logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«DURMUŞ ALA ÝAZLYKDYR» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY TÄÇMÄMMET JÜRDEKOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP GÜRRÜŇDEŞLIK

Kitaphanalar

31.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaş okyjylarynyň arasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap, «Durmuş ala ýazlykdyr» ady bilen söhbetdeşlik, synyny geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni ussat ýazyjy Täçmämmet Jürdekowyň ömri we döredijilik ýoly barada hem-de onuň döreden eserleriniň many-mazmunynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Täçmämmet Jürdekow Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumuny soňra, Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny tamamlaýar. Birnäçe eserleri daşary ýurt dillerine terjime edildi. Olardan «Gaplaň gerekmi?», «Ody özüňe bas..», «Däliden dogry habar...», «Uly Başlyk», «Garaşsyzlygyň galkyndyran gudraty» atly kitaplary bellemek bolar. Aýratyn-da ýazyjynyň goja zeminde giňden tanalýan hem-de Hormatlanylýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň terjimehaly bilen baglanyşykly ýazylan «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly ajaýyp kitabynda türkmen halkyny gün kibi çoýup ösüşüň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işlerini jemleýän ýazgylar aýdyň şöhlelendirilýär. Ine şeýle ajaýyp kitabyň mazmunynda beýan edilýän taryhy wakalar barada kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan şahsyýetlerimiziň ömri we döredijilik ýoly bilen tanyş bolmaga, öwrenmeklige giň şert mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimi Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
HEMIŞELIK BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

30.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Hemişelik Bitaraplyk–parahatçylygyň binýady» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar Watanmyz bu gün oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirip, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy hakynda beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAGTYÝAR NESIL

Kitaphanalar

30.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda mekdebe çenli çagalar bakja bagynyň körpeleri bilen «Bagtyýar nesil» atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Durmuşymyzyň güli hasaplanylýan çagalarymyzyň geljeginiň ýagty, ylymdan we bilimden ýüki ýetik bolmagy babatda eziz Diýarymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda giň mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzda çagalaryň oňat okap, bilim terbiýe alyp, Watana wepaly, ilhalar adam bolup ýetişmekleri hakynda uly aladalar edilýär. Çagalar bakja baglaryna gatnaýan körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, doly derejeli dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
YLYM-BILIM ÖSÜŞLERIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

Kitaphanalar

30.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Ylym-bilim ösüşleriň hereketlendiriji güýji» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürilýän ylym-bilim ulgamynyň geljegi has-da aýdyňlaşýar. Elbet-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly, belli bir käriň eýesi bolmagy ugrundaky aladalarymyz öz netijesini hem berýär. Bu gün bilim aljak, döretjek ýaş nesiller üçin ýollar açyk. Ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar, ylymly-bilimli ýaşlaryň ümzügi diňe öňe sary” diýen sözleri bu aýdyň geljegiň şamçyragydyr. Bu ajaýyp sözlerden ugur alyp Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem talyp ýaşlarymyzyň ygtybarly bilim almaklary üçin ähli şertler döredip berlen. Kitaphanada talyp ýaşlarymyzyň arasynda söhbetdeşlikler, gürrüňdeşlikler alnyp barylýar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
TÜRKMENIŇ KEŞDEÇILIK SUNGATY MILLI MIRASYMYZ

Muzeýler

30.10.2025

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünäriniň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir” diýen ajaýyp jümlesine esaslanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna hem-de halkymyzyň köp asyrlyk medeni mirasynyň iri görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlap, milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň bütin dünýä dabaralanmagyna yhlasyny gaýgyrman öz zähmetleri bilen goşant goşýan, çeper elli edepli maşgala ojagynyň abraý mertebesini belende galdyrýan zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada türkmenistanyň milli toparynyň sekretarynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan edýän “Türkmeniň keşdeçilik sungaty milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň Mary welaýatynda Mary şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda 3 (üç) sany şerti boýunça türkmen gelin-gyzlarymyz öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertinde ýüpek sapaklary işip nagyşlary saýlap, saljak nagyşlaryna laýyklap ýerini biçip görkezdiler we ilkinji taýýarlyk işleri geçirdiler. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda ikinji şertinde bolsa bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlar saýlap alan keşdeleri barada giňişleýin wasp etdiler.Şol bir wagtyň özünde olaryň keşde çekişine emin agzalar gözegçilik edip baha berdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşyjylar “Elimden çykan egnime ýarar” diýilişi ýaly öz eden el işleriniň waspyny goşgy setirleri, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen çeper wasp etdiler. Bäsleşige Mary şäheriniň çäginde ýerleşýän dürli edara kärhanalardan çeper elli gelin-gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň jeminde emin agzalaryň baha bermegi esasynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň ylmy işgäri Begliýewa Bägül birinji oruna mynasyp boldy.Bu bolsa ene-mamalarymyzdan däp bolup gelýän gyzyldan gymmatly keşdeçilik sungatynyň nesilden-nesile geçip gelýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň el hünärinden döreýän milli senedimiz ölmez-ýitmez sungatdyr. Türkmen keşdeleri bu türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň bir görnüşidir. Keşde dünýäde iň giň ýaýran we has gadymy sungatyň biridir . Zenenlarymyzyň milli keşdeleri öz gözbaşyny müňýyllylaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Milli nusgalar nesilden-nesile geçip biziň şu günlerimize kämillik derejä çenli ýetirlip gelnipdir. Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz zenanlar hakda örän uly aladalar edýärler şol sanda türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagyndan, sünnälenen inçeden edilip, zenan kalbyndan joşup çykan täsin we täsirli sungat eserlerine hem aýratyn uly baha berip örän uly goldaw berýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabynyň bir parçasy zenanlarmyza degişli bolup “Ýaş türkmen zenany berkarar Döwletiň mertebe tugy” diýip atlandyrmagy biz zenanlar üçin uly buýsançdyr. Şol parçada şeýle sözleri aýdýar “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp oruny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesile geçmeginde ýokary ussatlyk görkez- ýändigini aýtmak gerek. Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawuna goşulmagy ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünärleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir” diýip bellemegi hem türkmen zenanlarymyzyň keşdeçilik sungatyna goýýan hormatynyň aýdyň subutnamasydyr. Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun. Il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin. _____________ Bägül BEGLIÝEWA

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 14-16-NJY NOÝABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

30.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 15.11.2025ý. «Är we aýal» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Syrly sandyk» sagat 19:00 __________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 15.11.2025ý. «Talyp söýgüsi» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 __________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 14.11.2025ý. «Aç möjek» sagat 11:00 14.11.2025ý. «Magnitafon» sagat 19:00 15.11.2025ý. «Alty gelin» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Oskar» sagat 19:00 __________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 14.11.2025ý. «Свободные бабочки» sagat 19:00 15.11.2025ý. «Раз и два» sagat 12:00 15.11.2025ý. «Волки и овцы» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Золушка» sagat 11:00 16.11.2025ý. «Золушка» sagat 13:00 16.11.2025ý. «Андро и Сандро» sagat 19:00 __________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 15.11.2025ý. «Oýun bir, maza iki» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 __________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Şowhunly tomaşa» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Älemgoşarly tomus» sagat 19:00 __________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 15.11.2025ý. «Altyn jüýje» sagat 17:00 15.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Böwenjik» sagat 12:00 16.11.2025ý. «Böwenjik» sagat 17:00 16.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 __________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 14.11.2025ý. «Bir Aždarha bar eken» sagat 17:00 15.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 __________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Şygyr diwany» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 __________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Goňşular» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 __________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 15.11.2025ý. «Geliň gülşeliň» sagat 19:00 16.11.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00

No image
2025-NJI ÝYLYŇ 7-9-NJY NOÝABRY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

30.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 08.11.2025ý. «Wah siz aýallar...» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Gelin gelýä...» sagat 19:00 _________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 08.11.2025ý. «Super gaýyn ene» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Päk söýgüniň güýji» sagat 19:00 _________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 07.11.2025ý. «Sakarja geçi» sagat 11:00 07.11.2025ý. «Söýgi duralgasy» sagat 19:00 08.11.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Hüwdi» sagat 19:00 _________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 07.11.2025ý. «Когда сияет душа молодая» sagat 19:00 08.11.2025ý. «Три поросенка и серый волк» sagat 12:00 08.11.2025ý. «Индийская любовь» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Али-Баба» sagat 11:00 09.11.2025ý. «Али-Баба» sagat 13:00 09.11.2025ý. «Изобретательная влюбленная» sagat 19:00 _________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 08.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 _________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 08.11.2025ý. «Ýagyş ýagan gijesi» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 _________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 08.11.2025ý. «Çagalyk säheri» sagat 17:00 08.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Bir towşanjyk bar ekeni...» sagat 12:00 09.11.2025ý. «Bir towşanjyk bar ekeni...» sagat 17:00 09.11.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 _________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 07.11.2025ý. «Kejir kürre» sagat 17:00 08.11.2025ý. «Baýram han Türkmen» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Baýram han Türkmen» sagat 19:00 _________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 08.11.2025ý. «Älemgoşarly tomus» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 _________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 08.11.2025ý. «Demir aýal» sagat 19:00 09.11.2025ý. «Ilkinji söýgim» sagat 19:00

No image
ŞAHYR TALYPLAR BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

30.10.2025

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýan şahyr talyp deň-duşlarymyz bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna “Aýdym sungaty” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Mähri Tekäýewa, “Kompozisiýa” hünäriniň 2-nji ýyl tayby Aýläle Gulmyradowa, “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow we şol hünäriň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredow dagylar gatnaşdylar. Duşuşygy “Sazşynaslyk” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Uljaýewa Miýesser alyp bardy. Ilki bilen “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredowyň golýazma esasynda çap edilen “Nagmazar” atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bilen başlandy. Ýusup Meredow bu goşgular ýygyndysyny özüne türkolog, filolog, lingwist, hemem şahyr Taýmaz Seýidowyň sowgat berendigini aýdyp geçdi. Soňra özüne ýakyn goşgularynyň birini okap berdi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan çap edilen “Parahatçylyk-köňül kelamy” atly kitabynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Mähri Tekäýewanyň, Aýläle Gulmyradowanyň, Ýusup Ýazgylyjowyň hem-de Ýusup Meredowyň goşgularynyň neşir edilmegi bizi buýsandyrdy. Duşuşygyň dowamynda talyp deň-duşlarymyz özleriniň döredijilik ýoly barada gürrüň berdiler. Diňleýjileriň arasyndan hem “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Altyn Taganowa hem-de şol hünäriň 4-nji ýyl talyby Döwletmyrat Gurbangeldiýew öz döreden şygyrlaryndan we belli türkmen şahyrlarymyzyň goşgularyndan okap berdiler. Duşuşygyň jeminde talyp deň-duşlarymyz ýürek buýsançlaryny goşgy bentleri bilen beýan etdiler. Biz hem öz gezegimizde olara döredijilik äleminde we okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdik. Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň, ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy talyp ýaşlarda sungatyň dürli ugurlary bilen tanyşmagynda, zehinlerini kämilleşdirmekde uly itergi bolup durýar. ________________ Altyn ÝANGYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
«ALTYN GÜÝZÜŇ WASPY» ATLY ŞAHYRLARYŇ ESERLERINE SESLI OKAÝYŞ

Kitaphanalar

30.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy–ýakynda Aşgabat şäherindäki 28–nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Altyn güýzüň waspy» atly altyn güýzüň waspçy şahyrlarynyň eserlerinden sesli okaýyş geçirildi. Hünärmenimiz mekdebiň kitaphanaçysy bilen çagalara, şahyrlarymyzyň biziň daş–töweregimizi gurşap alan dürli agaçlaryň gözelligini, tebigatyň ajaýyplyklaryny öz setirlerinde wasp edýändigini belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz, ýylyň–ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her biriniň öz aýratynlygyny, täsinligini, ajaýyp gözelligine eýe bolýandygyny, ýylyň dört paslynyň münewweri hasap edilýän güýz paslynda tebigatyň ajaýyplyklaryna görk goşýan dürli agaçlaryň altynsow reňki, olaryň tänip ýere düşişidigini belläp geçdi. Okuwçylar hem öz gezeginde güýzüň waspyny edýän klasik şahyrlaryň goşgularyndan labyzly okap berdiler. Soňra bolsa hünärmenimiz bilen çagalar öz aralarynda gyzykly sorag jogap alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş neslimiz üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
GÜÝZÜŇ WE ÝAZYŇ ŞAHYRY

Kitaphanalar

30.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Güýzüň we ýazyň şahyry” ady bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda milli edebiýatymyzda öçmejek yz galdyran şahyr G.Ezizowyň gyzy, «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowa kakasy barada ýakymly ýatlamalaryny gürrüň berdi. Halypa kitaphanaçy O.Gulmuhammedowa öz çykyşynda ussat şahyryň ömri we döredijiligi, onuň körpe nesillere niýetlenen goşgularynyň ähmiýeti hakynda aýtdy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyplary ýurdumyzyň tanymal kompozitorlarynyň G.Ezizowyň sözlerine döreden «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi», «Dostlaryma», «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok...» ýaly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Duşuşyga gatnaşanlar bu ýerde guralan şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary, onuň zähmet we döredijilik ýoly barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler, fotosuratlar giňden ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Aýdymdyr sazlara, täsirli gürrüňlere baý bolan döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli edebiýatymyzy ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmäge döredýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.