logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
PARIŽDE ÝAÝBAŇLANAN DABARALAR

Halkara gatnaşyklary

07.04.2026

Häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň hormatly Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, türkmen we fransuz halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanda hem-de Fransiýa Respublikasynda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewleriň mekanydygyny aýdyň açyp görkezýär. Dünýä döwletlerinde şu ýylyň şygaryny dabaralandyrýan çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 4-nji aprelinde medeniýet we sungat ussatlarymyzyň Pariž şäherinde geçirilen konserti hem, şu ýylyň şygaryna bagyşlandy. Dabarada Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Esenowiç Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Pariž şäherinde geçirilen konsertde ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlaryny tomaşaçylar gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/pariz-halkara.jpg) 6-njy aprelde bolsa Parižda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda ussatlyk sapaklary guraldy. Munuň özi, medeniýet we sungat ussatlarynyň birek-biregiň sungatlary bilen ýakyndan tanyşmaklarynda, tejribe alyşmaklarynda uly orun eýeleýär. Dabaralarda milli gymmatlyklarymyzyň sergisi ýaýbaňlandyryldy hem-de tomaşaçylar sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Pariždäki dabaralar türkmen-fransuz halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde möhüm ähmiýete eýedir. Dabara gatnaşyjylar türkmen-fransuz dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň hormatly Döwlet Baştutanlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
DÜNÝÄ SYRY KITAP BILEN AÇYLÝAR

Kitaphanalar

07.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde kitap adamyň ruhy dünýäsiniň çyragydyr. Kitap okamak adamy diňe bir sowatly etmek bilen çäklenmän, eýsem ony rahatlandyrýar, özüne bolan ynamyny artdyrýar. Kitap okaýan adam sowatly bolmak bilen duýgularyna erk edip bilýär. Dürli meselelere dogry we çynlakaý çemeleşýär hem-de olary çözmegiň başga ýollaryny gözleýär, ýagny gözýetimini giňeldýänligi barada Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň ýaşulylar otagynda dürli ýaşly okyjylarymyza giňişleýin gürrüň berildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan eserlerimizi okyjylarymyza ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
SAGLYK–ABATLYK

Kitaphanalar

07.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymyň taýýarlamagynda “Saglyk–abatlyk” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, her bir ynsanyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek asylly maksatlaryň birine öwrüldi. Şu babatda durmuşa geçirilýän işler, saglyk maksatly gurulyp ulanmaga berilýän desgalar, iň döwrebap enjamlar ýokary hilli lukmançylyk bejeriş işlerini, şypahana hyzmatlaryny ýola goýmaga giň mümkinçilikler döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi. Işlemäge, döretmäge, gurmaga şu ajaýyp şäherde zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ,ömürleri uzak bolsun!

No image
SPORT – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

07.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 13-nji saglyk öýünde «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkymyz gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk hem-de ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýän jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri berk ornaşdyrylyp, “Saglygym - baş baýlygym”, “Bar zadyň sakasy saglyk” diýen paýhasly sözleriň döremegi saglygyň hemme zatdan ileri tutulýandygyny giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy, ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşi şunuň bilen berk baglanşykly bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda hem-de bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN – MELHEMLER MEKANY

Kitaphanalar

07.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aşgabat şäher häkimliginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Türkmenistan – melhemler mekany» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýram bolup, Aşgabat şäher häkimliginde “Türkmenistan – melhemler mekany” atly göçme sergi gurnaldy we bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň köp tomly ylmy-ensiklopedik eserleri “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý melhem - hem ylham”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaplaryndan kitap sergi gurnalyp, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülendigi, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de alym Arkadagymyzyň döwürleri nesilleriň durmuşy bilen baglanyşdyrýan atalyk kitaplary halkymyzyň saglygyny berkitmekde we ony goramakda bahasyna ýetip bolmajak egsilmez çeşmedigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

07.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň köp tomly ylmy-ensiklopedik eseri bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý melhem hem ylham”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistan-melhemler mekany” atly kitaplary bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülip, diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynda däl, eýsem, dünýä derejesinde hem uly ähmiýete eýe bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalardaky ýerli bejergileriň arasynda dermanlyk otlardan peýdalanylanda, adam saglygyna has-da gowy täsirini ýetirýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SAGDYN DURMUŞ – GÖZEL ÝAŞAÝYŞ

Kitaphanalar

07.04.2026

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki 48-nji çagalar bakja bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpeje çagalary bilen “Sagdyn durmuş – gözel ýaşaýyş” atly gürrüň geçirdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly ajaýyp kitaby okaldy. Çagalar uly höwes bilen diňlediler. Bu bolsa körpeleriň sporta bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň jemgyýetde işjeň, sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýan şahsyýetler bolup kemala gelmegine ýardam edýär. Kitapda bellenilişi ýaly, sport arkaly ýaş nesliň watansöýüjilik, sagdynlyk, agzybirlik ýaly ähmiýetli duýgulary ösdürilýär.

No image
RUHY BAÝLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

07.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti, kitaphanalaryň okyjylar bilen arabaglanyşygy dogrusynda söhbet etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň her bir ýazan ajaýyp eserleriniň biziň şu günki ýaş nesillerimiz üçin uly bir terbiýe mekdebidigini belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň many-mazmunyny düşündirmek arkaly ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini güýçlendirmek, olaryň watançylyk duýgularyny, ylym-bilime, milli mirasa, maşgala mukaddesligine bolan düşünjelerini ösdürmek kitaphana işgärleriniň borjy bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan neşirleriň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
ZEHINLI ÇAGALAR

Kitaphanalar

07.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan “Zehinli çagalar” atly bäsleşik geçirýär. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 131-nji orta mekdebiniň zehinlije okuwçylary gatnaşdy. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy. Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR

Kitaphanalar

07.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap “Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar” atly söhbetdeşlik geçirdi. Nusgawy edebiýatymyzda “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy” diýlen meşhur setir bar. Saglyga, sagdyn durmuş-ýörelgelerine oňyn garaýyşy emele getirmäge gönükdirilen mysallar türkmen halk döredijiliginiň islendik eserinde görmek bolýar. Bu asylly ýörelgeler häzirki döwrümizde hem yzygider dowam edýär. Üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy milletimiziň saglygyny gazanmakda, keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýe. Sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak, saglygy goramak. Ine, şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy sportuň durnukly ösdürilýän ýurtlaryň biri hökmünde dünýä tanatmakda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.