logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Maglumat we sanlylaşdyrma

Muzeýler

27.10.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş muzeýinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wirjiniýa uniwersitetiniň doktory Daniýel Weýsiň gatnaşmagynda, şeýle hem muzeýiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Onda muzeý işini kämilleşdirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, muzeý gymmatlyklaryny sanlylaşdyrmak dogrusynda çykyşlar edildi. Häzirki wagtda sanly ulgamyň ösen döwründe muzeý gymmatlyklaryny we olar baradaky maglumatlary sanlylaşdyrmagyň maksady, bu gymmatlyklaryň geljekki nesillere ýetirmekde şeýle hem taryhy maglumat çeşmesi hökmünde ähmiýetiniň uludygy barada myhman öz çykyşlarynda belledi. Mundan başga-da Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeýlerinde sanly ulgam bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda tejribeler alşyldy. Çykyşlaryň ahyrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wirjiniýa uniwersitetiniň doktory Daniýel Weýs okuw sapagyna gatnaşanlara minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

No image
Asylly ýörelgeleriň şuglasy

Kitaphanalar

27.10.2026

Ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahat söýüjilige, myhmansöýüjilige ýugrulan asylly ýörelgeler häzirki döwürde döwrebap ösdürilýär we dünýä ýaýylýar. Munuň özi merdana halkymyzyň, ynsanperwer aň-düşünjesiniň miwesidir. Giň gerimli ösüşler bolsa hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyz üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolýar. Eziz Watanymyzyň beýik ösüşler barada ýaş nesle yzygiderli maglumatlaryň berilmegi olarda watansöýüjiligi, milli buýsanjy ösdürýär. Garaşsyzlygymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň, parahatsöýüjilik ýörelgelerimiziň gadyr-gymmatyny we ýurdumyzyň asylly başlangyçlaryna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz dünýäniň döwletleri bilen dostluk, birek-birege hormat, ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny yzygiderli ösdürilýändigi barada gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň soňunda işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Çaga - terbiýesi mukaddesdir

Kitaphanalar

27.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 100-njy çagalar bakja-bagynda körpe nesil bilen “Çaga-terbiýesi mukaddesdir” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, täsirli söhbet edildi we mundan başga-da ene-mamalarymyzdan galan milli mirasymyz bolan alajadyr, el-işlerimiziň gymmatlygy barada gürrüň etdiler. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, ondaky gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Medeniýetli dynç alyş

Kitaphanalar

27.10.2026

Bu gün Lebap welaýat kitaphanamyza okuwçylar dynç alýan wagtynda täze çap edilen kitaplar bilen tanyşmak üçin gezelençde boldular. Ýurdumyzda ýaşlaryň medeniýetli dynç almagy olaryň ruhy taýdan baýlaşmagyna, giň dünýägaraýyşa eýe bolmagyna we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegine gönükdirilen möhüm ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda ýaş nesil üçin dynç alyş wagtyny diňe bir wagt geçirmek däl, eýsem, özbaşdak ösüş, täze bilimleri we başarnyklary özleşdirmegiň hem bir ýolydyr. Türkmenistanda ýaşlaryň medeniýetli we peýdaly dynç almagy üçin birnäçe ajaýyp mümkinçilikler hem-de ugurlar bar. Medeniýetli dynç alyş diňe bir göwün açmak däl, eýsem şahsyýeti ösdürmek, gözýetimi giňeltmek we wagty netijeli geçirmek bilen baglanyşyklydyr. Kitap okamak we bilim almak: Kitap – akyl hazynasy. Ýaşlaryň wagtyny kitaphanalarda, okyjylar zallarynda geçirmegi, çeper we ylmy edebiýatlary öwrenmegi olaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, hem-de sowatlylygyny artdyrýar. Medeniýetli dynç alyş ýaşlaryň boş wagtyny peýdaly zatlar bilen dolduryp, olary zyýanly endiklerden daşda durmagyny goraýar. Döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga, täze dostlary tapmaga we jemgyýetde öz ornuny tapmaga ýardam berýär. Medeniýetli dynç almagy endik edinen ýaşlar geljekde öz hünärine ussat, giň pikirli we sagdyn ruhly raýatlar bolup ýetişýärler.

No image
TÄZE GELEN KITAPLARA KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

27.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler ”Ylym” neşirýaty tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen A.Agajanowyň “Materiallary işläp bermegiň häzirki zaman usullary”, J.Annyýewiň “Konstruksion materiallar we tehnologik enjamlar”, W.Çopanowyň “Gazturbina desgalarynyň synagdan geçirilişi” atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplar tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem maşyngurluşyk kärhanalarynyň inžener-tehniki işgärleri üçin niýetlenendigini mälim etdiler. Kitaphana synyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ösüşleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

27.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi kitaphana gelip gowşan täze edebiýatlardan we döwürleýin metbugat neşirlerden kitaphana synyny geçirdi. Bu kitaphana synynda “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly žurnalyndan we oba hojalyga degişli edebiýatlardan syn geçirildi. Bu kitaphana synyna gatnaşan kitaphana işgärleri we okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TEATRYŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI

Teatr we kino dünýäsi

26.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, milli sungatymyzy dünýäde wagyz etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat, şeýle hem döredijilik işgärleri dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän festiwallara, sergilerdir döredijilik duşuşyklaryna gatnaşyp üstünlikli çykyş edýärler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. 2026-njy ýylyň 18-23-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň eminler toparynyň agzasy hökmünde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, şeýle hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry ahalteke bedewiniň dünýädäki şöhratyny, şeýle hem, türki halklaryň dost-doganlygyny dabaralandyrýan, B.Annanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak at» atly spektakly bilen gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler. Mälim bolşy ýaly, belli kino aktýor, režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanow «Ak at» atly pýesasyny öz durmuşyndan we taryhy wakalardan ylham alyp döredipdir. Onda Aşgabat ýer titremesinde ýanýoldaşyny we 3 aýlyk çagasyny ýitiren Jemal ejäniň Baku şäherinde uzak ýyllaryň dowamynda bejergi alansoň, öz perzendiniň gözlegine çykyşy hem-de Nazira atly özbek zenanyň Daşkent şäherindäki çagalar öýünden alyp, ogullyk edip terbiýeleýşi örän tasirli wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Jemal ejä perzendi Alyşiri tapmaga, seýis kakasy tarapyndan ýasalyp, çagaka boýnuna dakylan dagdandan bejerilen ak atyň heýkeljigi ýardam edýär. Alyşiri terbiýeläp ýetişdiren Daşkendiň teatr-çeperçilik institutynyň professory, Özbegistanyň halk artisti, belli kino we teatr artisti Nazira Alyýewa, halypa artistimiz B.Annanowyň halypasy-hünär dersleri mugallymy bolýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE-%D0%B2%D0%BE%D1%81%D1%81%D1%82%D0%B0%D0%BD%D0%BE%D0%B2%D0%BB%D0%B5%D0%BD%D0%BE.jpg) Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalyna gatnaşan, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary bu sahna eserinde şeýle täsirli wakalaryň üsti bilen köp asyrlyk taryhly halkymyzyň parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik hem-de dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrdy. Sahna eserinde bedew atyň türkmen bilen ykbaldaşlygy hem-de ýigidiň goşa ganatydygy durmuş wakalarynyň üsti bilen janlandyryldy. Spektakl tamamlanansoň, baş gahryman Nazira Alyýewanyň agtygy, häzirki wagtda Özbegistanyň döwlet gurjak teatrynyň baş režissýory bolup zähmet çekýän, belli artist we halypa dramaturg Dinara Ýoldaşowanyň sahna çykmagy hem-de dünýäde parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik hem-de halklaryň dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýtmagy örän tolgundyryjy duýgulary bagyşlady. Tomaşaçylar ýerlerinden ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna hem-de halkara teatr festiwalyna şeýle döredijilik sowgadyny getiren teatr artistlerine sagbolsunlaryny bildirdiler. Halkara festiwalyň emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijelerine görä, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň «Ak at» atly sahna eseri halkara teatr festiwalynyň parahatçylyk, ynsanperwerlik hem-de dostluk mowzugy boýunça «Iň gowy sahna eseri» atly baýragyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň teatrlary indi üç ýyl bäri Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň arasynda geçirilýän halkara teatr festiwalynda baş baýraga eýe bolup gelýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen «TÜRKSOÝ» atly II halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligine bagyşlanan «Pursat» atly sahna eseri, 2025-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwalynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Baýram han Türkmen» atly sahna eseri üçin baş baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzyň teatr ussatlaryna şeýle abraýly halkara üstünligini gazanmak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary «Ak at» atly sahna eseri bilen mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda teatryň döredijilik topary halkara festiwalyň birnäçe baýraklary bilen sylaglandy. Hususan-da, türkmen teatrynyň sahnalaşdyran ajaýyp drama eseri bolan «Ak at» atly spektakly TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV halkara teatr festiwalynyň kubogy, şeýle hem, bu sahna eseri üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Andijan şäheriniň häkimliginiň IV halkara teatr festiwalynda parahatçylyk, ynsanperwerlik we dostluk mowzugyndan iň gowy spektakl atly baýragyny tassyklaýan Diplom, halkara teatr festiwalynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň baş ýolbaşçysy N.Hojaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň oýun goýujy režissýory M.Jumabaýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Sport, syýahat we saglyk» bölüminiň müdiri G.Hemraýewa Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hormat haty, halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy we festiwalyň üstünlikli geçirilmegine saldamly goşant goşandygy üçin, Türkmenistandan gatnaşan döredijilik wekiliýetiniň ähli agzalary Minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy. Festiwalyň çäginde mundan başga-da Türki medeniýetiniň halkara guramasyna – TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň IV teatr festiwalynda türki halklaryň teatr sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmakda, teatr artistleriniň, režissýorlarynyň özara tejribeleri alyşmaklarynda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli ussatlyk sapaklary, tejribe alyş maslahatlary geçirildi. Olara belli režissýorlar hem-de dramaturglar, teatr sungatyny öwreniji alymlar, belli teatr artistleri gatnaşdylar. Ýurdumyzdan halkara festiwalyna wekilçilik eden sungat we medeniýet işgärleri festiwalyň çäklerinde Andijan şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdiler. Şäheriň gözellikleri sungat ussatlarynyň döredijilik ylhamyny has-da joşdurdy. Bu halkara teatr festiwalynyň ýokary baýragyna mynasyp bolan teatr artistleri dostlukly döwletleriň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen, bu sungat baýramynyň köňülleri birleşdirýändigini, birek-birekden sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga ýardam berýändigini aýratyn belläp, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar. Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
Türkmen alabaýynyň sungatdaky keşbi

