logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
HASYL TOÝY BEREKEDIŇ MEKANY

Kitaphanalar

07.11.2025

Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, baýramçylyk senelerine beslenýär. Ynha, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” agzybir türkmen halky her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna uly taýýarlyk görýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem giň gerime eýe bolýar. Biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda hem baýramçylyga bagyşlap sergiler we çäreler geçirilýär. Çünki bu sene ene topraga yhlas siňdirip, aýratyn aladalanýan oba zähmetkeşlerimiziň, daýhanlarymyzdyr kärendeçilerimiziň arly ýyl çeken zähmetiniň netijelerine, miwelerine guwanmak mümkinçiligini döredýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl alyp, Diýarymyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän gök-bakja önümlerini, miweleri diňe bir ýurdumyzyň ak bazarlaryny bezemän, eýsem, daşary ýurtlara hem yzygiderli ugradylýar. Esasan hem güneşli ülkämizde mes toprakly ýerlerimizden önýän gök-bakja ekinlerine isleg bildirýänleriň sany soňky ýyllarda has hem artyp ugrady. Şeýle hem edermen babadaýhanlarymyzyň asylly zähmeti bilen bazarlarymyz, söwda nokatlarymyz, bereketli desterhanlarymyz ýylyň islendik paslynda hem ter önümlerden doly. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar halkymyzyň parahat we abadan ýaşaýyşyny üpjün etmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen oba hojalyk pudagynda belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetildi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär. Topraga alyn derini siňdirip, bol hasyl alýan babadaýhanlarymyzyň hormaty aýratyn sarpalanyp, olaryň şanyna her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Watanymyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýy ýokary derejede toýlanylýar. Türkmen halkymyza mukaddes topragymyzdan bol hasyl alýan babadaýhanlarymyza päk zähmetiň miwesini görmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris!

No image
HASYL TOÝY-BEREKET BAÝRAMY

Kitaphanalar

07.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Hasyl toýy–bereket baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki ajaýyp döwrümizde oba hojalyk pudagynda gazanylýan oňyn özgertmeler döwrüň ruhy bilen kemal tapýar. Şeýle giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň netijesinde bu iri pudakda belent sepgitler gazanylyp, toprakdan bol hasyl alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen “Bereketli türkmen saçagy” atly kitapda dünýäde iň gadymy hasaplanylýan ak bugdaý we iň süýji gawunlar biziň şöhratly pederlerimiz tarapyndan ösdürülip ýetişdirilendigi we olaryň ussatly, zähmetsöýerligi baradaky beýan edilen maglumatlar barada hem täsirli söhbet edildi. Sahawatly türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem egsilmez rysgalyny alamatlandyrýan Hasyl toýy beýik maksatlara ruhlandyrýan milli baýram hökmünde her ýyl uly joşguna beslenip, dabaralanýar. Çäräniň ahyrynda şeýle belent başlangyçlaryň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

No image
«BEREKETLI TÜRKMEN TOPRAGY» HASYL TOÝY MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

07.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen hasyl toýy mynasybetli «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylaryň gatnaşmagynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Bereketli türkmen topragy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygy barada Bereketli topragymyzda ýetişdirilýän bol hasylyň gadyr gymmaty barada gürrüňler berildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly eserinden baý we köp dürli, lezzetli türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyş aýratynlygyny baradaky täsirli maglumatlar söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlige gatnaşan halkymyzy ajaýyp, bolelin, bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
YNAM GÜÝÇLIMI BILIM

Kitaphanalar

07.11.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary. Türkmenabat şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň 6-njy synyp okuwçylary bilen bilelikde «Ynam güýçlimi bilim» atly temada sorag-jogap alyşdylar. «Ynam güýçli» bu türkmen dilinde ýeňilmeýän ynam ýa-da güýçli ynam diýen jümledir. Bilim jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän,ony öňe ilerledýän gymmatlykdyr. Bilime, ylma bolan ymtylmalar hem-de gözlegler ynsan durmuşyny baýlaşdyrýar. Bilim ojagy bolan kitaphana okyjylary çekmeklik, edebiýatlary hödürlemegiň okyjylara täzeçe, döwrebap usulda hyzmat edilýär. Kitaba we onuň gadyr-gymmatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlary dik il bähbitli ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ÖŇDE BOLJAK ŞANLY SENELERI DABARALANDYRMAK BOÝUNÇA GURAMAÇYLYK DÖWLET TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GEÇIRDI

Täzelikler

07.11.2025

6-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde garaljak meseleler barada aýdyp, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň golaýlap gelýändigini we bu baýramyň giňden, dabaraly bellenilip geçiljekdigini nygtady. “Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde aýgytly ädime öwrüldi” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Bu halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işe mynasyp goşant goşulmalydygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen bilelikde ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralardyr beýleki çäreleriň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna giň möçberli medeni çäreler we dabaralar geçiriler. Aýratyn-da, halkara çärelere gatnaşýan myhmanlar üçin medeni-durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesi üpjün ediler. Bu işlerde milli myhmansöýerlik ýörelgeleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylar. ___________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
RYSGALLY TOPRAGYŇ–BEREKET MUKAMY

