logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ZENAN-ZEMINIŇ ZYNATY

Muzeýler

05.03.2026

Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat, sarpa döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen merdana zenanlarymyzyň çekýän asylly zähmetlerini göz öňünde tutup «Zenan kalby» ordeni hem-de hormatly atlaryň berilmegi, köp çagaly enelere «Ene mähri» medalynyň gowşurylmagy, şeýle-de olara täze döwrebap gurulýan jaýlaryň açarlaryň gowşurylmagy, gyz-gelinlerimize pul sowgatlarynyň berilmegi zenan mertebesiniň has-da belentdedigini görkezýär. Türkmen zenanlary milli gymmatlyklarymyzy, medeni-ruhy mirasymyzyň köp sanlysyny döretmek bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşýarlar. Şol milli gymmatlyklaryň köpüsi biziň günlerimizde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir. Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Zenan-zeminiň zynaty» atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide goýulan milli gymmatlyklarymyzyň aňladýan many-mazmuny, zenan ellerinden dörän haly we haly önümleri, kilim-palaslar, milli lybaslarymyzyň özboluşly aýratynlyklary, keşdedir-nagyşlaryň taryhy gelip çykyşy we gaýtalanmaýan owadanlyga eýe bolan şaý-seplerimiz barada gyzykly gürrüňler edildi. Sergidäki görkezilýän milli gymmatlyklarymyz özüniň köp öwüşgünligi, biziň günlerimizde gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilişi, ýaş nesillerimize öwredilişi, durmuşda zenan sarpasy, mertebesi, maşgala mukaddesligi we olara döwletimiz tarapyndan çekýän asylly zähmetleri üçin berilýän hormatly atlar, döwlet sylaglarynyň ähmiýetleri barada durulyp geçildi. Sergide Lebaply suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň bahar paslyny we gelin-gyzlarymyzy wasp edip çeken surat nakgaş eserleri, bezeg küýzeleri, heýkelleri we el işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda giňden tanalýan heýkeltaraşlar B.Annamyradowyň «Bahar», S.Babaýewiň «Duşuşyk», H.Atajanowyň «Pagtaçy gyz», «Sagymçy zenan», «Ene mähri», D.Umarowanyň «Alaja», «Bagşy zenan» ýaly heýkelleri, suratkeşler H.Allaşükürowyň «Bägüller», M.Amanowanyň «Güller», A.Hudaýberdiýewanyň «Çigildem», H.Nabiýewanyň «Daýahatyn», A.Nuryýewanyň «Ene dogasy» ýaly nakgaş eserleri, tanymal senetkär mugallym O.Öräýewanyň milli nagyşlar bilen owadan edip çeken bezeg okaralary, sandyklary, kädiniň ýüzüne çeken gelinleriniň özboluşly owadan görnüşleri, dekoratiw küýzeler görkezildi. Watanymyzyň ösüşlerini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde olary milli ruhda terbiýelemekde, zenanlarymyza uly sarpa we hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys! Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
BEDEW BATLY ZAMANANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Muzeýler

05.03.2026

Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün türkmen gelin-gyzlary watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk ýaly milli häsiýetleri nusga edinip, halkymyzyň abraýyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýärler. Eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň barha belende galýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewiligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belentdir. Ajaýyp döwrümizde zenan mertebesine uly hormat goýulýandygynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň, medeniýet we bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, sergileri, bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklary guralýar. Gözel tebigatyň ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat häkimliginiň hem-de muzeýiň bilelikde gurnamagynda bagtyýar zenanlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu söhbetdeşlik çäresinde eziz watanymyzda zenan sarpasy, maşgalada ene mukaddesligi, edep-terbiýe, hüwdileriň çaga terbiýesindäki ähmiýeti, zenanlarymyz tarapyndan sungat derejesine ýeten milliliklerimiz dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Olar özleriniň buýsançly söhbetlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa, olaryň ýaşaýyş durmuşynyň gowulandyrylmagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän mümkinçilikler dogrusynda edilen söhbetler çykyşlarynyň içinden erş-argaç bolup geçdi. Ýurdumyzda biz zenanlary eziz diýarymyzyň buýsanjyna deňäp, döwrebap zähmet çekmegimiz, işlemegimiz, döretmegimiz, milli mirasymyzyň müň dürli öwüşgünlerini wagyz etmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçly menzillerde rowaçlyklara beslensin!. Gülälek BATYROWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

05.03.2026

4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

No image
KONSERT GEÇIRILDI

Konsertler

04.03.2026

2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmnenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň at gazanan artisti Albert Jalilowyň ýurdumyzyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti geçirildi. Sazlaşykly ýaňlanan mukamlaryň owazy konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
Şekillendiriş sungatynda zenan waspy

Muzeýler

04.03.2026

Bahar pasly tebigatyň täzelenýän, gülleriň müşk ysynyň burk urýan döwrüdir. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Türkmen suratkeşleri öz eserlerinde gelin-gyzlaryň keşbini diňe bir daşky gözellik däl, eýsem mährem ene, wepaly ýoldaş we zähmetsöýer zenan hökmünde uly ussatlyk bilen wasp edýärler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgyttyyt.jpg) Ýurdumyzyň ähli künjeginde 8-nji mart - Halkara zenanlar gününiň uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýän günlerinde sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly serginiň açylyş dabarasy uly baýramçylyga beslendi. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden myhmanlar, medeniýet, sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk sergisinde muzeýiň gaznasynda saklanylýan ussat halypalaryň eserleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de erkin suratkeşleriň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserlerine, keramika, haly, gobelen we zergärçilik önümlerine uly orun berildi. Sergidäki şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri türkmen zenanynyň mähir-muhabbetini, ruhy dünýäsiniň baýlygyny giňden açyp görkezýär. Manyly sungat eserleri halkymyzyň öçmejek taryhynyň gymmatlyklarydyr.

No image
ZENANLAR – DURMUŞYŇ DIREGI

Kitaphanalar

04.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenanlar – durmuşyň diregi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat, maşgalada gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň kadalary asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetendigi hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de, zenanlar ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläp, maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durýandyklary barada çykyş edenler belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäniň görki, zeminiň zynaty, her bir adam üçin iň mukaddes ynsan bolan eziz enelerimiz hakyndaky aladany döwlet derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti

Kitaphanalar

04.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 115-nji çagalar bagynda «Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde asuda we parahat ýurdumyzda çagalaryň döwlet tarapyndan bimöçber aladalar bilen has jebis gurşalýandygyny, çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalarda türkmen halk ertekileriniň ähmiýetini has içgin düşündirilip, ertekileriň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlaryň ählisi jemlenendigi hakynda aýratyn belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ZENAN DÜNÝÄSINIŇ WASPY

Täzelikler

04.03.2026

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, al-elwan gülleriň ysy baharyň bagtyýarlygyny buşlaýar. Tebigatyň janlanyp, dünýäniň gözellige beslenýän günlerinde 8-nji mart Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi zenanlara goýulýan uly hormat-sarpanyň nyşanydyr. Sebäbi zenan zeminiň görki, ýaşaýşyň örki, dowamatyň gözbaşy, bagtyň badalgasydyr. Ýaşaýyş bir bossan bolsa, onuň gyzyl lälesi zenandyr. Zenan öz näzikligi we päkligi bilen durmuşy gözelleşdirýär. Her bir maşgalanyň gül açyp, bagtyýar ýaşaýşynyň älemgoşar öwüşginine beslenmeginde zenanyň mynasyp paýy bar. Şeýlelikde 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly sergisi açyldy. Serginiň çäginde gülleriň sergisiniň ýaýbaňlandyrylmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Şeýle-de türkmen ojagynyň bezegi bolan zenanlaryň el hünäri giňişleýin şöhlelendi. Sergide görkezilýän dürli reňkdäki ajaýyp güller hem-de täsin ösümlikler özboluşly gözellik döretdi. Owadan güller boýunça gurnalan sergi ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri hem-de ýetilen sepgitleri görkezýär. Şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri türkmen halkynyň ruhy-medeni däplere we gymmatlyklara sarpa goýulýanlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Maşgala ojagyny goraýjylar, çeper elli zenanlarymyz bolsa şol gymmatlyklary has-da baýlaşdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Olaryň döredýän ajaýyp sungat eserleri dünýä sungatynyň genji-hazynasydyr, deňsiz-taýsyz gymmatlygydyr. Sergide suratkeşler türkmen halkynyň däp-dessuryny, medeniýetini, gyzlaryň, zenanlaryň, eneleriň gözelligini wasp edýän iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam, külalçylyk ýaly sungat eserlerini halk köpçüligine ýetirildi. Serginiň esasy maksady ýaş nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny bezeg-amaly sungaty arkaly görkezmek we milli baýlygymyza öwrülen türkmen zenanlarynyň täsin ussatlygyny wasp etmekdir. Muzeýe gelen myhmanlar zähmetsöýerlik nusgasyny özünde jemleýän milli el işleri, şeýle-de türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, medeniýetini, sungatyny, eneleriň we zenanlaryň gözelligini, paýhasyny, gujur-gaýratyny, zenanlaryň owadan dünýäsini görkezýän eserler olaryň ünsüni özüne çekdi. Şeýle-de amaly-haşam sungatyna degişli lybaslaryň keşde bilen bezelen döwrebap görnüşleri sergä hasam öwüşgin atdy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgfdfd.jpg) Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala mukaddesligini goramakda, asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillere öwretmekde, her bir ugurda gazanylýan üstünliklere goşant goşmakda ýokary işjeňlik görkezýän gelin-gyzlarymyzy, mähriban enelerimizi ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, zenan mertebesini ähli zatdan belent tutýan ömürlere ömür goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwlet bähbitli her bir beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin. Tawus GARAJAÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly ylmy işgäri

No image
TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

Kitaphanalar

04.03.2026

Ahal welaýat kitaphanasynyň Neşirleri toplamak we işlemek bölüminiň gurnamagynda Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bakja-bagynda «Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekan» atly çeper okaýyş geçirildi. Türkmen halk ertekilerini we çagalar ýazyjy, şahyrlaryň döreden eserlerini çagalara labyzly çeper okap bermek bilen olarda kitap okamak höwesini artdyrýar.

No image
ÝOLLARY NURLY - GELJEGI RÖWŞEN WATANYM!

Kitaphanalar

04.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» redaksiýasynyň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda «Ýollary nurly - geljegi röwşen Watanym!» atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garabekewül, Saýat etrap birleşmeleriniň başlyklary gatnaşdylar. Çykyşlarda esasan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabarasynyň uludan tutulýan günlerinde alnyp barylýan işler, geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle-de ýaş neslimizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi, hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinlerinden syzylyp çykan eserleriniň uly ähmiýetiniň bardygy barada aýratyn bellediler. Gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykan alkyşlaryny beýan etdiler.