logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Dutarym - owazym

Kitaphanalar

17.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Dutarym- owazym” atly söhbetdeşlik geçirildi. Garaşsyz Diýarymyzda milli sumgatymyza, şol sanda dutar ýasamak hem-de bagşyçylyk sungatyna uly sarpa goýulýar. Dutar - türkmeniň geçmişini, şu gününi we parlak geljegini birleşdirýän ruhy hazyna. Ine şular hakynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli sungatymyzy sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlandy

Kitaphanalar

17.09.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly gepleşik guraldy. Gepleşigiň dowamynda çykyş edenler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýändigini bellediler. Gepleşigiň ahyrynda Garaşsyzlygymyzyň binýadyny has-da berkidýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Aýdym-sazly çäre

Kitaphanalar

16.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk baky bagtym, Watanym Türkmenistan» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, mähriban halkymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagtyýarlygyň, berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýandygyny, Garaşsyzlygyň ýurdumyzy taryhy özgerişlere besläp, parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzy ajaýyp döwre, bagtyýar durmuşa ýetirendigi barada bellediler. Şeýle hem, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde parahatçylygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýän wakalaryň halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda döredijilik işgärleriniň täsirli çykyşlary, okap beren goşgulary, mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary, çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Duşuşyk geçirildi

Kitaphanalar

16.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, bu kitaphananyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminiň hem-de Ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda, “Ýyldyrymdan ýyndamdyr ahalteke atlary” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda gazanylan üstünlikler, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýan taryhy waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olary köpeltmek, seýislemek we atçylyk sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler. Şeýle hem, bedew batly ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde uly işleri alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlygyň waspy ýaş nakgaşlaryň eserinde

Kitaphanalar

16.09.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda “Garaşsyzlygyň waspy ýaş nakgaşlaryň eserinde” atly söhbetdeşlik geçirildi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Ýer ýüzünde meşhurlyga eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, dünýä ýüzünde durmuş-ykdysady taýdan barha ösýän, ägirt uly mümkinçilikleri bolan, kuwwatly häzirki zaman döwleti hökmünde giňden tanalýar – diýip, söhbetdeşlikde çykyş edenler giňişleýin bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Şanly Garaşsyzlygyň şanyna

Kitaphanalar

16.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň hem-de Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda, «Arkadag Serdarly bagtyýar Diýar, Şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlygyň milli buýsanjymyz, ata-babalarymyzyň arzuwlan ýoly we beýik geljegimiziň berk binýady bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy diňe bir taryhy sene bolman, eýsem, bütin halkymyzyň agzybirligini, Watana bolan söýgüsini we gülleýiş ýolundaky uly zähmetini görkezýän beýik baýramdygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlandy

Kitaphanalar

16.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – sen ykbalyň peşgeşi, joşa geler köňül ylham çeşmesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede halkymyzyň hasyl bolan arzuwy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesi toý-dabaralara beslenip, zähmetsöýer halkymyzyň mizemez agzybirliginiň waspy bolup has-da belentden ýaňlanýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de halkymyzyň Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga aýratyn sarpa goýýandygyny nygtadylar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk bagty – ykbalyň gül daragty

Kitaphanalar

16.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk bagty – ykbalyň gül daragty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, bedew batly ösüşlere beslenýän şanly ýylymyzyň buýsançly şygary, Garaşsyz döwletimiziň 35 ýylyň içinde gazanan beýik üstünlikleriniň aýdyň beýany bolup, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň mekanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyzlygyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň we röwşen geljeginiň sarsmaz binýady bolup, eziz Watanymyza buýsanjyňy has-da artdyrýandygyny guwanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy ajaýyp döwürde ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Owazasy arşa dolan bedewler

Kitaphanalar

16.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda, “Owazasy arşa dolan bedewler” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. ”Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen bu çärede, çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň üstünlikli geçirilendigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň niderland dilinde çap edilen “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň hem ýokary derejede geçirilendigini nygtadylar. Şonuň ýaly-da, Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän “Bedew ösüşleriň nyşany” atly giňişleýin kitap sergisi gurnaldy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde uly işleri alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

Kitaphanalar

15.09.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäher häkimligi, Arkadag teleýaýlymy, Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak halkymyzyň bagtyýarlygyna badalgadyr. Her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň geçirilmegi, raýatlarymyzyň ömrüniň howpsuzlygynyň kepili bolan ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmaga gönükdirilendir. Bu çäre sürüjilerde-de pyýada ýolagçylarda-da ýol hereketiniň düzgünlerine jogapkärli garamak endigini terbiýeleýär - diýip, çykyş edenler bellediler.