logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Türkmen sungaty halkara derejesinde dabaralandy

Halkara gatnaşyklary

03.07.2026

Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde, Birinji türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 29-njy iýuny – 1-nji iýuly aralygynda Baku şäherinde geçirilen medeni çärelere ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti gatnaşdy. Haýdar Aliýew adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen ylmy-amaly döredijilik duşuşygynda giň many-mazmunly täsirli çykyşlar edildi hem-de sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor topary meşhur «Küştdepdi» tansyny joşgunly ýerine ýetirdiler. Şeýle hem, dabara gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki kompozisiýasyna goşulyşyp çykyşlary etdiler. «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparynyň artist-wokalisti Atajan Kakaýew TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň aýdymçylary bilen bilelikdäki çykyşlarda hem sungatymyzy giňden dabaralandyrdy. Türkmen milli konserwatoriýasynyň Estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşiýew «Çapyksuwaryň aýdymyny», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýokary derejeli artist-wokalisti, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi Gözel Joraýewa «Gel, Türkmenistana!» aýdymlaryny ussatlyk bilen aýtdylar. Hazar deňziniň kenarynda geçirilen konsertde ýaňlanan aýdym-sazlar, halk döredijiliginden «Halk nagmalarynyň» ýerine ýetirilmegi, türkmen sungatynyň köpöwüşginlidigini açyp görkezdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/sdtgujhdjdj.jpg) TÜRKSOÝ-a agza ýurtlary medeniýetleriniň, sungatlarynyň hem-de däp-dessurlarynyň ýakynlygy birleşdirýär. Halklaryň arasynda medeni çäreleriň geçirilmegi dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalgalar berýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.

No image
Arkadag şäheri – ýaşlygyň we gözelligiň şäheri

Kitaphanalar

02.07.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky merkezi Ýaşlar guramasy bilen bilelikde “Arkadag şäheri – ýaşlygyň we gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň hem-de muzeýiň hünärmenleri gatnaşdy. Geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Köpetdagyň eteginde bina edilen sebitde ilkinji “akylly” şäher – Arkadag şäheri barada, şäheriň binagärlik aýratynlyklary, gözelligi barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda halkymyzyň abadan, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
«Teatr sahna bezeginiň gözelligi» atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi

Muzeýler

02.07.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň teatrlarynyň işi täze, döwrebap derejede ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, Türkmenistanda yzygiderli guralýan halkara we döwlet derejesindäki teatr festiwallary sungat işgärleriniň, şol sanda sahna bezegçileriniň tejribe alyşmagyna uly ýardam edýär. Ynha, bu gün hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Teatr sahna bezeginiň gözelligi» atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide halypa suratkeşlerimiziň sahna oýunlaryna, kinofilmlere, multfilmlere, pýesalara bagyşlanan taslamalary, nakgaşçylyk we grafika eserleri görkezildi. Olardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň «Görogly», «Hasan han», Annadurdy Almämmedowyň «Ajaýyp tebip», «Ene topragym», «Aýly gijäniň garaňkylygy», Haky Allaberdiýewiň «Mollanepes», «Magtym Işan», «Hazynalar adasy», «Jadyly nagyş», Annageldi Kulyýewiň «Kemine we Kazy», «Magtymguly» operasy, «Hyjuwly ýürek», «Aýna» operasy ýaly birnäçe ajaýyp eserleri belläp geçmek bolar. Şeýle hem, sahna bezegi diňe bir taslama bezegi bolman, aktýoryň sahna durmuşy bilen sazlaşykly ösýän bütewilikdir. Şoňa görä-de, döwrebap türkmen teatrynda bezeg sungaty, režissýorlyk çözgüdi we aktýorlyk ussatlygy özara baglanyşykda bolup, bütewi bir ulgama öwrülýär.

No image
Mirasa sarpa goýmak–Watana söýginiň nyşanydyr

Kitaphanalar

02.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Mirasa sarpa goýmak–Watana söýginiň nyşanydyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalaýandygy, mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň döredýän el işlerine uly hormat goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz gadymy köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy we millilik ýörelgelerimizde jemlenip, halkymyzyň maddy gymmatlyklarynyň, ruhy dünýäsiniň aýdyň şöhlelenýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitap – adamzat kalbynyň dürdänesi

Kitaphanalar

02.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Kitap – adamzat kalbynyň dürdänesi» ady bilen kitaphanada gezelenç gurnaldy. Gezelenje gelen çagalara kitaphanalar ruhy we medeni gymmatlyklaryň merkezi bolup, kitap okamagyň ähmiýetiniň uludygyny, kitap ýürekdeş dost, egsilmez hazynadygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de kitap okamak ynsanyň pikirlenişini ösdürýändigi, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde kitap okamagyň oňat täsir edýändigi hakynda aýtdylar. Mundan başga-da kitap okaýan ynsanlaryň kalby hemişe şatlyk, begenç duýgusy bilen doly bolup, maksada okgunly hereket etmäge ruhlandyryp, kitaplaryň üsti bilen hemme zada akyl ýetirip, öwrenip bolýandygy barada belläp geçdiler. Gezelenjiň ahyrynda ýaş nesilleriň geljegi ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Çagalygyň ajap çagy

Kitaphanalar

02.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi Gökderedäki “Ýaşlyk” medeni-dynç alyş merkezinde “Çagalygyň ajap çagy” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da dynç alýan çagalar üçin çeper edebiýatlar, türkmen halk ertekileri hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Bagtyýar çagalar şular ýaly ajaýyp merkezlerde dynç almak üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

02.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi täze gelen edebiýatlara kitaphana synyny gurnady. Bu kitaphana synynda Oba hojalyk edebiýatlary bölümine täze gelen edebiýatlar barada giňişleýin gürrüň edildi. Kitaphana synyny diňlemäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Ösüşlere beslenýän, bedew batly Watanym

Kitaphanalar

01.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy seýilgähinde «Ösüşlere beslenýän, bedew batly Watanym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri, ösüşleri, özgerişleri hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty parahatçylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarynda bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm

Kitaphanalar

01.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp eserine esaslanyp geçirilen “Maşgala mukaddesligi – ýörelgäm, el hünäri – göreldäm” atly maslahatyň çäginde “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik hem gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabyň many-mazmuny hakynda täsirli söhbet etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň milli gymmatlyklarymyzy döwrebap derejede ösdürmekde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelen asylly ýörelgelerini nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri edendigini zenanlarymyz buýsanç bilen bellediler.

No image
Dostlukly dabaralar

Halkara gatnaşyklary

30.06.2026

Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäheriniň 2026-njy ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2026-njy ýylyň 24-26-njy iýuny aralygynda doganlyk Özbegistanyň Andijan şäherinde geçirilen çärelere hem-de dabaralara ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti gatnaşdy. 24-nji iýunda Andijan şäherinde çärä gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertinde, ýurdumyzyň döredijilik topary üstünlikli çykyş etdi. Özbegistan Respublikasynyň Fergana şäheriniň Döwlet teatrynda geçirilen konsertde hem bu döredijilik topary «Meleguş», «Küştdepdi» atly aýdymly tanslary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler.Halklaryň arasynda medeni çäreleriň geçirilmegi dost-doganlygyň dabaralanmagyna, özara medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegine täze badalgalar berýär. 26-njy iýunda dabaraly çärelere gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik toparlary Andijan şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler.