logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«PEDERLERIMIZE HORMAT» ATLY SERGI

Muzeýler

09.10.2025

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýer titremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar. Şeýle pajygaly hadysalaryň bolmazlygyny diläp, bütin türkmen halky ýagşy doga-dilegleri edýärler. Şol güne bagyşlanyp biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Pederlerimize hormat” atly sergi gurnaldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Gökdepe bosgunlary”, Ýarly Baýramowyň “Ajy habar”, Annamämmet Hojanyýazowyň “Betbagtçylyk”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýewiň “Dileg” hem-de ussat suratkeşlerimiz Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Tyldaky esgerler”, Kakamyrat Baýlyýewiň “Ýer titreme” ýaly nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlarymyz Alekseý Şetininiň “Ýeňiş ady bilen at we gylyç”, Muhammet Ýüzbaşewiň “Habar”, “Garaşmak” atly heýkel eserlerinde öten-geçenleriň ýowuz günlerinden bir pursat şekillendirilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda jebisleşip gurýan we döredýän eziz halkymyz nesilden-nesle geçip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýulýar. Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlaryň, tebigy betbagtçylyk zerarly öý öwzaryny ýitiren hem-de ejir çeken, emma ýowuz synaglara döz gelip, diri galan hem-de öz merjen şäherimizi gaýtadan dikelden gahrymanlarymyzyň öňünde baş egýäris!

No image
TÜRKMENISTAN-SAGDYNLYGYŇ MEKANY

Muzeýler

09.10.2025

Adam üçin tapylgysyz baýlyk bolan saglygy goramak bu günki gün eli şypaly lukmanlarymyzyň paýyna düşýär. Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem baýramçylyk mynasybetli “Türkmenistan- sagdynlygyň mekany” atly sergi guraldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Enelik”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň “Oba hassahanasynda”, “Şepagat uýasy” bulardan başga-da ussat suratkeşlerimiz Tamara Kiselýowanyň “Samba boýunça dünýa çempiony Geldibaýewa Jennet”, “Döwlet senasy ”, Annageldi Kuliýewiň “Tebib” ýaly birnäçe nakgaş eserleri sergimizde uly orun aldy. Tamara Kisilýowanyň “Döwlet senasy” atly eserinde ýurdumyzda 2017-nji ýylda bolup geçen Aziýa oýunlarynda baýrakly orun alan Gülbadam Babamyradowanyň altyn medaly boýunça dakyp Döwlet senasyny ýerine ýetirip duran pursadyny görmek bolýar. Halkynyň saglygyny ähli işden öňde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun. Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin türkmen halkyny Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

No image
SAGLYGYM-BAŞ BAÝLYGYM

Kitaphanalar

09.10.2025

Döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Ulgamyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hem-de hyzmatlarynyň ýokary hilli üpjün edilmegi, hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokary bolmagy, maddy-üpjünçilik binýadynyň täze tehnikalar bilen kämilleşdirilmegi we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlary bilen bilelikdäki işleriň möçberiniň artmagy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bu gün hem biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygym-baş baýlygym» sergi gurnaldy. Bu sergini Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsi atly köp tomluk ensiklopedik kitaby sergimiziň tekjelerini bezeýär.Mundan başgada bu sergimizde saglyga degişli bolan kitaplardyr, žurnallar tekjelerde giň okyjylar köpçüligine hödürlendi. Goý, halkymyzyň saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňäp, her birimiziň sagat ýaşamagymyz üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA TALYP ÝAŞLARYŇ KITABA BOLAN SÖÝGÜSINI ARTDYRMAK MAKSADY BILEN «KITAPHANA ROWAÇLYGA BADALGA» ATLY GURNAGY

Kitaphanalar

09.10.2025

Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlara kitaphanamyzda hyzmat etýän bölümler we bölümleriň ýerine ýetirilýän işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi, esasanam döwürleýin neşirleri saklaýan bölümiň alyp barýan işleriniň iň inçe syrlary barada diňe gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem gurnaga gatnaşan ýaş hünärmenlere tejribe arkaly hem ýerine ýetirmek işleri geçirildi. Bu tejribe işi ýaş kitaphanaçylaryň özlerinde dörän soraglaryny kanagatlandyrmaga we öz hünärlerini tejribede synap görmäge talyplara kömek eder. Geljekde kitaphanaçylyk işine goşant goşjak we öz kärini bir kemsiz ýerine ýetirjek ýaş hünärmenlerimiz döwürleýin neşirleri gorap saklamak işlerini tejribe işinde we olary okyja ýetirmekde uly işler etjekdiklerine ynam bildirýäris. Gurnaga gatnaşyjylar kitaphana ugruny ösdürmekde giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ŞAHYR OGLY ÝATLADYP,BAHAR GELDI DIÝARA

Kitaphanalar

09.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp “Şahyr ogly ýatladyp,bahar geldi Diýara”ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler pasly baharda dünýä inip, ömürlere bahar ýaly ýakym berýän goşgulary döredip, gysga ömründe her bir adamyň kalbynda baky ýaşamagy başaryp giden Gurbannazar Ezizow hemişe biziň aňymyzda we ýüregimizdedir. Gurbannazar Ezizow–türkmen şygryýetinde ömürbaky yz goýan şahyr. Onuň edebi mirasy bilen tanşanyňda, şahyryň diňe şahyrana döredijilik bilen meşgullanman, şygryýet meýdanyna gadam basmaga höwesjeň ýaşlary goldap, öz maslahatlaryny gaýgyrmandygyny göz ýetirýärsiň diýip, giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
PARLAMENTARA DIALOG-DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY ÜPJÜN ETMEGIŇ MÖHÜM GURALY

