logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Siz Watanyň şu güni hem ertiri, Ýurdumyň bagtyýar ogul-gyzlary

Kitaphanalar

18.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen çagalar bagynda terbiýelenýän çagajyklardan başlap,ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmaklygy ,olaryň watansöýüji, ene-atasyna wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda kitaphanalarda hem köp işler alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp,Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölüminiň işgärleri hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän 165-nji çagalar bakja - bagynda “ Siz Watanyň şu güni hem ertiri, Ýurdumyň bagtyýar ogul-gyzlary” ady bilen körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri türkmen halk ertekilerinden birnäçesini körpejelere okap berdiler we olardaky gahrymanlaryň edermençiligi hakynda gürrüň etdiler. Körpeleriň arasynda sergilenen “Türkmen halk ertekileri” ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni has-da özüne çekdi. Parahat ýurdumyzda gelejegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işleri edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
Göwheriň gözel şaýlary

Täzelikler

17.06.2026

Islendik sungat, ilki bilen, häsiýet saýlaýar diýleni. Pespäl, kiçigöwünli, yhlasly, köňül beren işine wepaly ynsanlara «Kesbinden kemal tapan» diýilýändigi hem şonuň üçin bolsa gerek. Hünärliniň häsiýetinden, zähmetinden, döredijilikli gözleglerinden wysal tapýan işler mydama ýokary baha mynasyp bolýar, eýesine uly abraý getirýär. Zergär zenan Göwher Nuryýewa indi 30 ýyla golaý wagtdan bäri bu asylly sungat bilen meşgullanyp gelýär. Ol Suratkeşler birleşiginiň hem agzasydyr. Göwheriň işleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralýan sergilerde hem köpüň ünsüni özünde egleýär. Şu ýylyň 15-17-nji maýy aralygynda ol doganlyk Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen «Altyn sapak we zergärçilik hünäri» atly bäsleşige gatnaşdy. Özbegistanda her iki ýyldan geçirilýän bu bäsleşige Göwher eýýäm ikinji gezek gatnaşýar. 2024-nji ýylda ol bäsleşige ilkinji gezek gatnaşyp, «ÝUNESKO-nyň bäsleşiginiň ýeňijisi» diýen güwänama mynasyp bolupdy. Bu gezekki bäsleşige dürli ýurtlardan zergärleriň köp sanlysy gatnaşdy. Şonda Göwher üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan oňa 1 müň amerikan dollary hem-de bäsleşigiň Kubogy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. —Baýrak gowşurylyş dabarasynda üýtgeşik tolgunmany başdan geçirdim. Alypbaryjynyň: «Türkmenistandan Göwher Nuryýewa» diýen wagtyndaky buýsanjymy hiç zat bilen deňäp bilmerin. Biz — zergärlere şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys - diýip, zergär zenan belleýär. Bäsleşigiň ikinji gününde bilermenler zergärleriň el işiniň görkezilişini gurapdyrlar. Göwher şonda hem ussatlyk sapaklaryny görkezip, synagdan üstünlikli geçmegi başarypdyr. Ol bäsleşige özüniň 60-a golaý işi bilen gatnaşypdyr. Olaryň arasynda gülýaka, asyk, gulakhalkalar, bilezik, sümsüle-maňlaýlyk, ýüzükler hem bar. Göwheriň bu sungatda özboluşly ýoly bar. Ol öz ýasan şaý-seplerinde millilige uly üns berýär. Gadymy şaýlarymyzyň nusgalary esasynda işläp, olary döredijilik gözlegleri bilen baýlaşdyrmaga goşandyny goşýar. Munuň üçin ol hemişe gözlegde. Inçelik bilen ýerine ýetirilýän işler zergäriň kämillige ýetendigini aýdyp berip duran ýaly. Göwheriň şaý-sepleriniň ýene bir aýratynlygy: baharda türkmen sährasynda açylan çigildemler olaryň ebedi bezegine öwrülip galypdyr. Milli şaý-seplerimiziň bezegi bolan hakyk gaşy bilen bezäp-beslemek hem onuň işlerinde aýratyn göze ilýär. Göwheriň hem aýdyşy ýaly, zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik özara baglanyşyklydyr. Zergärçilikdäki nagyşlar beýleki keşdeler hem-de haly nagyşlary bilen deň gelýär. Göwher geçen ýylyň dekabrynda Hindistanda geçirilen el işleriniň festiwalyna gatnaşyp gelendigini, şonda özüne ýörite güwänamanyň gowşurylandygyny hem gürrüň berdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly döredijilik, medeniýet, sungat işgärlerine hem rowaçlyk getirýär. Ýeri gelende bellesek, Göwher — bedewlerimiziň bezeg şaýlaryny ýasamagyň hem ussady. Zehinli zergär zenany nobatdaky üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa geljekde-de rowaçlyklary arzuw edýäris.

