logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Kitaphanalar

14.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 32-nji çagalar bakja bagynda “Bagtyýar döwletiň bagtly çagalary” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Çagalara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini beýan etdiler. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň sanynyň artýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Göçme kitap sergisinde çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler, matallar we tapmaçalar ýerleşdirildi. Çärä gatnaşanlar berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
“Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik

Kitaphanalar

14.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda, kitaphanada Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda, “Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphanaçylar Garaşsyzlyk ýyllarynda kitaphanalarda alnyp barylýan işler we hormatly Prezidentimiziň kitaphana ulgamyny ösdürmekde döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp, Döwlet kitaphanasy tarapyndan döredilen “Ekitap” atly elektron kitaphanasynyň mümkinçilikleri barada söhbet etdiler. Sungat ussatlary bolsa çykyşlarynda, sahna eserlerinde döredýän keşplerinde Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden giňden peýdalanýandyklaryny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk- bagtymyz”, ”Ömrümiň manysy” we “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eserlerini özleriniň ýakymly owazy bilen sesli okandyklaryny buýsanç bilen belläp geçdiler.

No image
Aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi

Kitaphanalar

14.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Rowaçlyga rowan bu gün – Garaşsyz Türkmenistan» atly aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Türkmenistan döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanýandygy, bu baýramyň eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da pugtalandyrýan gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” aýdym-saz topary, eziz Watanymyzyň ösüşlerini, şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk – mizemez bagtymyz

Kitaphanalar

14.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk – mizemez bagtymyz» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllary içinde şan-şöhratly ýoly geçendigi hem-de asuda Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryndaky oňyn özgertmeleriniň sazlaşykly ösüşlerini emele getirendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, berkarar döwletimiziň uly mümkinçiliklere eýe bolan, ösýän ýurt hökmünde halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýändigi hakynda bellediler.

No image
Ahalteke bedewi-döwürleriň buýsanjy

Kitaphanalar

14.09.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň welaýatyň Agrar partiýasy bilen bilelikde gurnamaklarynda kitaphanada “Ahalteke bedewi-döwürleriň buýsanjy” atly maslahat geçirildi. Mälim bolsy ýaly, golaýda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde Halkara atçylyk assosiaýasynyň açyk gapylar mejlisi, ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty geçirildi. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar sapa-da” atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu bolsa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Çykyşlarda türkmen halkynyň buýsanjy, owazasy dünýä dolan ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň behişdi bedewleriň şöhratyny artdyrmakda, şeýle-de atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, däpleri we tejribeleri öwrenmekde medeni diplomatiýanyň uly ähmiýetiniň bardygy hakynda giňişleýin durup geçdiler.

No image
BAŞ SALDY DÄBI

Medeni miras

14.09.2026

#### Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan “Dünýä nusgalyk miras” atly gepleşikde türkmeniň baş saldy däbi barada söhbetdeşlik geçirildi Durmuşymyzy dabaralandyrýan toýdur tomaşalarymyz, olaryň şüweleňli geçmeginde uly orun eýeleýän däpdir dessurlarymyz türkmeniň nusgalyk terbiýe mekdebiniň ömürlik hemrasyna öwrülip dowam edip geldi. Toýlaryň içinde täze maşgalanyň döremeginiň özboluşly alamaty bolan durmuş toýy möhüm orun tutýar. Halkymyzyň agzybirlik baradaky garaýyşlary, garyndaşlyk gatnaşyklaryndaky mizemez ýörelgeler tutumly toýlaryň üsti bilen ýüze çykýar. Türkmen halkynyň asylly, terbiýeçilik ähmiýetli, ruhuňy göteriji däplere baýdygyny baş saldy däbiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Toý tutulan gününiň ertesi goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar ýygnanyşyp, gelne baş salýarlar. Muňa, esasan, gelin-gyzlar, orta ýaşlaryndaky zenanlar gatnaşýarlar. Has ýaşuly zenanlar, ýaşajyk gyzlar oňa tomaşa edýär. Gelne baş salnanda iki topar bolup göreşilýär. Gyzlar gelni aldyrmaly däl, gelinler topary bolsa ony hökman alaýmaly. Baş saldyda üç gezek topulyp, gelni üç gezek almak bu däbiň esasy şerti bolup dowam edýär. Bu göreş ahyry gelniň alynmagy bilen tamamlanýar. Şol bir zenan üç gezek gelne ýetmegi başaran bolsa oňa bu “göreşiň” ýeňijisi hökmünde baýrak berýärler. Şonuň ýaly hem üç gezekde aýry-aýry zenanlar gelni alan bolsa, olaryň hem hersine ýörite baýraklar berilýär. Ondan soňra gelniň başyndaky şaýly tahýany alyp “abraý bilen durmuşa çykmak saňa-da nesip etsin” diýen arzuw-niýet bilen ony täze gelniň baldyzynyň başyna geýdirýärler. Beýleki gyzlar hem şeýle derejelenip, abraý bilen durmuşa çykmagy arzuwlap, gezekli-gezegine ony başlaryna geýip görýärler. Ondan soňra täze gelniň gelinlik dünýäsine gadam basmagynyň aňlatmasy hökmünde onuň başyna gyňaç daňýarlar. Gyňaç daňylandan soň, gelinlik dünýäsine salmagyň aňlatmasy hökmünde täze gelniň iki örüm saçyny arka atmagyň däpleri ýerine ýetirilýär. Gyňaç daňan zenan gelniň saçyny emaý bilen arkasyna geçirmekçi bolýar. Ýöne gelin saçlaryny eline dolap, berk saklap oturýar. Töwerekdäkiler gelniň gaýyn enesine “Gelniňiz-ä saçyny berenok, hany näme sowgat berjek” diýenlerinden soň, gaýyn ene gelnine niýetläp taýýarlan sowgadyny berýär. Şondan soň gelin saçyny berýär, ony yzyna atýarlar. Häzirki döwürde gaýynene gelnine köýneklik, gyňaç ýaly zatlary sowgat berýär. Öňki döwürlerde gaýyn ene gelnine hökman saçlyk bermeli eken. Bu gaýyn–gelniň arasynda dowam edip gelýän gadymy däplerimiziň biridir. Käbir ýerlerde bu däp häzirki günlere çenli saklanyp gelýär. Eneler köplenç “gelnime bererin” diýen ýagşy niýet bilen, gyzyl çaýylan kümüş şaý-sepleri öňünden ýygnap goýupdyr. Gelinler bolsa “gaýnymyň beren sowgady” diýip, gymmatbaha şaý-sepleri hemişe aýawly saklapdyr. Ogultäç HOJANAZAROWA, Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

14.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy golaýda Aşgabat şaherindäki ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde “Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagy” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň ähmiýeti hakynda, bu watançylyk sapagynyň ähli ýaşlary täze taryhy eýýamda ýurdumyzy gülledip ösdürmekde amala aşyrylýan beýik işlere, ösüşlere mynasyp goşantlaryny goşmalydygy barada durup geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Täzelikler

11.09.2026

10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bäsleşik ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam berýär. Hemmeler hormatly Prezidentimiziň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, sungat äleminde yz goýmak ussatlygy talap edýär. Aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýetmek üçin meşhur halypalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlygyny öwrenmek, halypa-şägirtlik mekdebini geçmek esasy zerurlykdyr. Halkyň kalbyna ornan aýdym-sazlar milli medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Şol hazynany baýlaşdyrmak bolsa ýaş aýdymçylaryň mukaddes borjudyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda yglan edilen bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Bu bäsleşikler döredijilik we sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanýan ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy, olaryň höweslendirilmegi, ussatlyk ýoluna gadam basmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. Şolaryň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň hatarynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet ulgamynyň, beýleki pudaklaryň işgärleri bar. Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller saýlanyldy. Onuň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra çykan aýdymçylara bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň hersinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 14-si bäsleşdi. Olar nusgawy, halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy-da göz öňünde tutuldy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Garaşsyzlyk şanyna ýaňlan, ýaňlan, Diýarym!» atly aýdymy konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Olaryň arasynda eýýäm aýdymlary söýlüp diňlenilýän belli aýdymçylar hem bar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny aýratyn ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

No image
TEATR BÄSLEŞIGI ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

Teatr we kino dünýäsi

11.09.2026

Şu günler eziz Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy giň gerimde toýlanylýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamy hem mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri, döredijilik sowgatlary bilen geldi. Täze döredilýän döredijilik eserleri halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň arasynda bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym, Watanym — seždegähim» atly teatr bäsleşiginiň üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/yrjtjuuuuuuuuuuuuuuu.jpg) Sahna oýunlarynda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylýan ösüşler, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda kemala gelen däp-dessurlary, watansöýüjilik, merdanalyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Bu eserleriň ýaşlarymyzy parasatly pederlerimiziň ruhlaryna ygrarly, watanperwer nesil edip terbiýelemekde, teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen tomaşaçylarynyň ruhy isleglerini kanagatlandyrmakda, teatr işgärlerini täze döredijilik üstünliklerine höweslendirmekde aýratyn orny eýelejekdigine ynanýarys. Teatr bäsleşigi 2026-njy ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda geçirildi. Teatr bäsleşigi özboluşly sungat baýramyna öwrüldi. Halypa režissýorlardan, tejribeli artistlerden hem-de ussat mugallym-professorlardan düzülen eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, teatr bäsleşiginiň baş baýragyna «Halk hakydasy» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry (režissýory Handurdy Berdiýew), I orna - «Agzybirlik rowaýaty» atly sahna oýny üçin Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry (režissýory Serdar Ataýew), II orna - «Howandar» atly sahna oýny üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry (režissýory Eziz Işangulyýew), III orna - «Türkmen soltany» atly sahna oýny üçin Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry (režissýory Ata Gullarow) hem-de «Eşit meni!» atly sahna oýny üçin A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry (režissýory Baýram Garajaýew) mynasyp boldy. Bäsleşikde sahna ussatlygynyň dürli ugurlary boýunça hem baýraklar goýuldy. «Iň oňat saz bezegi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry (baş ýolbaşçysy Myrat Aradow), Ýaş režissýoryň iň oňat işi üçin» atly ýörite baýraga Türkmen döwlet gurjak teatrynyň režissýory Batyr Gurbanow, «Režissýoryň täze gözlegleri üçin» atly ýörite baýraga Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň režissýory Döwran Joraýew, «Sahnada milli däp-dessurlary wagyz edýändigi üçin» atly ýörite baýraga Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry (baş ýolbaşçysy Orazmeňli Igdirow), «Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowa, «Iň oňat sahna eseri üçin» atly ýörite baýraga Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy Gadam Kakabaýew, «Iň oňat sahna eseri üçin» atly ýörite baýraga Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň II derejeli artisti, dramaturg Abdylazym Rejebow, «Suratkeşiň iň oňat işi üçin» atly ýörite baýraga Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň suratkeşi Merdan Akmämmedow, «Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin» atly ýörite baýragy Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Oguljan Bekiýewa, «Iň ýaş zehin üçin» atly ýörite baýraga Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Begli Dowlyýew mynasyp boldy. Teatr bäsleşiginde aýratyn tapawutlanyp çykyş edendigi üçin artistleriň birnäçesi sylaglandy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Kakamyrat Bazarow, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Baýramtäç Hojamämmedowa, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Mariýa Durdyýewa, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussady Zyýada Kakalyýewa, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Nurýagdy Döwletow, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Gerçek Orazmuhammedow Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlaryna hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlaryna mynasyp boldular. Ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi babatda taýsyz tagallalary üçin, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
GARAŞSYZLYGY WASP EDÝÄN TÄZE SAHNA ESERLERI

Teatr we kino dünýäsi

11.09.2026

Bagtyýar watandaşlarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Garaşsyzlygymyz – barlygymyz». Şu jähetden, Garaşsyzlyk – biziň eziz Watanymyza söýgimizi we sarpamyzy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan, halkymyzyň berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, özbaşdaklyk, hemişelik Bitaraplyk barada telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolan mukaddes gymmatlygymyzdyr. Pederlerimiziň toý-baýrama sowgatly-serpaýly barmak asylly däbine eýerip, ýurdumyzyň teatrlary hem sirkleri şanly baýramymyza täze sahna eserleri bilen geldiler. Baş baýramymyzyň toýy giňden dabaralanýan aýyň 11,12,13-inde ýurdumyzyň ähli teatrlarynda hem-de sirklerinde täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri guralýar. Sahna oýunlarynda hem-de sirk tomaşalarynda mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik zähmet üstünlikleri hem-de syýasy, durmuş we jemgyýetçilik durmuşynyň şanly wakalary, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygy, watansöýüjilik, şöhratly pederlerimiziň hem-de belli şahsyýetleriň döredijilik we ömür ýollary wasp edilýär. Gazna tarapyndan hemaýat ýetirilen çagalaryň ene-atalarynyň, hossarlarynyň, tutuş halkymyzyň, dünýä halklarynyň alkyşy çäksizdir. Şu jähetden, «Howandar» sahna eseri ynsan ömrüni iň gymmatly baýlyk hasaplaýan lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sogap işlerine halkymyzyň senasy, haýyr işleriniň çeper hekaýatydyr. Bu eser garagöz çagajyklaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” atly kitabynyň esasynda döredilen «Jennet mukamy» atly aýdym-sazly sahna eserini taýýarlady. Eser halkymyzyň milli guwanjy bolan dutara hem türkmen halysyna bagyşlanandyr. Sahnada taryhda «Beýik Ýüpek ýolunyň» ugry bilen milli baýlyklarymyzyň çawunyň dünýä ýaýraýşy halyçy gyzyň hem-de dutarçy ýigidiň päk söýgüsi hem-de wepalylygy baradaky rowaýatyň üsti bilen giňden dabaralandyrylýar. Alp Arslan adyndaky milli drama teatry mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli sahnalaşdyran spektakly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bina edilen gözel Aşgabat şäheriniň waspyny ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň kämil köňlüniň kelamy «Ak şäherim Aşgabat» kitabyndan ruhlanylyp döredilen bu täze eserde Aşgabat ýer titremesiniň pajygaly wakalaryndan soňra merdana halkymyzyň Watanymyzyň ýüregini bolan paýtagtymyzy dikeltmek, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek babatda zähmet gahrymançylygy täsirli durmuş wakalarynyň üsti bilen çeper beýan edilýär. Onda halkymyzyň dogumlylygy, gaýratlylygy, wepalylylygy, birek-birege mähribanlygy sahna sungatynyň dili bilen dabaralandyrylýar. Türkmen döwlet gurjak teatry körpe tomaşaçylaryny «Dostluk mukamy» atly sahna oýny bilen begendirýär. Sahnada çykyş edýän erteki gahrymanlary aýdym-sazly, şowhunly çykyşlar bilen ýaşajyk tomaşaçylara ýene bir ýola, birek-birek bilen agzybirlikde ýaşamaklygyň, birek-biregi goldamaklygyň, mähirli gatnaşyklaryň ýaşaýyş üçin zerur zatlardygyny ündew edýär. Umuman, bu sahna eseri tokaýdaky wakalar hem türkmen tebigatynyň täsin jandarlarynyň şowhunly çykyşlaryndan ybarat bolup durýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/4896467987879798798.jpg) Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry bagtyýar ýaşlarymyzyň ykbalyndan söz açýan sahna oýny bilen tomaşaçylary begendirýär. Pýesa Gahryman Arkadagymyzyň «Atda Wepa-da bar sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary esasynda çeperleşdirilip ýazylan eser. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry M.Kazakowanyň «Eşit meni» atly sahna eseri bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar. Sahnada Aýperi atly ýaş gyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda öz saýlan dizaýnerlik hünäri boýunça ýokary bilim alyp, söýgüli hünäriniň inçe syrlaryny öwrenişi, ökde hünärmen bolup ýetişip Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin çekýän päk zähmeti ýaýbaňlandyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Agzybirlik rowaýaty» atly dramasy eserini sahnalaşdyrdy. Bu eser Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyndan ylhamlanyp döredildi. Sahnada agzybirligiň güýjüniň ähli ösüşleriň hem-de parahat ýaşaýşyň girewidigi dabaralandyrylýar. Bu eserde ykbal ýollary Polady galada Pugta atly gyz bilen duşurýar. Olaryň mukaddes söýgüsi bagtly durmuşa ýetirýär. Mahlasy bu spektaklda gyzykly wakalaryň üsti bilen pelsepewi ýörelgä daýanýan parasatly halkymyzyň watansöýüjilik hem-de parahatçylyk ideýalary giňden wasp edilýär. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry şanly baýramçylygymyz mynasybetli «Mukaddesdir bu Watan» atly sahna oýnynyň ilkinji görkezilişini guraýar. Sahna oýnunyň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeltýär” kitabyndaky Watan mukaddesligi baradaky aýdan pähim-parasatly öwüt-ündewleri öz beýanyny tapýar. Onda Gorkut atanyň ýaş Watançy ýigitlere sargydy esasynda «Gorkut ata» eposynyň «Bekel ogly Ymran» boýundaky wakalar sahnada janlanýar. Oguz döwletiniň serhedini sak goraýan watançy ýigit Bekeliň gahrymançylygy mynasybetli Oguz iliniň toý tutup, muňa-da Gorkut ata gelip, bu «Oguznamany» aýtmagy bilen utgaşýar. Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky sazly drama teatry belli şahyr hem dramturg N.Rejebowyň «Döwletli döwran geldi» atly pýesasy esasynda sahna oýnunyň ilkinji görkezilişini tomaşaçylara hödürleýär. Dramada ýaş nesilleriň päk söýgüsini hem-de döwürleriň arasazlaşygy açyp görkezýär. Wakalar dost-doganlyk kenaryna öwrülen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň täsin tebigy gözelligi we häzirkizaman ösüşleri bilen utgaşýar. Deňze dynç almaga baran Gummandyr Dilber, Ojardyr Göwher ýaly ýaşlar hut şu ajaýyp künjekde biri-birine duşup, bagtyny tapýarlar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň belent ösüşlerini, ýaş juwanlaryň yşky duýgularyny beýan edýän bu oýun aýdym-sazlar bilen bezelen liriki tomaşadyr. Eseriň dowamynda durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlaryň arassa duýgulary gyzykly wakalaryň üsti bilen görkezilýär. Oýun adaty durmuş çäklerinden çykyp, döwlet syýasatynyň her bir ynsana, her bir ojaga berýän bimöçber aladasyny simwoliki dilde wasp edýär. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan dramaturg G.Daňatarowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Oguz ýigidi» atly sahna oýnunda Gorkut ata eposynyň Däli Garçar boýundaky gyzykly wakalar janlandyrylýar. Bu eserde çaga terbiýesi, türkmen gelin-gyzlaryň päk ahlaklylygy, asylly edep-ekram ýörelgeleri giňden ündelýär. Eseriň gahrymany Tulpar gyzyň öz öýündäki tekepbirligi gaýyn öýüne baryp, Oguz ýigidiň terbiýesini görenden soňra tutanýerlilige, başarjaňlyga, pespällige, maşgala bolan söýgä öwrülýär. Bu sahna eserinde „Balam eziz, edebi ondanam eziz“ diýen türkmen nakylynyň çuň manysynyň bardygy ýaýbaňlandyrylýar. Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry «Türkmen soltany – Jelaleddin” atly sahna oýnynyň ilkinji görkezilişini guraýar. Sahnada keşbi janlandyrylýan Jelaleddin soltanyň edermenligi türkmen halkynyň uzak geçmişindäki watanperwerli taryhy wakalary bilen utgaşýar. Belli türkmen taryhçysy An Nesewiniň taryhy ýazgylary esasynda döredilen bu eserde halkymyzyň gahrymançylygy giňden dabaralanýar. Sahna eseri Jelaleddiniň Watan, halkyň jebisligi, bir bitewiligi, hakyndaky pikirleri «Watan gurulýandyr ata-baba yhlasyndan, Watan gurulýandyr halkyň beýik ykraryndan» diýlip tamamlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sirklerinde täze tomaşalar taýýarlanyp sirk täsinliklerini söýüjileri begendirýär. Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Behişti bedewler – şöhrat-şanymyz», sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bolsa «Galkynyşyň röwşeni siz, ýelden ýyndam bedewler» atly ýörite sirk tomaşasy bilen sungat täsinliklerini söýýän muşdaklaryna hyzmat eder. Mundan başga-da, teatrlaryň hem-de sirkleriň ajaýyp sahnalarynda ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanar. Wäşileriň baýramçylyk gutlaglary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Ýurdumyzyň teatrlary we sirkleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, belli şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny wagyz edýän sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri bilen tomaşaçylary begendirer. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza teatr we sirk sungatynyň işgärleri milli sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýäde ýaýmak üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri, goldaw-hemaýatlary üçin soňsuz alkyşlar aýdýarlar. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.