logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«SAZA SIŇEN ÖMÜR» ATLY ÝATLAMA DUŞUŞYGY

Täzelikler

09.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler, aýdym-sazly we döredijilik duşuşyklary gurnalýar. “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeliginde şol kafedranyň uly mugallymy M.Saparmyradowanyň gurnamagynda D.Öwezowyň 115 ýaş ýubileýine bagyşlanan “Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygy geçirildi. “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby A.Abalakowa Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezowyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdi. M.Öwlýakulowanyň sazandarlyk etmeginde “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy R.Baýramow D.Öwezowyň “Hally gözel” eserini ýerine ýetirdi. Soňra “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy G.Ýazmämmedowa “D.Öwezowyň aýdym-saz mirasy”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy M.Saparmyradowa “D.Öwezow – türkmen klassiki operalarynyň düýbüni tutujy”, “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby M.Mediýewa “D.Öwezowyň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden hor eserleri” atly temada çykyş edip, many-mazmunly we gyzykly maglumat berdiler. M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde “Ýekelikde aýdym aýtmak” hünäriniň IV ýyl talyby Ý.Ataýew D.Öwezowyň Ý.Meýtus bilen bilelikde döreden “Leýli-Mejnun” operasynyň II aktyndan “Köriň aýdymyny” keşbi janlandyryp ýerine ýetirmegi başardy. Şeýle hem D.Öwezowyň hor üçin döreden “Baglar, heý” eseri diňlenildi. Beýik kompozitorlaryň hatyrasyna geçirilýän şeýle çäreler, talyplar üçin uly nusga alarlyk mekdepdir. Bu ýatlama duşuşygy diňe bir taryhy ýatlama bolman, eýsem, ýaş nesilleriň beýik ussatlaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. “Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygynda çykyş eden talyplara we mugallymlara aýdym-saz, sungat we döredijilik äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris. Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
PARIŽDÄKI DABARALAR

Halkara gatnaşyklary

08.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralyp, aýawly saklanylýar. Olaryň iň görnükli nusgalaryny ÝUNESСO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmekde uly işler alnyp barylýar. Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Mongoliýa döwletler topary tarapyndan hödürlenen Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarynyň ÝUNESСO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi muňa aýdyň subutnamadyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz bu gün halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde möhüm orna eýedir. Şoňa laýyklykda, 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Halkara Nowruz güni Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenýär. Türki halklaryň ählisinde diýen ýaly giňden bellenýän Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, agzybirligini, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegini üpjün edýän baýramdyr. Ruhy medeniýetiň ýitip gitmezliginde hem Nowruz baýramynyň orny uludyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpghalkaraa.jpg) Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 7-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESСO-nyň Baş edarasynda Nowruz baýramçylygy mynasybetli Guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Nowruz» köpmilletli hödürnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESСO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalary tarapyndan kabul edişlik çäresi guraldy. 13 döwletiň gatnaşmagynda geçirilen çärede türkmen milli tagamlarymyzyň hem-de milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy. Şeýle hem, medeniýet we sungat ussatlarymyz şowhunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Türkmeniň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň, gargy hem dilli tüýdügiň, gopuzyň şirin owazlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabarada guralan milli tagamlarymyzyň we gymmatlyklarymyzyň sergisi örän köp adamly boldy. Elde keşdelenen ak gaýma hem gül tahýalarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, nepis el işlerimiziň aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. Taýýarlan: Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
HALKARA TEATR BIRLEŞIGINIŇ KONFEDERASIÝASY

Halkara gatnaşyklary

08.04.2026

Ýakynda «Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasy» jemgyýetçilik birleşmeleriniň halkara bileleşigi tarapyndan 2026-njy ýylyň 30-njy martyndan 6-njy apreli aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Halkara Akustika teatr mekdebi taslamasynyň çäklerinde geçirilýän okuw maksatly sessiýasynyň 3-nji tapgyry geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary hem 2026-njy ýylyň 29-njy marty - 7nji apreli aralygynda geçirilen şu guramaçylykly okuw maksatly sessiýanyň 3-nji tapgyryna gatnaşyp, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy režissýor Ezizmuhammet Atdaýewiň režissýorlyk etmeginde «Çarlak» atly sahna oýnuny goýdy. Bu sahna oýnunda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary: Atdaýew Ezizmuhammet, Rustemow Mälikberdi, Orazowa Laçyn hem-de institutyň talyplary: Uzuk Nowruzowa, Nurgözel Hydyrowa çykyş edip, «Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasynyň» gurama ýolbaşçylary tarapyndan diplomlar bilen sylaglandylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpghalkara.jpg)

No image
2026-njy ýylyň 10-12-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

08.04.2026

#### Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ##### * 11.04.2026ý. «Süýji durmuşyň gapysy» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Gelinler» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ##### * 11.04.2026ý. «Durmuş diňe düýş däl» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Ynsap» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ##### * 10.04.2026ý. «Gurbagajyk» atly sahna oýny 11:00 ##### * 10.04.2026ý. «Hüwdi» atly sahna oýny 19:00 ##### * 11.04.2026ý. «Ak gämi» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Garaşanym» atly sahna oýny 19:00 #### A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ##### * 10.04.2026ý. «Sekiz söýýän zenan» atly sahna oýny 19:00 ##### * 11.04.2026ý. «Egri garga» atly sahna oýny 12:00 ##### * 11.04.2026ý. «Çehowyň wodewilleri» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Gyzyl şyrdajyk» atly sahna oýny 11:00 ##### * 12.04.2026ý. «Gyzyl şyrdajyk» atly sahna oýny 13:00 ##### * 12.04.2026ý. «Topraksyz bag» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry ##### * 11.04.2026ý. «Süýji durmyşyň gapysy» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Sakawyň soňuna seret» atly sahna oýny 19:00 #### Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ##### * 11.04.2026ý. «Gumly gelin» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Syrly sandyk» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmen döwlet gurjak teatry ##### * 11.04.2026ý. «Janly gurjaklar» atly sahna oýny 17:00 ##### * 11.04.2026ý. «Jüýteniň toýy» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Maşa we aýy» atly sahna oýny 12:00 ##### * 12.04.2026ý. «Maşa we aýy» atly sahna oýny 17:00 ##### * 12.04.2026ý. «Wah bu söýgi-dä» atly sahna oýny 19:00 #### Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry ##### * 11.04.2026ý. «Söýgi sarpasy» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Söýgi sarpasy» atly sahna oýny 19:00 #### Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 11.04.2026ý. «Çynymy aýtsam» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Garry möjek» atly sahna oýny 12:00 ##### * 12.04.2026ý. «Synag» atly sahna oýny 19:00 #### Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 11.04.2026ý. «Gelinler» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Gaýyn ene» atly sahna oýny 19:00 #### Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry ##### * 11.04.2026ý. «Söýgüniň ýolunda» atly sahna oýny 19:00 ##### * 12.04.2026ý. «Talyp söýgüsi» atly sahna oýny 19:00

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

08.04.2026

Kitaphana synynda çykyş edenler döwlet kitaphanamyza gelip gowşan döwürleýin neşirleri giňişleýin tanyşdyrdylar. Кitaphanamyza gelip gowuşýan gazetdir, žurnallarda döwrümiziň toýdur-baýramly günleri barada, giňişleýin maglumatlaryň berilmegi her bir okyjynyň ünsini özüne çekmek bilen çäklenmän, parahat döwletimiziň ösüşiniň şaýady bolýandyklary üçin gatnaşyjylarda buýsanç duýgularyny oýardy. Ýurdumyzyň beýik ösüşini, taryha yz goýjak wakalaryny özünde jemleýän neşirlerimiziň dowamly gelip gowuşmagy bizi diýseň buýsandyrdy.

No image
DOKMA PUDAGYNYŇ ÖSÜŞLERI

Kitaphanalar

08.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Dokma pudagynyň ösüşleri” atly kitap sergisini gurady. Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşýan döwründe ähli pudaklarda guwandyryjy görkezijiler gazanylýar. Häzirki döwürde dokma pudagy ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy we kuwwatly pudaklarynyň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda işe girizilen dokma kärhanalarynyň ählisinde innowasion tehnologiýalar, ýokary öndürijilikli enjamlar, işiň gidişini dolandyrmak üçin iň ýokary derejeli dolandyryş-tehniki serişdeler ulanylýar. Täze gurlan kärhanalarda pagta süýümini, piläni gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önümleri öndürmeklige çenli gutarnykly tilsimat tapgyrlary ornaşdyryldy. Döwrebap dokma kärhanalarynda jinsi, setin, ýüpek, trikotaž matalary we öň Türkmenistanda öndürilmedik taýýar önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudaklarynyň birine öwrülip, döwletimiziň ykdysady ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu kitap sergisi her bir okyjyda uly täsir galdyrdy. Dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

No image
SAGLYK-BAŞYMYZYŇ TÄJI

Kitaphanalar

08.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi “Saglyk-başymyzyň täji” ady bilen kitap sergisini gurady. Bu guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ensiklopedik kitaplary hem-de Saglyk Maksatnamasy, şeýle hem ýurdumyzda täze guralan saglyk binalary, sport desgalary hakynda ýazylan eserler goýuldy. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaplary biziň ýol-ýörelgämiz we gymmatly gollanmadyr. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar. Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ PAÝTAGTY GÖZEL AŞGABAT

Kitaphanalar

08.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Bedew batly ösüşleriň paýtagty gözel Aşgabat” atly kitap sergisini gurady. Bu günki gün halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahabatly saýasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna gadam basdy. Bu ýylda türkmen halky Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny baýram edýär. Gahryman Arkadagymyz “Ak şäherim Aşgabat” atly eserinde: “Ýurdumyzyň şäherleriniň her biriniň özboluşly gözelligi bar. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, şolardaky gözellikleriň baryny özünde jemleýän şäher. Onda tebigatyň täsinlikleri hem-de adam eli bilen döredilen ajaýyplyklar özboluşly sazlaşyga girýär. Aşgabadyň keşbinde diňe bir tebigatyň dürli gözellikleri däl, eýsem, döwürler hem bir sazlaşyga girýärler. Gözel Aşgabadymyzda gurulýan desgalaryň taryhyň we medeniýetiň gymmatlyklaryny jemleýän milli äheňdäki eser bolmagy, baş maksadymyzy aňladýar. Aşgabadyň keşbi - watançylyk söýgüsiniň janly keşbi” diýip jaýdar belleýär. Bu kitap sergisi her bir okyjyda uly täsir galdyrdy. Bedew batly ak şäherimiz Aşgabady günsaýyn buýsançly ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

No image
KITAP BAR ÝERINDE SAGDYN DÜŞÜNJELI NESIL KEMALA GELÝÄR

Kitaphanalar

08.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi Aşgabat şäheriniň 27-nji çagalar bagynda “Kitap bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara durmuşy, jadyly-hyýaly ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi, merdanalygy, ýagşy gylyk-häsiýetleri hakyndaky ertekiler, rowaýatlar labyzly okap berildi we çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisi ýaş nesilleriň her birinde kitaba bolan söýgi döretdi. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň - jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol ýörelgedigi hakynda maslahatlar berildi. Sergä gatnaşanlar bagtyýar çagalarymyzy milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN — SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY

Täzelikler

08.04.2026

#### *Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy* 7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda halkara standartlara laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. «Türkmenistan» gazeti