No image
Ylymlar ojagy – kitaphanalar

Kitaphanalar

17.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphanalarda alnyp barylýan işler, okyjylara edilýän döwrebap hyzmat dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle hem kitaphana ulgamynyň ösüş binýadynyň aýratynlygy, dürli ugurlar boýunça gelýän okyjylarymyz üçin hereket edýän sanly ulgamynyň işleýşi, onuň kitap hazynamyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerini, dürli pudaklar boýunça ýerleşdirilen kitaplary okap bolýandygy hem-de bu kitaplaryň audio ses ýazgylaryny diňlemek mümkinçilikleriniň hem döredilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzy kämil düşünjeli, giň dünýä garaýyşly, sanly ulgamlaryny başarnykly peýdalanmaklaryna uly ýardam berýär. Kitaphana işgärleri söhbediniň soňunda özleri üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Türkmen halk ertekilerinden “Bir bar eken”

Kitaphanalar

17.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmen halk ertekileri esasynda “Bir bar eken...” atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi. Geçirilen sesli okaýyşda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde kitaplaryň ornunyň uludygyny, şeýle hem olary ugurtapyjylyga, watansöýüjilige, ündeýän owadan suratlar bilen bezelen kitaplar, şonuň bilen birlikde halk döredijilik eserleri, görnükli alymlaryň, pelsepeçileriň, şahyrlaryň türkmeniň mertebesini beýgeldýän kitaplary hakynda gürrüň berdiler. Çagalara “Bir bar eken...” atly ertekili kitabyndan sesli okap berdiler we şol ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri hakynda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Magtymguly Pyragy-şygryýetiň göwher täji

Kitaphanalar

17.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Magtymguly Pyragy-şygryýetiň göwher täji”ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň şahyry bolman eýsem ýer ýüzüniň ähli halklarynyň şahyrydyr. Şahyryň ýazan ähli goşgulary bütin adamzat dünýäsi üçindir. Dana şahyryň goşgulary köptaraplylygy hem-de çeperçiligi bilen baýdyr. Şahyryň öwüt-nesihat, edep-terbiýe barada ýazan goşgulary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ähmiýeti diýseň uludyr.Şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar täsirli çykyş etdiler we Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
“Hytaý halk Respublikasyndan” sowgat gelen neşirlere kitaphana syny

Kitaphanalar

17.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi “Hytaý halk Respublikasyndan” sowgat gelen neşirlere kitaphana synyny geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Hytaý halk Respublikasy bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem Hytaý döwletiniň medeniýetini, edebiýatyny, taryhyny açyp görkezýän kitaplaryň sanynyň köp bolmagy, bu ugurda bilim alýan ýaşlarda dil bilimini artdyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň kitaphanaçylary Hytaý halk Respublikasyndan sowgat gelen neşirlere kitaphana synyny geçirdi. Bu kitaphana synynyň üsti bilen okyjylar hytaý döwletiniň däp-dessurlary, taryhy we medeniýeti bilen tanyş boldylar. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmäge aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

No image
Jahanda kitap dek dost bolmaz

Kitaphanalar

17.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 85-nji çagalar bagynda “Jahanda kitap dek dost bolmaz” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Çeper okaýyşda mähriban Watanymyzyň körpe balalary aýratyn üns aladalar bilen zähmetsöýerlilik hem-de watançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini beýan etdiler. Kitaphana işgärleri çagalara kitabyň iň ajaýyp dostdugyny, maslahatçydygyny, kitap okaýan adamyň dünýäsiniň giň, ruhubelent, ýatkeşligiňi ýiteldýändigini belläp, kitap okap bilimlerini artdyrmaklaryny maslahat berdiler. Çagalar bagynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara ertekilerden birnäçesini okap berildi we olaryň arasynda ertekileriň gahrymanlary hakynda sorag-jogap alyşyldy. Çärä gatnaşanlar körpe nesli döwrebap terbiýelemekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Bir-birege ýakyn edip kalplary, medeniýetim birleşdirýär halklary

