logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ BEREKETLI SAÇAGY

Medeni miras

12.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy däl medeni mirasyň görnükli nusgalarynyň öwrenilmegi we goralmagy, aýawly ýagdaýda geljekki nesillere ýetirilmegi babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde halkara we döwlet derejesinde möhüm işler alnyp barylýar. Nowruz baýramy ýurdumyzda giňden dabaraly bellenilýar. Bu baýramçylyk Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen ilkinji hödürnamalarynyň biridir. 2016-njy ýylda biziň ýurdumyz bilen bilelikde Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegine, Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan we Türkiýe döwletleri hem gatnaşdylar. Golaýda Nowruz baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynda “Nowruzyň baýramçylyk saçagy we dograma milli tagamy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Milli bahar baýramyna bagyşlanan döredijilik duşuşygyna Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

No image
GELIŇ ERTEKI DIŇLÄLIŇ

Kitaphanalar

12.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýöriteleşdirilen 75-nji çagalar bakja bagynda «Geliň erteki diňläliň» – atly çeper okaýyş körpeje jigilerimiziň arasynda geçirdi. Ilki bilen hünärmenler çagalara ertekiler barada gyzykly gürrüň berdiler. Soňra hünärmen çagalara «Haýyrly hazyna», «Jelulum, Belulum», «Akpamyk» we mundan başgada bir näçe ertekileri okap berip we gurjaklaryň üsti bilen şol ertekileriň gahrymanlaryny janlandyryp, sahna oýunlary bilen gyzyklandyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda erteki kitaplaryndan sergi gurnaldy.

No image
BILDIRIŞ!

Teatr we kino dünýäsi

12.03.2026

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli körpeler üçin täze çykyşlaryny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz. Sirk çykyşlar 2026-njy ýylyň mart aýynyň 23-28-i aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder. Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 39-80-46; 36-10-95

No image
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLYNYŇ BELENT RUHY BILEN

Täzelikler

12.03.2026

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň we döwlet berkararlygynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatyny işjeň durmuşa geçirmäge, onuň halkara giňişlikdäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar.

No image
BAGY – BOSSAN DIÝARYM

Kitaphanalar

11.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Bagy – bossan diýarym» ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da bagşyçylyk bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ERTEKILERI

Kitaphanalar

11.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji çagalar bagynda «Çagalaryň söýgüli ertekileri» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Geçirilen çeper okaýyşda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halk döredijiligi ýaş nesillerimiziň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, türkmen halk ertekilerinde beýan edilýän wakalar çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolup, ýaş nesillerimizde Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde ertekiler gymmatly hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de körpeje nesillere birnäçe gyzykly ertekilerden çeper okap berdiler we gahrymanlaryň özlerinde galdyran täsiri hakynda sowal-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalaryň bagtyýar geljegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ZENAN ZEMIN ZYNATY

Kitaphanalar

11.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki iňlis dilini öwrenmeklige ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde Halkara zenanlar gününe bagyşlap «Zenan zemin zynaty» atly edebi-sazly ertirlik geçirdi. Watana söýgi öý-ojakdan gözbaş alýar. Zenanlar mukaddes ojagyň eýesi maşgalanyň sütüni hökmünde ýaş nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýärler. Munuň şeýledigine olaryň perzentlerine aýdýan hüwdi setirlerini diňläniňde has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Setirlerde perzendiň edep-ekramly, hünärli bolmagy, edermen, batyr bolup ýetişmegi baradaky arzuw-umytlar çeper hem şeker ene dilimiziň üsti bilen täsirli beýan edilýär. Kitaphana hünärmeni öz gezeginde zenanlar güni bilen gutlap şahyr Nury Baýramowyň gelin-gyzlarymyzy wasp edýän goşgusyndan okap, türkmen halkynyň gelin-gyzlary nusgawy türkmen edep-terbiýesiniň asyl köklerine mahsus terbiýäni muňýyllyklaryň iginden geçirip, şu günlere ýetirmegi başaran mähribanlarydygy hakynda tasirli gürrüňleri berdi. Şeýle hem, dabaraly çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Hezretaly Aşyrow zenanlarymyzy, ak gyňaçly enelerimizi, güler ýüzli gelin-gyzlarymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar bilen çykyş edip göwnüni göterdi. Parahat, asuda ýurdumyzda uludan tutulýan baharyň, bagtyýarlygyň, mähribanlygyň, toýy bilen ýurdumyzyň ähli zenanlaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Olaryň ojaklary döwletli, sallançaklary batly, durmuşy bagtly bolsun! Çäräniň ahyrynda alkyş sözleri aýdyldy. Bize döwletli döwrany bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent baslary aman bolsun!

No image
ZEMINIŇ GÖRKI SIZ, EZIZ ENELER

Kitaphanalar

10.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Zeminiň görki siz, eziz eneler» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Enä tagzym mukaddeslige tagzym» atly eseri biziň her birimiz üçin ajaýyp kitapdygy, çünki bu kitapda mähriban enelerimiz hakynda pähimli söhbet açylyp, ene iň eziz, iň mähriban ynsandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, her ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň zenanlaryna, sekiz we ondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy mährem enelere, mährem zenanlara goýulýan sarpadan nyşan bolup durýandygy barada aýtdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda zenan mertebesini belentde saklaýan, enelerimize çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AMUL GALASY ŞANLY TARYHDAN NYŞAN

Kitaphanalar

10.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat, Farap etrap birleşmeleri bilen bilelikde gurnamaklarynda «Amul galasy şanly taryhdan nyşan» atly maslahat geçirildi. Bu çärä ýaşuly neslimiz, kümüş saçly enelerimiz, KA-nyň işjeň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny, milli mirasyny, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy galalarymyzy, kerwensaraýlarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Beýik ýüpek ýolunyň esasy demirgazyk şahasy Amul galasynyň geçmişdäki ähmiýeti, ýerleşişi, häzirki wagtdaky dabaralanmasy barada gyzykly gürrüňler berildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan «Milli mirasymyz – umumyadamzat hazynasy» ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Gatnaşyjylar milli mirasymyzy öwrenmäge döredilip berilýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Konsertler

09.03.2026

Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzda giňden bellenilen 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmekde, watansöýüji, milli buýsançly ýaşlary, nesilleri terbiýelemekde enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Eziz Watanymyzda gözel gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň sylag-sarpasy örän belentdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert ýurdumyzyň birleşen teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly, Arkadagly Serdarly gül Watanda eneleriň mähri bar» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda türkmen zenanlarynyň we mährem enelerimiziň gözelligi, päk ahlaklylygy, eziz Watanymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa aýdyň açylyp görkezildi. 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym dabarada belentden ýaňlandy. Bu joşgunly aýdymda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler wasp edildi. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary ýaňlandy. Konsertde meşhur aýdymçylar, ýaş ýerine ýetirijiler belent ruha, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mähriban enelerimize, gyz-gelinlerimize bagyşladylar. Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni