logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Waspyň sena boldy, dillerde bedew

Muzeýler

17.04.2026

Halkymyz asyrlaryň dowamynda döreden naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda ahalteke bedewlerine aýratyn orun berilýär. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamyndaky şöhraty dünýä dolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda, pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek we gorap saklamak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ahalteke bedewleri diňe bir halkymyzyň buýsanjy däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň iň gymmatly medeni miraslarynyň biridir. Ahalteke bedewiniň taryhy türkmen halkynyň kemala gelmegi we onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy bilen berk baglanşyklydyr. Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirilmegi, bu jandaryň milli bitewiligiň we ösüşiň nyşanydygyny görkezýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bu mirasyň dowamatydyr. Şu günler toýlary-toýa ulaşýan eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, gadymy Lebap ili toý ruhuna beslenip Türkmen bedewiniň milli baýramyny uly ruhubelentlikde garşylaýar. Ýaňy ýakynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Waspyň sena boldy, dillerde bedew” atly baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasy ýokary guramaçylykly geçirildi. Diýseň köp tomaşaçylary özünde jemläp, myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyran bu sergi täsirliligi bilen tapawutlandy. Muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyz, at esbaplary, atlaryň bezeg şaý-sepleri we ýurdymyzyň suratkeşleriniň döreden nakgaş eserleri birnäçe milli gymmatlyklarymyz sergä aýratyn öwüşgin, gaýlanmajak gözellik çaýdy. Sergide çykyş edenler şanly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýlanjak 35 ýyllyk toýuna görülýän ýokary guramaçylykly taýýarlyklary, milli gymmatlyklarymyzyň köp öwüşginligi bilen, muzeýler tarapyndan öwrenilişi, gorap saklanylyşy we geljekki nesillerimize ýetirmekde alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin belläp geçdiler. Muzeýde guralan baýramçylyk sergisiniň dowamynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizde milli mirasymyza bolan söýgüni döretmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy. Bizi eşretli zamanada ýaşamaga döredijilikli zähmet çekmäge, milli mirasymyzy giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň şanyna tutulýan toýlarymyz dowamat dowam bolsun! Türkmen atynyň seýsi belent, ganaty ýiti, ýoly hemişe ak bolsun! Gülälek BATYROWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
Bedew waspy sungatda

Muzeýler

17.04.2026

Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Ösüşi-özgerişi, medeniýeti we sungaty bilen at-owazy dünýä dolan halkymyz milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasyny belentde tutýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwlet derejesinde şatlyk-şowhuna beslenip bellenilmegi hem-de ony Döwlet tugramyzda ýerleşdirilmegi bedewlere uly hormat goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr. 2023-nji ýylda türkmeniň ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýyny ýene bir ýola belende göterdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň behişdi bedewlere bolan çuňňur söýgüsi halk döredijiliginde we ýazuwly edebiýatda giňden orun alypdyr» diýip belleýşi ýaly, milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolan behişdi bedewlerimize uly hormat goýulýandygyny görmek bolýar. Güneşli ülkämizde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyz ýylyň ady bilen baglanyşykly utgaşyp gelen bedew baýramyny has-da joşgunly, giňden belleýär. Gamyşgulak atlarymyzyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem «Bedew waspy sungatda» atly sergi açyldy. Bu sergide görkezilen gymmatlyklar behişdi bedewlerimiziň sungatyň dili bilen waspyny ýetirdi. Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle-de bagtyýar türkmen halkymyzy bedew baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde baýdagymyz belentde parlap, bedew atlarymyz toý-baýramlary bezesin!

No image
Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary

Kitaphanalar

17.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary» ady bilen aýdym-sazly maslahat geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, ata-babalarymyzyň parahatçylyga, halallyga we adalatlylyga bolan belent garaýyşlaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini jemleýän mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň belent buýsanjy bolup durýandygy hakynda beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine eýerýän türkmen halkyny ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda

Kitaphanalar

17.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, ahalteke bedewiniň buýsançly şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy-da onuň milletimiziň buýsanjynyň suwutnamasydygy barada aýtdylar. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady we guralan göçme kitap sergisi hem olarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew

Kitaphanalar

17.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda «Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ähli ugurlarda bedew bady bilen okgunly öňe barýan, halkara abraý-mertebesi belende göterilýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadançylygynyň, watançylyk ruhunyň, şöhratly taryhymyzda gazanylan milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjynyň mynasyp beýanyna öwrülýändigi, Diýarymyzyň şan-şöhraty günsaýyn artyp, belent derejelere göterilýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda kitap okamaklyga bolan söýgüni has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Saglygym baş baýlygym

Kitaphanalar

17.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 75-nji çagalar bagynda “Saglygym baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Kitaphananyň hünärmenleri Türkmen halk ertekilerindäki gahrymanlaryň arassaçylyk we sagdynlyk hakyndaky keşplerini janlandyryp çagalara gyzykly gürrüňleri wagyz-nesihat etdiler. Çagalar hem öz gezeginde ertekileri uly gyzyklanma bilen diňläp kitaphananyň hünärmeni bilen sorag-jogap alyşdylar. Hünärmen söhbetdeşlikde ertekilerdäki gürrüň berilýän arassaçylyk saglygyň girewi, saglyk-baýlyk ýaly gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda sagdyn bedenli kämil ýaşlar bolup ýetişmelidigini, her bir ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem arassaçylyk düzgünini berjaý etmelidigini düşündirdi. Hünärmenler saglyk hakyndaky ertekili kitaplaryndan sergi hem gurnadylar.

No image
Baky minnetdar Watan

Kitaphanalar

17.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Baky minnetdar Watan” atly sesli okaýyş geçirdiler. Bu ýerde körpeleriň watana bolan söýgüsini artdyrmakda, edepli, edermen ýaş nesli ýetişdirmekde hekaýalaryň, ertekileriň täsiri uludyr. Mekdebe çenli çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleri bilen yzygiderli dürli usullarda sesli okaýyş geçirilýär. Kitaba bolan söýgüsini ösdürmek, akyl taýdan ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil dünýägaraýyşly, ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

No image
Ynsan kalbynyň aýdymçysy

Kitaphanalar

17.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat edýän” bölümi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdebinde Garajaoglanyň doglan gününiň 420 ýyllygy mynasybetli edebi agşamy geçirildi. Garajaoglan aýdym-saz sungatyny ösdürmek we olary halk durmuşyna ýakynlaşdyrmak işine sarp eden ussat hökmünde tanalýar. Öz senedi bilen gamly ýürekleri ruhlandyryp, eli galamly we saz gurally ýurdy aýlanan şahyr diýip tanalýar. Garajaoglanyň kalbyndan çykan şygyrlary, onuň döreden belent sazy bilen birleşende mylaýym liriki aýdym dünýä inýär. Onuň şygryýeti halk aýdymlarynyň äheňine ýakynlygy bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarda bellediler.

No image
ÄLEM IÇRE SARPALANÝAN BEDEWLER

Kitaphanalar

17.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna “Älem içre sarpalanýan bedewler” atly görnükli atşynaslar bilen duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda çykyş eden, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan gelen myhmanlarymyz, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä belli edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sap ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olary köpeltmek, seýislemek we atçylyk sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

17.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler “Ylym” neşirýaty tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen “Muaý-taýyň nazaryýeti we usulyýeti” atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Sport ugrundan hünär öwrenýän ýaşlar üçin niýetlenen bu kitapda muaý-taý söweş sungatyna degişli maglumatlar beýan edilýändigini belläp geçdiler. Muaý-taý söweş sungatynyň tehniki-taktiki tilsimleri türgende tutanýerlilik, sabyrlylyk, döredijilikli işlemek ýaly gymmatly häsiýetleriň kemala gelmegine hem oňaýly täsirini ýetirýändigini beýan etdiler. Şeýle-de J.Gurbanowanyň “Bedenterbiýäniň, sportuň etikasy we estetikasy” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaba sport estetikasynyň öwrenýän meseleleri, döremeginiň we ösmeginiň sebäpleri, etikanyň esasy meseleleri, umumy wezipeleri, sportuň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary barada materiallar girizilendigini beýan etdiler. Kitaphana synyna gatnaşanlar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.