioda Mylly aganyň «Humaralasy» ýaňlanan-da, Biribaryň gudraty bilen taýçanak Alagözi kösemänjik dünýä geläýdi. Şonuň üçin, gel, taýyň adyna Mylla aganyň çalan sazynyň, saz bilen dünýä gelmeginiň hormatyna Sazanda goýaly, bolýamy oglum»?! Atajan: «Bolýar kaka»-diýip, ýene-de taýçanagyň ýanyna ylgady, onuň boýnuny gujaklap sypalady: «Sazanda» sen adyňa gör nähili mynasyp taýçanagym. Asyl sen saz bolup gelipsiň-ä bu gözel dünýä, toýlarda ýeňiş gazan!»-bolýamy?! Günler-aýlar tirkeşip geçdi. Sazanda aýratyn üns berlip seýislendi. Atajan her gün günorta çagy radioda berilýän halk sazlarynyň konsertini diňlemäge höwesekdi. Ol okuwdan gelen badyna radionyň nurbadyny towlardy. Konsert başlanda Sazandam diňlesin diýip onuň sesini ýaňlandyryp goýýardy. Sazanda hem dutaryň owazyna öwrenişipdi. Her gün saz ýaňlanyp ugrandan Atajanyň gelerine garaşyp, kişňäberýärdi. Aşyr aga, ogluna at münmegi öwretdi. Atajan on ýaşan güni Aşyr aga söz berşi ýaly Sazandany eýerläp, jylawyny ogluna tutdurdy. «Oglum, indi sen ullakanja, tüweleme. Indi sen Sazanda bilen aýlawlary baglap, ýeňiş getir, il-güni begendir goçum, at eýeri gutly bolsun»-diýip, ogluny ata mündirdi. Sazanda iki ýaşyny dolduransoň, aýlawa çykaryldy. Atyň çapyksuwary körpe Atajandy. Geçen döwrüň içinde seýis hem Atajan Sazandanyň saz diňlemegi gowy görýändigini, aýdym-sazyň sesi ýaňlanan-da, has çalt ylgaýandygyny synlap-synlap doýmadylar. Çapuw ýodasyna düşende saz çalnaýsa, Sazanda taý tapylmaýardy. Bu gezegem şeýle boljagy ikuçsuzdy. Ýöne şu günki ýaryş Sazanda üçinem, Atajan üçinem aýratyn jogapkärlidi. Sebäbi Sazanda ilkinji gezek uly ýaryşa gatnaşýardy. Ýaryşda bolsa, her kim ýeňiş gazanmak isleýär. Şoňa görä-de, çapuwyň çekeleşikli boljagy bellidi. Ýaryşyň toý bagy kesilen-de, Sazanda gaty bir gyssanmady. Ýöne şol pursat Mylly Täçmyradowyň «Humarala» sazy ýaňlanyp başlady welin, Sazanda birden okdurylyp ýanyndaky atlary ozup öňe saýlanyberdi. Atlar dört öwrümden soň göni ýoda düşdiler. At çapyşygyny alyp baryjynyň «Ynha, atlar göni ýola düşdiler. Ahalteke bedewi. Ol türkmeniň uçar ganaty, syrdaşy. Döwrüň ähli pursatlarynda-da türkmen halky oňa uly sarpa goýup geldi. Ony ezizläp, söýdiler. Bedewlere bagry badaşan türkmene ýelden ýüwrük atlary şohrat-şan getirdi. Ynsan ýaly duýgurlyk, tebigy gözellik ahalteke bedewiniň hemişelik hemdemi, ýene-de sanlyja sekuntdan atlar toýhana ýeterler. Häzirlikçe ýaryşyň öňüni dor bedew –Sazanda çekýär»-diýen sözleri aýlawyň şowhunyna bat goşýardy. Ynha-da, ýaryşyň iň aýgytly ýerine ýetildi. Toý märekesiniň joşgunly «berekellasy» uzaklara ýaň salýardy. Pellehana golaýlaşýardy. Şol pursat Atajan maýyny tapyp, yzyndaky atlara gözüň gyýtagy bilen seretdi. Görse, eýýäm Sazanda beýleki atlardan arany esli açan eken. Ynha-da, ýaryşyň toý pellehanasy. Ussat emin elindäki ak ýaglygyny ýokary galgap, Sazandanyň ýeňiji bolandygyny buşlady. Şol pursatlary synlap, tolgunyp duran Aşyr seýsiň gözleriniň owasy begenç gözýaşyna doldy. Ol ýeňiş gazanan ogluny hem-de Sazandany gezekli gezegine gujaklap ogşady. Olary gutlap: «Gör-le, türkmen topragynyň gudratyny. Bu gün diňe Sazanda ýeňiş gazanmady, bu toý gününde türkmeniň sazy bilen bir kakuwdan, bir perdeden gopýan milli atşynaslygy ýeňdi» - diýip telpegini göge zyňdy. Bu ýeňiş Sazandanyň ilkinji gazanan ýeňşi boldy... Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy

No image
BEDEW WASPLY TOMAŞALAR

Teatr we kino dünýäsi

21.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýurdumyzyň teatrlary we sirkleri döredijilik toý sowgatlary bilen geldiler. Bu baýramçylyk mynasybetli şanly ýylymyzyň 24-25-26-njy aprelinde ýurdumyzyň teatrlarynda täze sahnalaşdyrylan spektakllaryň ilkinji görkezilişiniň üç günlügi geçiriler. Sahna oýunlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýynyň dünýä doluşy, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ýyndam ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli ýörelgeleri, milli seýisçilik sungatynyň şöhratly ýollary mynasyp wasp edilýär. Sahna oýunlarynyň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde beýan edilýän maglumatlar hem-de gyzykly rowaýatlar giňden şöhlelendirilýär. Eserleriň aglabasynda türkmen topragynyň milli buýsanjy we şöhraty bolan ahalteke bedewi bilen baglanyşykly bolan rowaýatlar, bedew bilen sazlaşykly ömür sürýän adamlaryň durmuşy wasp edilýär. Şeýle hem, teatr artistleriniň çykyşlarynyň özenini umumadamzat gymmatlygy hökmünde, gadymy döwürlerde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly syýahatçylarda ahalteke bedewleriniň galdyran täsirleri, milli atçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini açyp görkezýän gyzykly sahnalar düzýär. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademik drama teatrynda ýaş režissýor M.Jumabaýewiň, Türkmenistanyň halk artisti G.Akmyradowa bilen bilelikde režissýorlyk etmeginde, B.Annanowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak at» atly sahna oýnunda milli seýisçilik sungatyna ömrüni baglan seýsiň tutanýerli zähmeti dabaralanýar. Sahnada gözelligi, ýyndamlygy bilen görenleri haýran galdyrmak derejesine ýetýänçä, bedewe köp we tutanýerli zähmetiň, bilimiň, söýginiň, zehiniň siňdirilýändigi beýan edilýär. Sahna oýnunda halkymyzyň iň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty, enäniň perzendine bolan söýgüsi, halklaryň arasyndaky dostluk, daşary ýurtlularyň türkmen bedewine bolan hormaty wasp edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry şanly baýramçylyk günleri aýdym-sazly, degişmeli, sahna eserini tomaşaçylara hödürlär. Teatrda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg G.Daňatarowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Atdyr ýigidiň myrady» atly sahna oýnunda dürli wakalaryň üsti bilen Görogly begiň, onuň kyrk ýigidiniň Diýarymyza, eziz halkymyza söýgüsi, gamyşgulak bedewlerimiziň ajaýyp häsiýetleri ýigitleriň şahandazlygy bilen utgaşýan wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Görogly beg Gyrat bilen Watan goragynda dürli külpetleri başdan geçirip, ençe-ençe synaglardan geçip, wysala gowuşýar. Dürli görnüşli gyzykly wakalara, aýdym-sazlara baý bolan bu sahna oýnunda Görogly begiň Gyrata bolan adatdan daşary söýgisi, milli mirasymyzyň täsin gudraty, jemgyýetimiziň nurana keşbi açylyp görkezilýär. Täze sahnalaşdyrylan sazly-drama oýnunda halk gahrymany, bagşy hem sazanda Göroglynyň söwer dosty Gyraty gaýtaryp getirmegi mynasybetli Çandybil ilinde uly toýuň tutulmagy bilen tamamlanýar. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry režissýor H.Berdiýewiň, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg N.Rejebowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Gyrat» atly sahna oýny bilen tomaşaçylary begendirer. Spektaklda Görogly şadessanynyň «Gyrat» şahasy esasynda sahnalaşdyrylan gyzykly, dartgynly wakalar beýan edilýär. Waka şadessandaky ýaly, Baly begiň köşgünden başlanýar. Baly beg Görogly soltanyň Gyratyny gola salmak üçin jadygöý kempiri Çardagly Çandybile ugradýar. Teatryň tutuş döredijilik toparynyň işjeň gatnaşýan bu köpçülikleýin spektaklynda boýdan-başa dartgynly hem gülküli wakalar janlanýar. Üstesine-de, oýunda baýdan-başa watançylyk, gahrymançylyk, millilik dabaralanýar. Wakalar merdana pederlerimiziň söweşjeň ruhuna çuňňur düşünmäge ýardam edýär. Sahna oýnunda halypa hem ýaş artistler dürli gahrymanlaryň keşplerini sahna çykaryp tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýarlar. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry ýaş režissýor B.Garajaýewiň döwürdeş dramaturgymyz W.Dawydowyň eseri esasynda sahnalaşdyran «Ýelden ýyndam» atly sahna oýny bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar. Sahnada sada oba adamlarynyň durmuşy bilen baglylykda türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty beýan edilýär. Bu sahna oýnunda çykyş edýän teatryň artistleriniň hersiniň biri-birine meňzemeýän häsiýetleri bar. Teatryň sahnasynda Kuwwatly atly bedewiň mysaly keşbi orta çykarylýar. Köpöwüşginliligi bilen tapawutlanan bu spektaklda bedewler hakyky gahrymanlar, ynsanyň bedewe söýgüsiniň belentligi, iň ajaýyp hem-de asylly ýörelgeleriň nyşany hökmünde suratlandyrylýar. Türkmen döwlet gurjak teatrynda M.Altaýewiň pýesasy esasynda ýaş režissýor B.Gurbanow tarapyndan sahnalaşdyrylan «Asmandan inen ykbal» atly sahna oýnunda ahalteke bedewleri, ýaşlaryň päkize söýgüsi bilen bagly gyzykly wakalar beýan edilýär. Bu sahna eseri Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseri esasynda ýazylandyr. Ahalteke bedewi owal-ahyr halk döredijilik, çeper edebiýat, şekillendiriş sungaty we saz eserleriniň baş gahrymany. Bedewler hal ruhunyň jygasy. Ol köpmüňýyllyk taryhly halkymyzyň ykbalynda dünýägaraýşynda, aň-düşünjesinde hemişe bar. Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseriniň bir bölümi «Asmandan inen ykbal» diýlip atlandyrylýar. Onda meşhur seýis Aba Annaýewiň durmuşynyň mysalynda türkmen atşynaslygynyň däpleri beýan edilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary haýran galdyryjy çykyşlary bilen bütin dünýäde şöhrat gazandy. Toparyň agzalarynyň durmuşyndan tolgundyryjy wakalar türkmenleriň öz behişdi bedewlerine beýik söýgi bilen garaýandygyny görkezýär. Türkmen bedewine bagyşlanan şu sahna eseriniň baş gahrymany Jennediň enesinden galan ýetim taýçanagyň ösüp-ulalyp kemala gelmegi ugrunda kän alada edişi, soňra bu behişti bedewiň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna goşulyp uly ýeňişleri gazanyşy janlandyrylýar. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Ş.Salyhowyň eseri esasynda ýaş režissýor M.Handurdyýew tarapyndan sahnalaşdyrylan «At sarpasy» atly sahna oýny Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eseri esasynda goýuldy. Sahna oýnunyň esasy ýordumy bedewdir. Bedew, Watan, ene toprak, döwlet, milletiň mertebesi ýaly mukaddeslikleri özünde jemleýän bu sahna eseriniň baş gahrymanlary belli taryhy şahslar – Soltan Söýün bilen onuň wepaly ýary Gülpamyň, soltanyň söwer dosty Myralynyň arasyndaky bolup geçýän wakalar sahnada gyzykly janlandyrylýar. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaş dramaturg A.Rejebowyň eseri esasynda režissýor S.Ataýew tarapyndan sahnalaşdyrylan «Argamaklar» atly sahna oýnunda Ahal sebitlerinde Keýmir serdar hem Arkajyň meşhur aty Meleguş barada bolup geçýän wakalaryň kem-kemden ösüp gidişi janlandyrylýar. Spektaklda çykyş edýän aktýorlaryň ynandyryjy hereketleri tomaşaçylary taryhy wakalaryň jümmüşine dolap alýar. Sahna oýnunda dürli taryhy döwrüň wakalary janlandyrylyp, olarda bu mukaddes toprakda ýaşan, döreden şahsyýetleriň döredijilik ykballary we olaryň manyly ömür ýoly barada söhbet açylýar. Şeýle hem, bu sahna oýnunda türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, batyr Keýmir serdaryň Meleguş atly bedewiniň waspy ýetirilýär. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda G.Kakabaýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Bedew rowaýaty» atly sahna oýnunda türkmen bedewiniň wepadarlygy dartgynly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Küştdepdiniň gaýtalanmajak öwüşginleri siňdirilen spektaklda öz gursagynda behişdi bedewleri ýetişdiren türkmen topragy, ahalteke bedewleriniň nepisligi we owadanlygy çeper wasp edilýär. Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda M.Çarymuhammedowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Seýis» atly sahna oýnunda halypa atşynasyň watanperwerlige ýugrulan belent duýgulary sahnada janlanýar. Eseriň täsirli wakalary tomaşaçylarda ruhubelentlik döredýär. Meşhur seýsiň bedewlere bolan söýgüsi hem-de onuň hyzmaty barada ýazylan bu eseriň sahnalaşdyrylmagynyň esasy maksady, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi geçmiş-taryhymyzda gujur-gaýraty, pähim-parasaty bilen öçmejek yz galdyran taryhy şahsyýetlerimiziň nurana keşpleri, bitiren bimöçber işleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Sahnada ahalteke bedewleriniň arassalygyny saklamakda, täze nesil uruglaryny döretmekde nesillere nusgalyk işleri bitiren belli atşynasyň ajaýyp gahrymançylyklary baradaky wakalar gyzykly janlandyrylýar. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda G.Jumaýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «At - myrat» atly sahna oýnunda, türkmen bedewiniň merdana keşbi arkaly ata Watana, ene topragyňa bolan päk söýgi beýan edilýär. Drama eseri Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserinde beýan edilýän wakalara we gymmatly maglumatlara esaslanýar. Aýdyň, ýatda galyjy sahna oýny özboluşly milli däp-dessurlar, urp-adatlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda K.Zamanowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «At göçümi» atly sahna oýny ynsanyň bedewe bolan beýik söýgüsi, kämil belent ahlak sypatlary, mähribanlygy we bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary hakynda söhbet açmak bilen, özünde ägirt uly ruhy galkynyşy jemleýär. Türkmen bedewiniň milli baýramyna ajaýyp sowgat hökmünde taýýarlanan bu sahna oýnunyň içinden şahyranalyk, şatlyk, ruhubelentlik, söýgi, ynam eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň döwlet sirkiniň hem-de Arkadag şäher döwlet atçylyk sirkiniň döredijilik toparlary hem özleriniň täsin çykyşlaryny taýýarladylar. Sirk çykyşlarynda hem ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda türkmeniň myrady, uçar ganaty bolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär. Şeýle hem, milletiň ruhy gaýduwsyzlygy çeper beýanyny tapýar. Bu baýramçylyk mynasybetli şöhratly bedewlerimize bagyşlanan spektakllar, at üstündäki milli oýunlar bagtyýar watandaşlarymyzyň toý şatlygyny goşalandyrar. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy

No image
Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy

Muzeýler

21.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-nji ýylyň 22-njy aprelinde sagat 10:00-da Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy” atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
Dutara örklenen ykbal

Kitaphanalar

21.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda bellenilen meýilnama esasynda ýaş nesillerimize aýdym-saz sungatynyň beýik ussatlarynyň ömri we döredijiligini giňişleýin wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky ýöriteleşdirilen 74 -nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen öz ýaşan gysga ömründe milli sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşan bagşy Gulbaba Akyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlap, “Dutara örklenen ykbal ” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda gysga ömründe ýakymly sesi, saýrak owazy bilen sungat äleminde yz goýan Gulbaba Akyýewiň halkymyza miras goýan aýdymlary barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinde türkmen aýdym-saz sungaty, halypa-şägirtlik ýoly, aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşant goşan ussatlar baradaky gymmatly maglumatlar ýaşajyk okyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimizde, sungatymyzda öçmejek yz goýan ussatlarymyzyň ömri we döredijiligini ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.