Täzelikler

09.10.2025

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň«Parlamentara dialog-dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň, Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna häzirki wagta çenli 25-den gowrak döwletiň goşulandygyny bellemek gerek. Bu toparyň işi halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, bitaraplyk ýörelgeleri esasynda döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy sebit we ählumumy derejedäki ýagdaýlary durnuklylaşdyrmaga, köp sanly syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologik meseleler çözülende döwletleriň, halkara guramalaryň hyzmatdaşlygynyň mazmunyna hem-de ugurlaryna oňyn täsir edýän gural hökmünde özüni barha giňden ykrar etdirýär. Birleşen Milletler Guramasy bolsa parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk şanly seneleri utgaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň we dünýäniň iň iri halkara guramasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze tapgyry açýar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň degişli Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekildi. Taryhy wakalara beslenýän bu ýylda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýär. Şunda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Şolaryň hatarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipler bar. Türkmenistan halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjy parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda täze tapgyry açar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

09.10.2025

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Mejlisiň kararyny okady. Kararda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we bu ugurda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça bimöçber işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, hususan-da, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler, gazanylan üstünlikler ençeme halkara güwänamalar bilen ykrar edildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde we welaýatlarda saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, binagärlik taýdan tapawutlanýan döwrebap, nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynyň, sport desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini we köpugurly hassahanany, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahanany we onkologiýa hassahanasyny hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralaryny görkezmek bolar. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÝAZYJY ŞAHYRLARYMYZYŇ DÖREDIJILIGINDE NESIL TERBIÝESI

Kitaphanalar

08.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Ýazyjy şahyrlarymyzyň döredijiliginde nesil terbiýesi» ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň görnükli ýazyjy şahyrlaryň döredijiligi, halkyň jemgyýetçilik, ahlak we ruhy taýdan kemala gelmeginde möhüm ornunyň bardygyny, bu bolsa ýazyjy şahyrlaryň eserleri halkyň duýgularyny, düşünjelerini we öňe sürýän pikirlerini beýan etmek bilen, ýaşlaryň terbiýelenmegine, jemgyýetde has kämil nesiller bolup ýetişmegine giň ýol açýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ýazyjy şahyrlaryň eserleri - bu halkyň ruhy dünýäsiniň, ýaşaýyş durmuşynyň, arzuw-islegleriniň hem-de taryhy tejribesiniň aýnasy bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAZALLAR

Edebiýat älemi

08.10.2025

Ýar ýüzümi görüp derdi-gamym bilse gerek, Ýüz görüp derdi-gamym alajyn kylsa gerek. Eý, saba, jan-u-köňlüňi özüň üçin ýaratdy, Köňli bile diýer sen: jan üçin gelse gerek. *** Bir peri men telbäni husnuna maýyl edendir, Gözümde keşbi galyp, köňlümde menzil edendir, Köňlümize jebri çäksiz kyldy ol nämähriban, Janyma ýüz müň gamy-külpeti hasyl edendir. *** Kim bolar sen kibi älemde dildary onuň, Nirede azm eýlese bolar Hudaý ýary onuň. Köýüňde men azm eder men–galkynan dek hatyrym, Hatyrymy saklasa, Taňry howandary onuň. *** Telbe köňlüm seniň janyňdadyr, ýat eýlegil, Ezizläp, mähremlik bilen köňlümi şat eýlegil. Yşrat içre hergiz genji-kän bolsaň iliňe, Pyrkatyňda galan egri kamatym ýat eýlegil. *** Ne pikirdir, pikriň däldir – ol pikir bolar batyl, Ne ömürdir, öter sensiz – ol ömür bor bihasyl. Alla hergiz gyýa garamasyn, her haçan görsem, Kä köňlüm howsalada, kä aklymdan jyda men. *** Haýsy azaryn aýdaýyn janyma bigänäniň, Haýsy bir ynjydanny göwnümi ol dildaryň? Haýsy bir ýowuzlygny täleý ýalňyşlygynyň, Haýsy bir egriligni çarhyň aldaw-torunyň? __________ Alyşer Nowaýy (Terjime eden: A.Rejepow)

No image
WATAN WASPY GOŞGULARDA ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

08.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebinde şol mekdebiň kitaphanaçysy hem başlangyç synp okuwçylary bilen bilelikde «Watan waspy goşgularda» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen okuwçylara Watan hakynda türkmen halk ertekileriniň, rowaýatlaryň, birnäçe ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň üsti bilen gyzykly gürrüň berdi. Ata-babalaryň mesgen tutan Watanynda dünýä inmekden, ýaşamakdan belent bagt ýokdur. Ata Watanymyza, ene topragymyza wepaly gulluk etmek bu biziň Watanymyzy söýmekdir! Mekdep okuwçylary höwes bilen Ata Watanymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-hem göçme kitap sergi okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.