logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«DESSANÇYLYK SUNGATYNYŇ NAÝBAŞY NUSGALARY» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi

Medeni miras

06.02.2026

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan dessançylyk sungaty milli aýdym-saz sungatynyň özboluşly ugry bolup, bu sungat halypadan şägirde geçip, kämillik derejesine ýetdi we biziň günlerimize gelip ýetdi. Alym Arkadagymyz özüniň «Ile döwlet geler bolsa... » atly kitabynda: «Dessançylyk - bu düýp manysy boýunça ýekelikde ýerine ýetirilýän sahna eseridir» diýip jaýdar belleýär. Çünki, dessançy bagşy, hem aýdymçy, hem sazanda, hem-de artist hökmünde çykyş edýär. Dessançynyň bagşyçylyk ussatlygy aýdymynda, sazandarlyk ussatlygy sazynda, dilewarlyk ussatlygy dessanlaryň kyssa böleklerini ýerine ýetirmeginde ýüze çykýar. Sazyň, sesiň hem-de sözüň güýji bilen diňleýjileriň ünsüni çekip, olary özüne tabyn etmek, täsir etmek ýaly başarnygy özünde jemleýän dessançy bagşylaryň repertuary möçber taýdan uludygy bilen tapawutlanýar. Ses, ýatkeşlik hem-de ýerine ýetirijilik ussatlygy ýokary derejä eýe bolan bagşylarymyz bu ajaýyp sungaty kämillik derejesine ýetirdiler. Häzirki döwürde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan, özboluşly ýerine ýetirijilik we döredijilik ýollary bilen tapawutlanýan bagşylaryň döredijiligini we olaryň öz şägirtleri bilen bolan halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döwrebap derejede ösdürmek, bu gadymy sungatyň welaýat aýratynlygyny çuňňur öwrenmek boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Daşoguz welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Dilewar oba Medeniýet öýünde türkmen milli dessançylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik däplerine bagyşlanan «Dessançylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna medeniýet, sungat işgärleri we bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler dessançylyk sungatynyň ussat halypalary, olaryň halypa-şägirtlik ýoly, dessanlaryň ýerine ýetiriliş däpleri barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Duşuşykda halypa bagşy Aşyrbaý Hydyrow tarapyndan «Saýatly-Hemra» dessanyndan, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Sabyr Sabyrow tarapyndan «Görogly» şadessanyndan, bagşy Wepa Nurmuhammedow tarapyndan «Görogly» şadessanyndan, bagşy Soltanbagt Rejepowa we Daşoguzyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi Laçyn Mätgeldiýewa tarapyndan «Görogly» şadessanyndan parçalar ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Medeniýet öýüniň sahnasyny Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň sergisi bezedi. Halkymyzyň arasynda «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen ajaýyp pähim bar. Goý, döwletliligiň nyşany hasaplanýan bagşylarymyzyň dilinde dessançylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary türkmeniň nä derejede ynsanperwerligini, parahat durmuşyň we adalatyň tarapdarydygyny, dünýä meşhur gymmatlyklaryň eýesidigini äşgär edip, älem içre ýaňlanyp dursun. Goý, türkmeniň ömürlik hemrasyna öwrülen milli aýdym we saz sungatymyzy dünýä derejesinde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, öňdengörüjilikli we döredijilikli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin. ________________________________ Ogultäç Hojanazarowa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
BEDEW BATLY MAKSADYNA ÝETENIM, GARAŞSYZ BITARAP EZIZ WATANYM

Kitaphanalar

06.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Bedew batly maksadyna ýetenim, Garaşsyz Bitarap eziz Watanym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew aty milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orunyň bardygy barda çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BUDUR BEDEW BATLY ÝURDUŇ ŞANLARY, GARAŞSYZ ÝURDUMYŇ BAGTYÝARLYGY

Kitaphanalar

06.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Budur bedew batly ýurduň şanlary, Garaşsyz ýurdumyň bagtyýarlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Berkarar Watanmyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da beýgeltmekde uly işleriň alnyp barylýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeldip, behişdi bedewlerimize aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN ŞAÝ-SEPLERI GÖZELLIGIŇ BEZEGI

Kitaphanalar

06.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Türkmen şaý-sepleri gözelligiň bezegi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda toplanan milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýändigini, eli hünärli ata-babalarymyzyň amaly-haşam sungatynyň zergärçilik ugruny kämil derejä ýetirip bu ugurda halkyna nusga alarlyk miras goýandyklary barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen zergärleri halkyň gadymy we kämil nusgasyna degişli bolan gelin-gyzlaryň bezeg şaýlaryna özleriniň ýagşy umyt- arzuwlaryny, çeper pikirlerini we yhlaslaryny siňdirendikleri barada hem aýdyp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak ugrynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINDE TÜRKMEN BEDEWINIŇ WASPY