Muzeýler

06.11.2025

Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen bedew batly ösüşleri nazarlaýan eziz Diýarymyz ýene bir şanly baýramy uly zähmet sowgatlary bilen garşylady.«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» hasyl toýunyň dabaraly çäreleri gadymy Lebaby toý lybasyna besledi .Şu gün welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda şu medeniýet ojagynda hasyl toýy mynasybetli muzeý hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň, oba hojalykçy mehanizatorlaryň, edermen babadaýhanlaryň, hasyl ussatlarynyň gatnaşmagynda «Rysgally topragyň–bereket mukamy» ady bilen muzeý gymmatlyklaryndan düzülen serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Baý many–mazmunly çykyşlary özünde jemlän dabaraly sergi oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Diýseň köp tomaşaçylary özünde jemlän baýramçylyk sergisinde oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler _____________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

No image
ARKADAG ŞÄHERI-BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

06.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň gurnamagynda «Arkadag şäheri-baky bagtyýarlygyň şäheri» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň akylly şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher - Arkadag şäheri kemala geldi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşa, abadan durmuşa, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydygy barada giňişleýin söhbetler edildi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
«ILHALAR ZEHIN» ATLY TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ GÖRNÜKLI ÝAZYJYSY WE USSAT TERJIMEÇI KÖMEK KULYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 70 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Kitaphanalar

06.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjysy we ussat terjimeçi Kömek Kulyýewiň ömri we döredijiligi hem-de onuň döreden birnäçe kitaplary ýagny “Bary–ýogum” powesti, “Ganatsyz perişde”, “Gumda”, hekaýalaryny we “Halasgär” atly nowellasyny aýratyn-da şahyryň “Ömür kerweni” ady bilen neşir edilip giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen kitabynyň many-mazmun baýlygy hakynda beren gürrüňlerini ýaşlar uly gyzyklanma bilen diňlediler. Häzirki wagtda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligi, olaryň döreden kitaplary we olarda beýan edilýän wakalaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhynda terbiýelemeklikde ähmiýeti barada täsirli gürrüňler berdi. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan şahsyýetimiziň döredijilik mirasyny öwrenmäge giň şert mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Täzelikler

06.11.2025

5-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäherindäki işler talabalaýyk dowam edýär. Şunda şäheriň ähli düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde eýeleýän derejesini pugtalandyrýar. ...Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hem-de wise-prezidenti R.Bazarowyň, hukukçy M.Hojamberdiýewanyň we beýlekileriň gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine garaljakdygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çäresi bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuna taýýarlyk görülýändigini, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň ýokary derejede, giňden belleniljekdigini nygtady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda bu gün uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen köp sanly çäreleriň guralandygyny belläp, ýokary derejede geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigine ünsi çekdi. ____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
HALYPALYK BAGY–SUNGAT MIWESI

Täzelikler

05.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeniýet we sungat äleminde uly ösüşler gazanylýar. Bu gazanylýan ösüşler babatynda sungatda kämil düşünjeleri, döwrebap pikirleri ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzda halkara döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlary we sergileri yzygiderli geçirilýär. Ussat suratkeşleriň halypalyk etmeginde sungatymyz pajarlap ösýär. Döwrümiziň beýik taryhy ýazylýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçirilen “Mekdebe öwrülen ömür” atly sergini aýratyn bellemek bolar. Sebäbi bu sergide türkmen halkynyň sungat dünýäsinde aýratyn orun alan Türkmenistanyň halk suratkeş Annadurdy Almamedow özüniň halypalyk eden şägirtleri bilen bilelikde nusga alarlyk eserleriň birnäçesi görkezildi. Halypanyň tutuş ömrüniň 60 ýylyny mugallymçylyga bagyş edip, onuň ýetişdiren şägirtleri häzirki günde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekmek bilen şekillendiriş sungatynyň ösmeginde özleriniň goşandyny goşup gelýärler. Annadurdy Almamedowyň sungaty tebigatyň gözelligine, aýratyn-da daglaryň belentligine we olaryň özboluşly ruhuna bolan söýgüsi bilen tanalýar. Suratkeşiň eserlerinde daglar diňe bir tebigatyň bir bölegi hökmünde däl-de, eýsem türkmen halkynyň ruhuny, mähriban Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, arassalygyny we beýiklik duýgusyny aňladýan nyşanalyk bolup saýlanýar. Halypanyň her bir eserinde tebigatyň gözelligine bolan çäksiz hormat-sarpa we döredijilik joşguny duýulýar. Şeýle ajaýyp pikirleri halypanyň şägirtlerinde hem görmek bolýar. Halypanyň döredijilik ýoly–öz Watanyna bolan söýgüsi alamatlandyrmak bilen ýaş nesillerimize mekdep bolup hyzmat edýändiginiň ähmiýetini açyp görkezýär. Annadurdy Almamedowyň eserleri ýaş suratkeşler üçin ylham çeşmesidir. _____________ Akgözel Sahatmyradowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby