logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
YLMY-AMALY MASLAHAT

Täzelikler

15.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl kafedralaryň hepdeligi bellenip geçilýär. “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde-de, birnäçe ylmy-amaly maslahatlar we leksiýa konsertler, döredijilik duşuşyklar geçirmek göz öňünde tutulýar. “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň açylyşy hem uly dabara bilen geçirildi. Soňra görnükli türkmen kompozitorlary – D.Öwezowyň, N.Muhadowyň, S.Tüýliýewiň ýubileýlerine bagyşlanyp, “Türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meseleleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahat konserwatoriýada bilim alýan talyp ýaşlar we irginsiz zähmet çekýän mugallymlar üçin görnükli kompozitorlaryň aýdym-saz sungatyny içgin öwrenmek üçin möhüm çäreleriň biri boldy. Bu ylmy-amaly maslahaty görnükli kompozitor, halypa mugallym, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri S.Tüýliýew açyp berdi. Maslahatyň dowamynda görnükli kompozitor D.Öwezowyň, W.Muhadowyň, S.Tüýliýewiň döredijilik ýolundan täsirli maglumatlary özünde jemleýän çykyşlar bilen dowam etdi. Ýagny, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymlary A.Açylowyň, G.Magtymgulyýewanyň, G.Ýazmämmedowanyň, L.Babaýewanyň, bulardan başga-da D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.Baýryýewanyň, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary B.Aýdogdyýewanyň we J.Orazowanyň ylmy çemeleşmeler bilen taýýarlan çykyşlary has-da täsirli boldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi saz ylmynyň hem döredijilik işleriniň has-da ösmegine uly goşant goşýar we ýaş sazşynaslary ýene-de döredijilik işlerine ruhlandyrýar. Arzygül ÝAGMYROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby

No image
Sanly ulgam - kitaphanalaryň täze mümkinçilikleri

Kitaphanalar

15.04.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri golaýda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Söz mülküniñ bossany” gepleşiginiň ýazgy etmeginde, sanly ulgamyň kitaphanalara giňden ornaşdyrylmagy we giň mümkinçilikleri barada “Sanly ulgam - kitaphanalaryñ täze mümkinçilikleri.” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ösen tehnologiýalardan peýdalanmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsançly söhbetler etdiler. Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň öz saýdynyň üsti bilen okyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygy, giň okyjylar köpçüligine hyzmat edýändigi barada hem söhbetdeşligiň dowamynda durlup geçildi.

No image
KITAP - PAÝHAS HAZYNASY

Kitaphanalar

15.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 3-nji kitap dükanynda "Kitap - paýhas hazynasy" atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri, häzirki döwürde täze kitaplaryň yzygiderli neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilýän eserleriň ähmiýeti we ýaş nesilleri, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde kitabyň tutýan orny barada gyzykly söhbet etdiler. Şeýle hem, kitaphana hünärmenleriniň öz okyjylaryna ýokary derejede hyzmat edişi barada durup geçdiler. Ýaş kitap söýüjileriň kitap okamaklyga bolan höwesini has-da artdyrmak üçin alnyp barylýan işler barada hem täsirli söhbet edildi.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

15.04.2026

Kitaphana synynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitaby, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby hem-de “Asyrlaryň yzlary” atly ylmy ýygyndynyň II we III neşirleri bilen tanyşdyryldy. Güneşli Diýarymyzda ösýän ösümlikleriň, miweleriň hersi bir derdiň dermany. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabynda jana şypa beriji ösümlikleri, miweleri öwrenip, şolaryň her biriniň haýsy keseliň öňüni alýandygy, peýdalanylyşy, himiki düzümi, derman taýýarlanylyşy barada okyjylara jikme-jik maglumatlary ýetirýändigini çykyş edenler nygtap geçdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy– parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynda, türkmen Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, taryhy ähmiýeti, döwletimiziň bu halkara hukuk derejesiniň häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň aýdyňlaşdyrmagyndaky, netijeli çözülmegindäki orny düýpli açylyp görkezilýär. “Asyrlaryň yzlary” atly kitaplarda taryhy we medeni ýadygärliklerde geçirilýän arheologiýa, arhitektura we sungaty öwreniş gözlegleriniň dowamynda toplanan ylmy maglumatlar bilen giňden tanyşdyrylýar. Kitap synyna gatnaşanlarda çuň many-mazmunly kitaplar diýseň uly gyzyklanma döredip, olar özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary aldylar. Ajaýyp kitaplary halkymyza sowgat edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.

No image
PAÝTAGTYMYZDA SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNA BAGYŞLANAN HALKARA FORUM GEÇIRILÝÄR

Täzelikler

15.04.2026

14-nji aprelde paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär. Ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň giňeldilmegi, döwrebap şertleri özünde jemleýän dynç alyş we myhmanhana toplumlarynyň döredilmegi, milli syýahatçylyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy we onuň ählumumy ulgama goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikler açylýar. «TÜrkmenistan» gazeti

No image
ÝOLLAR BIZI MENZILLERE ÝETIRÝÄR

Muzeýler

14.04.2026

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri gurluşyklar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem şol beýik ösüşleriň aýdyň mysalydyr. Ýoluň bu möhüm böleginiň ulanmaga berilmegi diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ykdysady, söwda we durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Bu ýol ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini ýokarlandyrmaga, sebitleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze iş orunlaryny döretmäge hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi il bähbitli işleriň beýik nusgasydyr. Şäherimizi merjen paýtagtymyz bilen birleşdirýän bu ýol diňe bir iki şäheri däl-de, döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga hyzmat eder. Ýoluň ugrunda gurulan 8 sany awtobus duralgasy, döwrebap ýangyç guýujy beketler, dynç alyş merkezleri we awtomatlaşdyrylan agram gözegçilik ulgamlary halkara standartlara doly laýyk gelip, üstaşyr geçýän sürüjiler üçin ähli amatlyklary döredilendir. Illeri illere ýakynlaşdyryp, Türkmenabada ýol geldi. Aýna ýaly tekiz ýol diňe ulaglaryň däl, döwrümiziň okgunly ösüşleriniň hem tizligini güýçlendirer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza şa gadamynyň düşüp, täze ýoluň açylyp ulanmaga berilmegi taryhy pursatdyr. Şu şanly ýylymyzda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan taryhy wakalar mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat hem-de etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Söhbetdeşlik çäresinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Lebap topragyna mübärek şa gadamynyň düşmegi bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ahyrky tapgyrynyň, Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şan berýän ajaýyp wakalaryň biri bolandygy, müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhymyzda gadymy Nusaýdan gadymy Amula kerwen gatnan ýollarda häzirki zaman inženerçilik çözgütleri esasynda ýokary derejede, üstünlikli durmuşa geçirilen bu iri taslama Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilýändiginiň iş ýüzündäki anyk mysallarynyň biridigi baradaky söhbetlere giň gerim berildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda şanly ýylyň taryhy wakasyna şaýat bolan watandaşlarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen şeýle beýik işlere bolan buýsanjyny hem-de hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize egsilmez alkyşlaryny beýan etdiler. Halkymyzy bedew bady bilen, nurana ak ýollardan ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!. Gülälek BATYROWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI – NESILLERE NUSGALYK

Kitaphanalar

14.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Ussat ýazyjy şahyr Gara Seýitliýewiň ömri döredijiligi – nesillere nusgalyk” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “-Beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň gymmatly edebi mirasy dünýä siwilizasiýasynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär” diýip belleýär. Elbetde, Gara Seýitliýewiň mazmuna baý eserleri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde ýaňlanýar. Şahyryň edebi mirasy türkmen halkynyň kalbyna nur çaýýar, ruhy lezzet berýär. Giň okyjylara hödürlenýän ajaýyp kitaplary bu günki ösüp gelýän, ýaş nesillerimizde gowy gylyk häsiýetleri oýarmakda uly ähmiýet berýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan çuň manyly eserleri giň okyjylara ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BILIMLI NESIL - KUWWATLY WATAN

Kitaphanalar

14.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Bilimli nesil - kuwwatly Watan” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Sergide çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýandygyny, mekdebe çenli bilim edaralarynyň täze binalarynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilmegi, bu bilim derejesinde körpeler üçin maddy-enjamlaýyn binýadyň berkidilýändigine şaýatlyk edýändigini hakynda nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, mekdebe çenli ýaşly körpeler bilen döwlet mekdebe çenli bilim edaralarynda geçirilýän bilim-terbiýeçilik işleri many-mazmun taýdan täzelenip, dünýäniň ösen döwletleriniň derejelerine laýyk getirilýändigini buýsanç bilen beýan etdiler. Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara ertekilerden birnäçesini okap berildi we çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisi ýaş nesillerde uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem çagalara kitap okap bilimlerini artdyrmaklaryny maslahat berildi. Sergä gatnaşanlar körpe nesli döwrebap terbiýelemekde uly tagallalary edýän Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzadyň eşretli ertirlerini döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ADY ÄLEME DOLAN TÜRKMEN BEDEWI

Kitaphanalar

14.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Ady äleme dolan türkmen bedewi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, şol sanda atçylyk we seýisçilik sungaty bilen bagly bolan ajaýyp däp-dessurlaryny dikeltmek, ösdürmek we yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly aladalar Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy we yhlasy bilen ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň ençeme müňýyllyklaryň gatlaryna uzap gidýän şöhratly taryhy behişdi bedewlerimiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halky umumadamzat medeniýetiniň ösüşine örän gymmatly ahalteke bedewini ýetişdirip öz goşandyny goşandygyny, bu bolsa halkymyzyň zähmetsöýerligini we ýokary ussatlyk derejesini görkezendigini subut edýär. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly wagtyny behişdi bedewlerimize bagyşlap, hem-de olary öz ylmy we edebi-çeper döredijiliginde wasp edip, bedew atlarymyza örän uly söýgi bilen garaýandygyny aýtdylar. Alym Arkadagymyz bu barada ýazan kitaplarynda we “Bedew”, “Rowaç” diýen goşgularynda-da türkmen halkynyň durmuşynda bedewleriň eýeleýän ornunyň uludygyny aýdyň beýan edýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýet hökmünde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
GELJEGE UZAÝAN NURANA ÝOLLAR

Kitaphanalar

14.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Geljege uzaýan nurana ýollar” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň, Türkmenabat halkara howa menziliniň, Baş bilim müdirliginiň, kitaphana işgärleri, Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyny, bagtyýar ýaşaýşyny, eşretli geljegini üpjün etmek üçin uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýol gurmak, köpri gurmak uly sogap iş hasaplanylýar. Ýakynda, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Döwlet baştutanymyz şanly waka mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurmagy, şowhunly el çarpyşmalaryň astynda toý bagyny kesip, täze ýola ak pata bermegi dabaranyň iň ýatda galyjy ýakymly pursatlaryna öwrüldi. Şeýle hem, bu ýoluň ugrunda toý däp-dessurlarymyzy we milli mirasymyzy açyp görkezýän edebi çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. “Giňden we dabaraly bellenilýän baýramçylyklaryň her biri gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri aýan edýär, halkymyzyň durmuş bagtyýarlygyny, Watanymyzyň ösüşlerini dünýä ýaýýar. Parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty, il-ýurt, umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan täzeçil işleri üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli özgertmeleri beýik maksada – Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilýär” diýip çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Halkymyzyň döwrebap ýaşamaklary ugrunda döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.