logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «PAÝHAS ÇEŞMESI» ATLY GYMMATLY KITABY HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

29.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitaby hakynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgäri her bir sözi pähim-paýhas ummany,atalar sözi bolan türkmen nakyllarymyzyň her biriniň many-mazmuny barada söhbet etdi. Biziň edebi mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan halk döredijiligimiz olaryň dürli görnüşleri ýagny,matallar, nakyllar,toý aýdymlary, rowaýatlar, ertekiler,halk dessanlary we beýlekiler hakynda hem giňişleýin söhbet etmek bilen,olar halk döredijiliginiň durmuşda,ýaşlary terbiýelemekde örän uly ähmiýetiniň bardygyny giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda öz ynsanperwer syýasaty bilen atlary dünýä dolan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

No image
MÜŇ DÜRLI ÖWÜŞGÜNLI MILLI MIRASYMYZYŇ WASPY

Muzeýler

28.10.2025

Her bir güni buşluga, hoşluga, joşguna beslenýän bagtyýar zamanamyzyň ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň paýhasly güýz paslynyň nurana günleri halkymyza bagtyýarlyk nuruny eçilip, kalplarymyza egsilmejek ylham çaýýar. Barha golaýlaşyp gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy bilen utgaşýan dabaraly çärelere bolsa işjeň häsiýet mahsus. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ilerleýär. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda mynasyp orun tapýar. Ýaňy ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretarýady, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikde gurnamagynda ÝUNESKO tarapyndan yglan edilen Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli welaýatymyzyň çeper elli zenanlarynyň, kümüş saçly mährem enelerimiziň, nurana gelin - gyzlarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Baý many-mazmunly, täsirli çykyşlary özünde jemlän bu duşuşyk, milli mirasymyzyň dürli görnüşlerini we muzeý gymmatlyklarymyzy giňden ýaýbaňlandyrylan serginiň müň dürli öwüşgünleri bilen utgaşdy. Bäş müň ýyllyk taryhyny özünde jemleýän amaly-haşam, keşdeçilik, keçe basmak, haly dokamak, bagşyçylyk we dutar ýasamak ýaly hünärler milletiň maddy hazynasy, ruhy täji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkymyzyň taryhyny öwrenmekde-de egsilmez çeşmedir. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy, mähir hem-de yhlas siňdirilip bejerlen tahýalarymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp reňkleri siňen keşdelerimizi we keçelerimizi içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Dabaraly duşuşykda oňa gatnaşan zenanlaryň her biri bagtyýar zamanany peşgeş beren milli mirasymyzy, arşyň nepisligine deňelýän nepis haly sungatymyzy, öwrenmäge hem-de ýaş nesle milliliklerimizi wagyz etmäge hem-de dünýä ýaýmaga döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekleriniň töründen çykýan ajaýyp alkyşlaryny beýan etdiler. ______________________ Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
MAGTYMGULY PYRAGY–BEÝIK AKYLDAR ŞAHYR

Kitaphanalar

28.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy–beýik akyldar şahyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly yz galdyran söz ussatlarymyza, nusgawy şahyrlarymyza uly hormat goýulýandygy esasanda gürrüň edip, türkmen edebiýatynyň söz ussady akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ägirt uly döredijiligi, goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti hem-de şahyryň şygyrlarynyň diňe bir türkmen halkynyň ýüreklerinde orun alman, eýsem dünýä edebiýatynda hem uly meşhurlyga eýe bolandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ynsan kalbynyň ruhy aýnasy bolan ussat şahyryň şygyrlary belentden sarpalanýandygy barada aýtdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HOŞNIÝETLI DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR

Halkara gatnaşyklary

28.10.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary üstünliklere beslendi. Munuň özi hoşniýetli gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry bolup durýar. Türkmenistan ýurdumyz bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda türkmen-italýan gatnaşyklary durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşiň ýolunda bolup, syýasy dialogy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilen. Şeýlelikde 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallymlaryň gatnaşmaklarynda iki döwletiň dostlukly duşuşygy, özara hyzmatdaşlygy barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň Italiýanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary sarpalamagy, dostlukly ýurduň taryhyna we milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň beýany barada çykyşlar boldy. __________________ Tawus GARAJAÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri

No image
«DUTARYŇ OWAZY» HALKARA FESTIWALYNDA GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT

Halkara gatnaşyklary

28.10.2025

Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy bilen tanymal beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» atly IX halkara festiwaly milli medeniýet we sungat ösüş gaznasynyň bilelikde gurnalan «Uruşyň keşbi sungatyň aýnasynda» atly halkara ylmy-amala konferensiýasy geçirildi. Bu maslahat Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylana bagyşlandy. Ylmy-amaly maslahat häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, onlaýn görnüşinde geçirildi. Nury Halmämmedowyň adyny göterýän “Dutaryň owazy” halkara festiwalynyň art-direktory, Russiýanyň we Ýewraziýanyň kompozitorlar birleşiginiň agzasy Mämmet Guseýnow çykyşynda türkmen halk sazynyň halkara derejesindäki ähmiýetine üns çekdi. Açylyş dabarasynyň dowamynda birnäçe saz eserleri ýerine ýetirildi. Türkmen we rus kompozitorlaryň döredijiliginden parçalar ýaňlandy. Maslahata Türkmenistandan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan onlarça alym sazandalar, suratkeşler hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň her biri Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda halklaryň döredijilik we ruhy güýjüniň nähili beýanyny görkezenini öz ugruna görä düşündirdi. Türkmen alymlaryndan professor Owez Muhammetberdiýew suratkeş Yzzat Gylyjowyň döredijiliginde uruş temasynyň özboluşly beýanyny açdy. Türkmenistanyň halk artisti, Il Ýaşulysy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Atageldi Garýagdyýew bolsa meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň “Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlarynyň hatyrasyna” atly wokal-simfoniki poemasy barada gürrüň berip, şol döredijiligiň halk gahrymanlaryna goýlan belent hormaty bardygyny belledi. Şeýle-de ol çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhammedowyň “Döwlet guşy” romanyndan alnan setirlere kompozitor Kerim Jumagulyýewiň sazyna we esaslanan aýdymy ýerine ýetirdi. Maýa Kuleýawa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary Zulfiýa Jumagulyýewa, Bahargül Ýakubowa, Şemşat Annagylyjowa, Leýla Babaýewa, Gülnabat Ataýewa we beýlekiler Beýik Watançylyk urşy döwründe Türkmenistanda döredijilik durmuşynyň giňden ösendigini nygtadylar. Olar uruş ýyllarynda döredilen teatr, opera we saz eserleriniň halkyň ruhyny berkitmäge, ýeňşe bolan ynamy güýçlendirmäge hyzmat edendigini aýtdylar. Maslahatyň dowamynda çykyşlaryň arasynda wideo görkezmeler, döredijilik çykyşlary we çykyş edenleriň arasynda pikir alyşmalar hem geçirildi. Bu çärede Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň ýatlamalary diňe bir taryhy taýdan däl, eýsem sungatyň üsti bilen ýürekden duýuldy. Maslahata gatnaşyjylar saz, söz, sungat we ylmy pikir arkaly parahatçylygyň we ynsana hormatyň iň ýokary gymmatdygyny belläp geçdiler. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açan bu çäre, halklaryň arasynda dostlugy, düşünişmegi we döredijiligi ösdürmäge hyzmat etdi. __________________________ Hatyja AKMYRADOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň V ýyl talyby

No image
«USSAT BAGŞY» ADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI PÜRLI SARYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 125 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

28.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitaphanasynda sungaty söýüji ýaşlar bilen Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewiň doglan gününiň 125 ýyllygyna bagyşlap, «Ussat bagşy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat bagşynyň sungata bagyşlanan ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Aýdym-sazyň gudraty, jadylaýjy güýji, ynsanyň aňyna, kalbyna edýän ýakymly täsiri barada gyzykly gürrüňdeşlik boldy. Hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde orun alan Şükür bagşynyň gazma dutary bilen ýüze çykan meseläni parahatlyk ýoly bilen çözendigi baradaky setirlerini bilesigeliji ýaşlara gürrüň berdiler. Gymmatly eserde beýan edilýän «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar» diýen setirler çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda uly aladalar edýän, ýurdumyzy asudalygyň, parahatçylygyň hem-de aýdym-sazyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
«KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY» SAZ FESTIWALYNYŇ ÇÄGINDÄKI ÝAŞ MUGALLYMLARYŇ KONSERTI

Konsertler

27.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlar barada uly tagallalary edýärler. Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” saz festiwalynyň çäklerinde “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymlary Rahymberdi Hojageldiýewiň we Baýramgül Amangeldiýewanyň hem-de “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Dursun Täçnepesowanyň bilelikdäki konserti geçirildi. Saz festiwalynyň çägindäki konsertda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Rahymberdi Hojageldiýew meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eseri bilen çykyşyny başlady. Soňra daşary ýurt kompozitorlarynyň P.Sarasate “Sygan heňleri”, A.Piazzolla-Wladimir Zykin “Libertango” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýerine ýetirdi. Onuň yzysüre “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Baýramgül Amangeldiýewa daşary ýurt kompozitorlarynyň A.Wiwaldi “Ýyl pasyllary” “Tomus” II,III bölümler, Ts. Oganesýan “Fantaziýa” №1, A.Byzow “Sha Shtil” eserlerini örän täsirli ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Soňra konserti “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Dursun Täçnepesowa dowam etdirdi. Ol türkmen halk sazy “Nergiz”, “Kerem geldi” eserleri bilen çykyş etdi. Bu täsirli çykyşyndan soňra türkmen kompozitorlary G.Kulyýew we S.Mämiýewiň “Baýramçylyk konserti” eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Konsertiň jemleýji çykyşyny “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymlary Rahymberdi Hojageldiýewiň we Baýramgül Amangeldiýewanyň hem-de “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Dursun Täçnepesowanyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde daşary ýurt kompozitory W. Monti “Çardaş” eseri ýaňlandy. Bu çykyş tomaşaçylarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Konsertiň dowamynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Maýagözel Nazarowa, “Türkmen sazy” kafedrasynyň mugallymy Amanjahan Rejepowa sazandarlyk etdiler. Konsert tamamlanandan soňra konserta gatnaşan tomaşaçylar çykyş eden mugallymlara gül çemenlerini gowşurdylar we ýadygärlik surata düşdiler. ___________________ Osman SAPARGELDIÝEW Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» fakultetiniň V ýyl talyby

No image
TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY–MILLI MIRASYMYZ

Kitaphanalar

27.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Türkmen keşdeçilik sungaty–milli mirasymyz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň keşdeçilik sungaty medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bütin türkmen halkyny begendirendigi, aýratynam gelin-gyzlarymyzyň el hünärine bolan söýgüsini artdyrandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen zenanlarynyň on barmaklaryndan sünnälap ýerine ýetiren el işlerinde, çeken nagyşlarynda olaryň ýürek mähri siňendigi, gelin-gyzlaryň ýiti zehininden dörän keşdeler halkyň ruhy ahwalyndan, geçmiş taryhyndan gözbaş alyp gaýdýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamakda, dünýä ýaýmakda we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrynda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TERBIÝELI NESIL-DÖWLETIŇ GELJEGI

Kitaphanalar

27.10.2025

Ýakynda Lebap welaýat kitaphanasyna ýaşuly neslimiz öz agtyklary bilen gezelençde boldular. Olar ýaşajyk kitapsöýüjilere kitabyň ähmiýeti barasynda, gyzykly kitaplary okap berdiler we kitaphanada guralan kitap sergilerine syn etdiler. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimize kitaba bolan söýgüniň artmagyna, kitap bilen dostlugyny berkitmäge, olary ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýeläp, ylymly-bilimli giň dünýä garaýyşly, çuň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmeklerine uly ýardam eder. Şeýle-de okamana ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«РУССКИЕ ПОЭТЫ-ДЕТЯМ» ATLY N.A NEKRASOW, A.N.FET, F.I.TÝUTÇEW–ÝAGNY RUS ÝAZYJYLARYNYŇ ÇAGALARA BAGYŞLAP ÝAZAN ESERLERI BARADA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

27.10.2025

Türkmenistanyň BazarAmanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy–ýakynda paýtagtymyzyň 51–nji orta mekdebiniň kitapsöýüji okuwçylarynyň arasynda, «Русские поэты-детям» atly N.A Nekrasow, A.A.Fet, F.I. Týutçew–ýagny rus ýazyjylarynyň çagalara bagyşlap ýazan eserleri barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmenimiz çagalara Rus ýazyjylar bilen tanyş edip, olaryň ajaýyp gyzykly goşgularyndan we eserlerinden gürrüň berdi bu hem çagalarda uly gyzyklanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz çagalara rus şahyrlaryň goşgularyndan okap berdi, Şeýlede «Русские поэты-детям» atly sergisini gurnaldy. Bu sergide çagalar rus şahyrlaryň kitaplaryny okap öz aralarynda gyzykly sorag jogaplary alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitapsöýüji ýaşlar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykan alkyş sözlerini beýan edildi.