Kitaphanalar

17.06.2026

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Bir-birege ýakyn edip kalplary, medeniýetim birleşdirýär halklary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä welaýatymyzyň göreldeli suratçylary, talyp ýaşlarymyz gatnaşdylar. Bu baýramçylygy ýylda belläp geçmek däbe öwrüldi. Medeniýet milletleriň her birine milli aýratynlyk, özboluşlulyk berýän, şol bir wagtyň özünde hem bitewileşdirýän güýçligi barada täsirli gürrüňler berildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin kitap sergisine we welaýat ýörite sungat mekdebiniň guran surat sergisine syn etdiler. Serginiň ahyrynda işlemäne, okamana döredip berilýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdylyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti - medeniýetiň genji hazynasy

Muzeýler

17.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas ummanyna ýokary sarpa goýup, şahyryň pelsepe ummanyny öz ruhy dünýäsine siňdirip, öz eserlerinde täze pikirler, döwrebap garaýyşlar bilen dabaralandyrylýar. Munuň özi Magtymgulynyň şygyrlarynyň pelsepesine düşünmäge çemeleşmegiň öňki ýörelgelerden tapawutlanýan täze döwriniň altyn derwezelerini açdy. Beýik akyldarlaryň ylham eleginden eýlenip çykan dürdäne eserleri ynsan köňlüne galkynmak, gurmak, döretmek, ösüp-örňemek ýaly pederlerimiziň mukaddes pentlerini ornaşdyrdy. Munuň özi beýik söz ussatlarynyň döredijilikleriniň milli-ruhy manydaky taryhy hyzmatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyzyň bitiren beýik hyzmatyna ýokary baha berip, şeýle belleýär: “Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy”. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ajaýyp setirleri indi diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, adamzadyň şirin zybanyňda nakyl, pähim, dessan bolup ýaňlanýar.Ýaňy ýakynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdymyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet sungatyň öçmez çyragy- arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!” ady bilen baýramçylyk sergisi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasyna tanymal medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri, bilim ulgamynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň şöhratly taryhyny şöhlelendirýän milli mirasymyz, ony öwrenmek, gorap saklamak we nesillere geçirmek boýunça Diýarymyzda alynyp barylýan tutumly işler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň belent ruhy, onuň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň mazmuny bilen sazlaşygy barada aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, medeni we edebi mirasynyň baý mazmuny açyp görkezýän ajaýyp eserleri barda buýsançly söhbetler edildi. Sergide milli medeniýetimize degişli muzeý gymmatlyklarymyzyň, nakgaşlaryň täze döreden eserleriň, türkmen milli saz gurallarynyň, amaly-haşam işleriniň, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň golýazmalarynyň, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň ýerleşdirilmegi bu ýere ýygnanan ildeşlerimizi halkymyzyň ruhy dünýäsine seýle çykardy. Bize medeniýet ulgamynda, döwrebap muzeýlerde döredijilikli zähmet çekip, milli mirasymyzyň müň dürli öwüşginlerini halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara ýar bolsyn! Türkmen medeniýetiniň şanyna toýlanýan toýlar gutly bolsun! Gülsere Nurmyradowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.

No image
Hormatly Prezidentimiziň eserleri – milli gymmatlyklarymyzyň beýany

Kitaphanalar

17.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphanada “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Hormatly Prezidentimiziň eserleri – milli gymmatlyklarymyzyň beýany” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň ýaş nesiller üçin durmuş mekdebi bolup, olar Watansöýüjilik, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly ähmiýeti dogrusynda gürrüňler edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň diňe bir bilim çeşmesi bolman, eýsem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeleýän, olaryň dünýägaraýyşyny baýlaşdyrýan gymmatly eserlerdigi hakynda hem giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp eserleri bilen milli medeniýetimizi, taryhymyzy öwrenmeklige hem-de ýaş nesillere wagyz etmeklige döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.