logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GELIŇ, KITABY SÖÝELIŇ !

Kitaphanalar

20.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Geliň, kitaby söýeliň” atly mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleri bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň nurana geljegi bolan ýaş nesiller ähli taraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar. Çagalarda köp kitap okamaga bolan söýgini döretmek, kitap okamagy endik etmegi öwretmek bolup durýar. Akyldarymyz Magtymguly Pyragy bu barada “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýip belleýär. Çagalara pähim-parasatly nakyllaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň, manysyny öwretmek, ýat tutdurmak, çuňňur düşündirmek, öwrenmäge endik etdirmek çagalaryň kitaba bolan höwesini hasda artdyrýar. Berkarar Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, ýaş nesiller hakda bimöçber aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
«PARAHATÇYLYGYŇ ŞAHYRY» ATLY OKUW SAPAGY

Täzelikler

20.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň «Parahatçylygyň şahyry» atly bölümine bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda mugallymlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyşlarda «Magtymguly Pyragy–türkmen milli ruhunyň synmaz binýady», «Dana akyldaryň döredijiligine bagyşlanan kitaplaryň çeper bezegi», «Şahyryň goşgularynda parahatçylygyň waspy», «Heýkeltaraşlyk sungatynda Magtymguly Pyragynyň paýhasly keşbi», «Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetini belende göteren danadyr», «Türkmen haly sungatynda dana şahyryň döredijiligi» ýaly temalar boýunça birnäçe gyzykly maglumatlar beýan edildi.

No image
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GEÇIRILJEK DÜNÝÄNIŇ NUSGAWY AWTORLARYNYŇ ESERLERI ESASYNDA SAHNALAŞDYRYLAN SAHNA OÝUNLARYNYŇ «HEMIŞELIK BITARAPLYK–DOST-DOGANLYK BINÝADY» ATLY HEPDELIGINIŇ MEÝILNAMASY

Teatr we kino dünýäsi

20.10.2025

2025-nji ýylyň 6–12-nji dekabry aralygynda 2025-nji ýylyň 6-njy dekabry, şenbe 12.00 – 13.00 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda daniýaly ýazyjy we dramaturg Hans Kristian Anderseniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Dýumowoçka» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 17.00 – 17.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Kim Meşkowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Bir towşanjyk bar eken» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Balzaminowyň öýlenişi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Oskar» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda amerikan ýazyjysy we dramaturgy Edgar Allan Ponuň «Garga» poemasy esasynda sahnalaşdyrylan «Güneş» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.40 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ýapon dramaturgy Dzýunzi Kinositaniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Durna ýelekleri» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.45 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda gruzin dramaturgy Awksentiý Sagareliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Hanuma» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Romeo we Julýetta» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.25 Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus dramaturglary Ýuriý Osnosyň we Wiktor Winnikowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ýeke-täk söýgi» (Ak lotos) atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.10 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňy» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gelinler» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.15 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda azerbaýjan dramaturgy Nazim Musazadanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gaýynene» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.10 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Prosper Merimäniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söýginiň ýolunda» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 2025-nji ýylyň 7-nji dekabry, ýekşenbe 11.00 – 12.00 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Alybaba we kyrk garakçy» atly arap ertekisi esasynda rus dramaturgy Maksim Sadownikowyň ýazan pýesasy boýunca sahnalaşdyrylan «Alybaba» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 12.00 – 12.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus ertekisi esasynda dramaturg Mihail Sadowskiniň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Maşa we aýy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 17.00 – 17.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus ertekisi esasynda dramaturg Mihail Sadowskiniň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Maşa we aýy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda özbek yazyjysy we dramaturgy Alişer Ezizhojaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Giýewleriň bäsleşigi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.35 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Sanjarali Imanowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Super gaýynene» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda özbek dramaturgy Hoja Abbasyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gyzyl alma» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz dramaturgy Žan-Batist Poklen – Molýeriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Mejbury tebip bolan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Arşyn mal alan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda arap ertekisi esasynda siriýaly ýazyjy we dramaturg Hanna Diýabyň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Alladin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ene toprak» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.15 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Şaraf Başbekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Demir aýal» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.10 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Wampilowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Myhmanhanada» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 8-nji dekabry, duşenbe 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Oskar» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.35 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Türkmen döwlet gurjak teatrynda azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Arşyn mal alan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Rober Tomanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Sekiz magşuk zenan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.10 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Bagbanyň gyzy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.15 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 9-njy dekabry, sişenbe 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Är-aýal» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Mar Baýjyýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Dil tapyşanlar» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda tatar ýazyjysy we dramaturgy Zaki Zaýnulliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Alty gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gurtlar we goýunlar» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 19.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus şahyry we dramaturgy Samuil Marşagyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Külbejik» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus dramaturglary Ýuriý Osnosyň we Wiktor Winnikowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ýeke-täk söýgi» (Ak lotos) atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda italýan dramaturgy Karlo Goldoniniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Kojidäki wakalar» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.10 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söz aýdyş» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 10-njy dekabry, çarşenbe 19.00 – 20.40 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Nadaranyň nogtalanyşy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.35 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda rus şahyry we dramaturgy Nikolaý Gogolyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Öýleniş» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Wodowil» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 19.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Balykçy we balyjak» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Arşyn mal alan» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Deňiz ýakasynda gezýän ala köpek» powesti esasynda sahnalaşdyrylan «Arzyly kenar» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.25 Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Daş myhman» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.10 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňy» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gelinler» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.20 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Wampilowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Myhmanhanada» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 11-nji dekabry, penşenbe 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňy» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gelinler» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Hüwdi» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda norweg dramaturgy Genrih Ibseniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gurjaklaryň öýi» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Romeo we Julýetta» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Daş myhman» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ene toprak» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.10 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda tatar ýazyjysy we dramaturgy Tufan Minnuliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Bir gyza dört aşyk» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi. 19.00 – 20.20 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry, anna 19.00 – 20.50 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Romeo we Julýetta» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.25 Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söweşe garşy söweş» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.45 Türkmen döwlet gurjak teatrynda iňlis dramaturgy Jozef Redýard Kiplingiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Maugli» atly sahna oýnunyň ikinji görkezilişi. 19.00 – 20.45 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ispan dramaturgy Lope de Weganyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ukyply magşuk» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.30 Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda amerikan ýazyjysy we dramaturgy Edgar Allan Ponuň «Garga» poemasy esasynda sahnalaşdyrylan «Güneş» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.00 Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Bagbanyň gyzy» atly sahna oýnunyň görkezilişi. 19.00 – 20.10 Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Prosper Merimäniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söýginiň ýolunda» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi.

No image
ÖSÜŞLERE BESLENEN PARAHAT, ASUDA WATANYŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY

Kitaphanalar

17.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalary bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş eden bagtyýar zenanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde ýokary derejede durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty,zenanlaryň hukuklary,ýaş zenanlar üçin döwlet goldawy,maşgala mukaddesligini goramaklyk, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiz, zenanlaryň görküne görk goşýan bezegli şaý-sepler,türkmen gelin gyzlarynyň çeper ellerinden çykýan dünýä gymmatlygy hasaplanýan nepis halylary we keşdeleri ýaş nesillere ýetirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyz, ruhy gymmatlygymyz, zenanlaryň ukyp başarnygyna görä durmuş-ykdysady ösüşlerinde goşýan goşantlary barada täsirli gürrüňler edildi. “Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin.

No image
ÖSÜŞLERE BESLENEN PARAHAT, ASUDA WATANYŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY

Kitaphanalar

17.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalary bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäginde çykyş eden lukman zenanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden we dabaraly bellenilen günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitleri” atly täze kitabynyň çap edilmegi hem lukmanlara ajaýyp baýramçylyk sowgady bolup, olaryň ýankitabyna öwrülen bu ylmy-ensiklopedik işiň täze jildinde alym Arkadagymyz türkmen topragynda bitýän,gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlary beýan edilip hem-de alym Arkadagymyzyň bu täze kitaplarynyň ähmiýeti, lukmançylyk ylmynyň ösüşine goşan goşandy barada giňişleýin söhbet edildi. Maslahatyň dowamynda “Halkyň saglygy-döwletiň baş baýlygy” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.

No image
HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY-KAMILLIK ÝOLY

Kitaphanalar

17.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hemişelik okyjylary bilen we çagalaryň söýgüli ýazyjylary halypa şahyrlarymyz Bahargül Kerimowa hem-de Hemra Şirowyň gatnaşmaklarynda  «Halypa şägirtlik ýoly -  kamillik ýoly» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän şygyrlar okaldy. Kitaphananyň bilesigeliji okyjylary söýgüli ýazyjylary bilen hekaýalar, goşgular esasynda gyzykly gürrüňdeşlik geçirdiler, özara sorag-jogap alyşdylar. Halypa ýazyjylarymyz ýaşlara kitap okamagyň ynsanda halallyk, dogruçyllyk, adalatlylyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtadylar. Höwesjeň okyjylarymyz ajaýyp tebigatymyzy, asuda Asmanymyzy, parahat Zeminimizi, ata Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän öz dereden goşgularynyň ençemesini labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy.     Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ata Watanymyzy çagajyklaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwren, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kitaphon adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
PARAHATÇYLYK–DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI

Kitaphanalar

17.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylyk–durnukly ösüşiň kepili» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen döwletdigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasatlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öz gözbaşyny hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan alyp gaýdýandygy, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri pederlerimiziň parahatçylyk, asuda, abadan durmuş hakyndaky isleg-arzuwlarynyň wysalydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AKTAU ŞÄHERINDE TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ MUZEÝLERINIŇ HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

17.10.2025

16-17-nji oktaýabrda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Döwlet muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň IV maslahaty» geçirildi. Maslahatda «Daş ýadygärlikler - türk dünýäsiniň umumy mirasy» ady bilen geçirildi. Bu maslahata Gazagystandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Wengriýadan, Gagauziýadan we Demirgazyk Kiprden gatnaşdylar. Soňra gatnaşyjylar A.Kekilbaýew adyndaky Mangistau sebit taryhy-ýerli taryh muzeýine we «Türklerde haly dokamak sungaty» atly halkara sergisine baryp gördiler. 17-nji oktýabrda muhmanlar sebitiň medeni we tebigy mirasynyň täsin ýadygärlikleri bilen tanyşmak üçin Şopan-ata we Beket-ata ýerasty metjitlerine, şeýle hem Bozjyra traktyna gezelenje aýlanarlar.

No image
PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Kitaphanalar

17.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanyp, çuňňur many-mazmuna eýe bolýandygy deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygy, daşary syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki wagtda döwlet syýasatymyzyň özenine öwrülýändigi barada bellediler. Çäräniň ahyrynda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyryp, eziz Watanymyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK DÜNÝÄ HALKLARYŇ SAZLAŞYGY

Kitaphanalar

17.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak dünýä halklaryň sazlaşygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede dünýäde parahatçylykly ösüşi wagyz edýän Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, Garaşsyzlygyny alan gününden bäri netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýanýandygy, daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýandygy barada bellediler. Ýurdumyzyň asylly maksatlary nazarlaýan başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy şeýle hem Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bizi eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.