Kitaphanalar

05.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphana işgärleri “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşigi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da”,”Ganatly bedewler”, ”Gadamy batly bedew” atly ajaýyp eserlerinden ýazgy etdiler.Çykyş edenler bu eserleriň milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi diýip buýsanç bilen çykyş etdiler we deňi -taýy bolmadyk ajaýyp bedewlerimiziň şan-şöhratyny arşa galdyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
MUZEÝIMIZE TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Muzeýler

05.02.2026

Türkmen Döwlet Binagärlik Institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gökdepe” milli muzeýiň sergi bölümlerine düşündirişli gezelenç geçirildi. Düşündirişli gezelenji muzeýiň esasy hünärmeni Nurnabat Gurbanmämmedowa alyp bardy. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar Gökdepe söweşiniň taryhyny üns bilen diňläp, her bir esbaplary synlap bu gün asuda, erkana döwletde okap bilim almaklarynyň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýdyň göz ýetirdiler. Bu günki gezelenjiň esasy maksady hem 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda muzeýe syýahat etmek bilen talyp ýaşlary watansöýüjilik, gahrymançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Bitaraplyk syýasatymyzyň türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagynda tutýan belent ornunyň waspyny dabaralandyrmak bolup durýar. Gezelenjiň dowamynda muzeýiň “Bagtyýarlyk” otagynda muzeýiň bölüm müdiri Tawus Amanmyradowanyň alyp barmagynda talyplaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda talyplaryň muzeýe syýahat edip düşündirişli gezelenjiň netijesinde muzeýiň taryhy, milli gymmatlyklarymyz barada sorag-jogaply söhbetdeşlik esasynda pikir alşyldy. Bu bolsa talyplaryň diňlän taryhy maglumatlaryny has çuňňur özleşdirip dünýägaraýyşlarynyň giňemegine uly täsir eder. Şol sebäpli çäräniň dowamynda “Ýaşlyk” teleýaýlymyna birnäçe talyplar tarapyndan interwýular bilen ýazgy edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, muzeýler ulgamyna uly üns berýär. Munuň üçin Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyzyň çägi ýok. Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il – ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.

No image
AJAÝYP AT BERIP ÝYLYŇ ADYNA-BAT GOŞDUŇYZ ÖSÜŞLERIŇ BADYNA

Kitaphanalar

05.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Ajaýyp at berip ýylyň adyna - bat goşduňyz ösüşleriň badyna» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji–hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhyny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini, dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanmyzyň bedew batly ösüşleri, milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasy aýdyň şöhlelenýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda 132-nji orta mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde watanmyzy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanyp çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda Türkmen halkymyzy bedew batly ösüşler bilen ak ýollardan alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY GELJEGE ŞAMÇYRAGDYR

Kitaphanalar

05.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary geljege şamçyragdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan ajaýyp kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň ulydygyny, şeýle hem halkyň kalbynyň nuruna öwrülip, geljekki ýaş nesillere edebi miras, aýdyň ýol, her bir işde uly gollanma hem-de maglumat çeşmesi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp eserinden birnäçe atalar sözüni, türkmen bedewlerine degişli birnäçe gyzykly maglumatlary okap berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda şeýle gymmatly eserleri halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MILLI NAGYŞLARYMYZ-MILLI MIRASYMYZ

Kitaphanalar

05.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Milli nagyşlarymyz-milli mirasymyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmekde, ösdürmekde möhüm işleriň alnyp barylýandygyny, sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmatynyň has-da belentde tutulýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ene-mamalarymyzdan gelýän bu ajaýyp sungat häzirki döwrümizde-de öz gymmatyny, gözelligini, nepisligini ýitirmän toý-baýramlarymyzda öýlerimiziň törüni hem-de gyz-gelinlerimiziň lybaslaryny bezäp, halkymyzyň milli keşdeçilik sungatynyň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda gülläp ösýän ýurdymyzda milli gymmatlyklarymyzy ýaşlarymyza giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«ÇAGANY ÝAŞDAN, EDEBI BAŞDAN» ATLY EDEBI ÇAGA TERBIÝESINIŇ ÖZENI HAKDA GÜRRÜŇDEŞLIK

Kitaphanalar

05.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kiçi ýaşly okyjylaryň hyzmat ediş bölüminiň Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdep bilen bilelikde «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Çagany ýaşdan, edebi başdan» atly edebi çaga terbiýesiniň özeni hakda gürrüňdeşlik geçirdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda eşretli zamanamyzda mähriban Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz üçin döredip berýän ägirt uly işlerine köp sag bolsun aýdyp, açylyş sözünden soňra, türkmen halk döredijiliginiň görnüşleri bolan nakyllaryň, ertekileriniň, sanawaçlaryň, tapmaçalaryň üsti bilen köp zatlary öwrenip boljakdygyny, olaryň edep-terbiýede tutýan ornunyň örän uludygyny giňişleýin gürriň berdi. Şeýle-hem mekdebiniň okuwçylaryny öz gezeginde hem öwrenip gelen ajaýyp goşgularyny, nakyllaryny aýdyp berdiler. Gürrüňdeşligiň soňunda bagtyýar döwründe ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.