Täzelikler

26.10.2026

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde açylan «Türkmen alabaýy – wepadarlygyň nusgasy» atly döredijilik sergisine, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary döredijilik eserleri bilen işjeň gatnaşdylar. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň baý taryhy we medeni gymmatlyklary häzirki güne çenli goralyp saklanylýar. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem akyllylygy, wepalylygy bilen dünýäni haýrana goýan türkmen alabaýydyr. Gadymy hem naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýan türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, milli buýsanjymyz bolan alabaý itleriniň dünýä derejesindäki ykrarnamasyny has-da berkitdi. Şeýle taryhy we buýsançly wakalardan ugur alyp, bu sergä göz aýlasak türkmeniň alabaý itlerini diňe bir nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk, grafika sungatynda däl, eýsem, amaly-haşam sungatynda-da görmek bolýar. Nakgaşçylyk hünäri boýunça Agadöwlet Sapargeldiýewiň «Paýtagtyň gözel künjegi», Perman Annagulyýewiň «Wepaly dost», Täzegül Döwletowanyň «Türkmen alabaýy», Gülöwser Hojanepesowanyň «Wepaly türkmen alabaýy» atly eserleri muňa subutnamadyr. Gülöwser Hojanepesowanyň «Wepaly türkmen alabaýy» atly nakgaş eserinde wepalylygyň we asyrlar aşan milli däp-dessurlaryň ruhy näzik äheňde şöhlelendirilýär. Bu nakgaş esere reňk berýän altyn öwüşginli sarymtyl reňkler Garagum sährasynyň tebigatynyň arassa gözelligini göz öňünde janlandyrýar. Türkmeniň ak öýleri bolsa ojak mukaddesliginiň we myhmansöýerligiň nyşanydyr. Bu nakgaş eserinde oba durmuşynda bolup geçýän hakyky wakany açyp görkezýän çagalaryň milli oýny bolan aşyk oýnamak görnüşi, wepaly alabaý bilen bir bitewilikde sazlaşykda jemlenilip, eseriň kalbyňda ýylylyk döredýändigini bellemek gerek. Çünki oýna gyzan çagalaryň buýsançly keşbi eseri synlaýan her bir tomaşaçyda uly täsir galdyrýar. Heýkeltaraşlyk ugry boýunça Patdyk Patdykowyň «Goragçy», Begenç Öwezowyň «Gaýduwsyz», Söhbet Seýidowyň «Alabaý» atly heýkel eserleri sergä aýratyn öwüşgin berýär. Begenç Öwezowyň «Gaýduwsyz» atly heýkel eserinde türkmen alabaýynyň keşbi görkezilýär. Aýgözel Hojaniýazowanyň «Türkmen alabaýy» atly keramika taslamasynda halkymyzyň taryhy etnografiýasy bilen häzirki zaman durmuşymyzyň berk baglanyşygy görkezilýär. «Halyçylyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyplarynyň «Dostluk» atly haly eseri, türkmen senediniň kämilligini we wepaly alabaý itleriniň nesil dowamlygyny wasp edýän sungat eseridir. Bu sergidäki her bir eserde ýaş suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň halkymyzyň gymmatlyklaryna we hünärine bolan hormatyny, söýgüsini görmek bolýar. Jemal MEREDOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

No image
Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň (JICA) guran okuwlaryna gatnaşdylar

Syýahatçylyk

26.10.2026

2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryndan 21-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýa döwletinde Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentligi (JICA) tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynda sebitleýin syýahatçylygy ösdürmek boýunça okuwlaryna ýurdumyzyň «Halkara syýahat» we «Şowly syýahat» syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Agentliginiň tejribeli hünärmenleriniň we Wakaýama uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar kafedrasynyň professor mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen amaly we tejribe sapaklar geljekde ýurdumyzyň syýahatçylyk ýerlerini täze ösen tehnologiýalar arkaly mahabatlandyrmak, ekologiýa we saglyk, taryhy syýahatçylygyny ösdürmek, Ýaponiýadan şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň akymyny artdyrmaga itergi berer. Okuwa gatnaşan syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini Wakaýama uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar kafedrasynda giňden mahabatlandyrdylar.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

26.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni- köpçülik işleri bölümi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly ajaýyp täze kitabyndan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly kitabynda eşretli döwrümiziň ýaşlarynyň ylym-bilimli, ilhalar, ýagşy häsiýetli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde edilýän uly aladalar barada giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly bu kitabynda şular hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Ýaşlaryň ýankitabyna öwrülen, ýagşy öwüt-nesihata ýugrulan bu ajaýyp kitap gymmatly hazynadyr - diýip nygtadylar. Kitaphana synyna gatnaşyjylar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.