logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
EZIZ DIÝARYMYZ–PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

24.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Eziz Diýarymyz–Parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyz eziz watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly toýuna barýandygyny şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýändigi barada söhbet etdiler. Mundan başga-da Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz demokratik özgerişler ýoly bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlaryny özünde jemleýändigini, diýarymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen okgunly öňe barýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
HALK MASLAHATY-TÜRKMENIŇ GADYMY ÝÖRELGESI

Kitaphanalar

24.09.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda welaýatyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňi syrasynda geçirilen Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda «Halk maslahaty-türkmeniň gadymy ýörelgesi» atly maslahat geçirildi. Maslahat-da çykyş edenler halk bähbitli çözgütler, döwletli tutumlar, anyk maksatlar, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri, türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar «Türkmenistan–ata ýurdum Garaşsyzv» atly kitap sergisine tomaşa etdiler. Işlemäne, okamana döredip berýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAP-ÄLEM SYRYNYŇ AÇARY

Kitaphanalar

24.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda kitaphana gelýän okyjylaryň gatnaşmagynda «Kitap-älem syrynyň açary» atly gezelenç geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyplary älem syrlarynyň açarlaryny özünde jemleýän, ylym-bilimiň, döredijiligiň hazyna gory bolan kitaphanamyza yzygiderli gatnap, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän ajaýyp kitaplaryny hem-de ylym-bilimiň dürli pudaklaryna degişli bolan kitaplary uly höwes bilen okaýarlar. Kitap okamak talyplaryň bilimini artdyrmaga ýardam edýär. Çünki älem syrlarynyň açary mukaddes kitaplarda jemlenendir. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR

Kitaphanalar

24.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Bagtyýar çagalar» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz baradaky edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde çagalar üçin dürli maksatnamalaýyn çäreleriň guralmagy olaryň gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Çagalaryň öz ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegi üçin birnäçe gurnaklar geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri hem çagalaryň okuwdan daşary şadyýan we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini guramak maksady bilen kitaphanamyzyň çuň manyly eserlerini okap gürrüň berýärler. Şeýle hem bu ýerdäki çagalar bilen sorag-jogap işini alyp barýarlar. Şeýle hem dürli reňkli kagyzlardan birnäçe zatlary ýasaýarlar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň okamagy, öwrenmegi ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BILIM–BAGTYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

24.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Bilim–bagtyň çyragy» atly gezelenç geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ajaýyp ýurdumyzda ýaşlaryň dürli tehnologiýalardan we öňdebaryjy tilsimatlardan baş alyp çykmagy üçin ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilim röwşen geljegiň binýady. Bu ugurda ýaşlarymyz üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çäräniň ahyrynda bagtyýarlygymyz hem-de ýagty ertirlerimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ TARAPYNDAN SYÝAHATÇYLYK FORUMY GEÇIRILDI

Syýahatçylyk

24.09.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň wekili we ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) tarapyndan 2025-nji ýylyň 15-16-njy sentýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde geçirilen halkara syýahatçylyk forumyna gatnaşdylar. Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde geçirilen bu çärä Türki Döwletleriň guramasynyň (TDG) agza we synçy döwletleriň wekilleri we syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Häzirki döwürde Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklar netijeli häsiýetde ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamlarda we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklar barha kämilleşdirilýär. TDG tarapyndan geçirilen forum ähli ýurtlaryndan gelen syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri üçin örän ähmiýetli boldy.

No image
TÜRKMEN WEKILIÝETI DUŞANBE ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HALKARA SYÝAHATÇYLYK FORUMYNA GATNAŞDYLAR

Syýahatçylyk

24.09.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçylygynda wekiliýet topary BMG-Syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň we Täjigistan Respublikasynyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça komitetiniň başlygy Jamşed Jumahonzodanyň çakylygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 16-18-nji sentýabry aralygynda Duşanbe şäherinde geçirilen syýahatçylyk forumyna we onuň çäginde geçirilen syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar. Bu çärä ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bolan «Aşgabatsyýahat», «Eşretli syýahat» Hazar ugry, «Halkara syýahat» syýahatçylyk kärhanalary özleriniň syýahatçylyk önümleri bilen gatnaşdylar. Häzirki wagtda ýurdumyzda 200-den gowrak syýahatçylyk kärhanalary ýurdumyzyň raýatlaryna we daşary ýurtly raýatlara syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler. Bu kärhanalaryň dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergilerine we maslahatlaryna işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden mahabatlandyrýarlar.

No image
WATANYM–BAGTYM, GARAŞSYZLYK–GANATYM

Kitaphanalar

23.09.2025

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Watanym–bagtym, Garaşsyzlyk–ganatym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni toý baýramlara beslenýändigi, şeýle baýramlarymyzyň iň naýbaşysy hem Mukaddes Garaşsyzlygymyzdygy barada çykyş etdiler. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabaralardyr, çäreler il agzybirligini, eşretli zamananyň rowaç ösüşlerini aýdyň beýan edýändigini, şeýle ajaýyp toýdur-baýramlar erkana, bagtyýar durmuşyň aýdyň geljegiň kepili bolup şugla saçýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli zamana ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN WATAN

Kitaphanalar

23.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýändigini, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilendigi barada çykyş etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlyk baýramy özbaşdaklygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we erkanalygyň baýramydygy hakynda belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän birnäçe goşgulary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda mähriban halkymyzy ösüşlere sary alyp barýan, nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/97.jpg)

No image
GARAŞSYZLYK–HALKYMYZYŇ SENASY, MIZEMEZDIR BEÝIK TÜRKMEN BINASY

Kitaphanalar

23.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk– halkymyzyň senasy, mizemezdir beýik türkmen binasy» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr diýip gürrüň berdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny uludan belleýän ýylymyzda şanly seneleriň, şatlykly wakalaryň şaýady bolýandygymyzyň, Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwletimiziň uly mümkinçiliklere eýe bolýan, ösýän ýurt hökmünde halkara giňişlikde özüniň mynasyp ornuny tapýandygyny belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda diýarymyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/daf-25.jpg)