logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
MILLI MIRAS EBEDIDIR

Kitaphanalar

05.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at- myradyň mekany” diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasymyzy öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda “Milli miras ebedidir” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň,we täze gelen neşirler ýerleşdirildi. Bu sergi talyplarda uly täsir galdyrdy. Milli mirasy öwrenmek we olary düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredildi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
A.S.PUŞKIN ADYNDAKY TÜRKMEN-RUS BILELIKDÄKI UMMUMY ORTA MEKDEBINIŇ OKUWÇYLARYNYŇ WE MUGALLYMLARYNYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

05.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki ummumy orta mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.Gezelenjiň dowamynda okuwçylara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ” Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly rus dilindäki gymmatly kitabyň many-mazmuny hakynda, geljegimiz bolan ýaş nesilleri lebzi halal ruhda terbiýelemek,olaryň gursagyna watançylyk söýgüsini guýmak asylly ýörelgeleriň biridigini,perzendiň asylly,edep-ekramly bolmagy üçin ilkinji nobatda, ene-ata görelde bolmalydyr diýip,giňişleýin gürrüň edildi. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek,sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda mekdep okuwçylary, mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli,döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINDE BOLDY

Täzelikler

05.02.2026

4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At-myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz çagalaryň hem-de ýaşlaryň öňünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň başynda türkmen bedewleriniň şöhratynyň belende galýandygyny, milli sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygyny alamatlandyran waka mynasybetli çykyş etdi. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary at çapyşyklaryna taýýarlamak üçin amatly şertleri, ýakymly howa gurşawyny özünde jemleýän künjekde, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, “At-myrat” okuw merkezi hereket edýär. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da milli atşynaslyk ýörelgeleriniň ösdürilmegine giň ýol açýar. Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine gelende, Milli Liderimizi akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar. Ýapyk manežde “At-myrat” okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Merkeziň ýolbaşçysy öz aralaryna gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanýandygy we ýaşlara milli atşynaslyk däplerini ylmy esasda öwretmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň garamagynda bolan, milli atşynaslaryň täze nesliniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýän “At-myrat” okuw merkezi atşynaslyk bilen gyzyklanýan ýaşlary özünde jemleýär. Atçylyga höwes edýän çagalar çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim alýarlar. _____________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
AÝDYM-SAZLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY

Täzelikler

04.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän ajaýyp sungat eserleri, makalalary, şygyrlary, hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr. 3-nji fewralda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, aýdymçylarynyň, artistleriniň, ýagny, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowanyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarowyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, şahyr Süleýman Ilamanowyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Çemen Annaberdiýewanyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy Myrat Işangulyýewiň gatnaşmagynda, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäher medeniýet öýünde hem-de Tejen etrap medeniýet merkezinde «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary geçirildi. Döredijilik duşuşyklarynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny, göwün galkyndyryjy ösüşleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, duşuşyklarda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22-b.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33-b.jpg) Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar. Akyldar şahyryň parahatçylyk, agzybirlik taglymaty bu günki gün tutuş adamzady daşyna jemleýär. Dana şahyryň watanperwerlik, döwlet berkararlygy, il agzybirligi ýaly taglymatlary esasynda nesiller terbiýelenýär. Şahyryň ynsan kalbynda orun alan pelsepewi pikirli şygyrlary, halkymyzyň ruhy dünýäsinde nakyl we akyl bolup ýaşaýar. Söz ussadynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň adamzadyň ruhuny tämizläp, barlygyň gözelligine, durmuşa bolan söýgini has-da ösdürýändigi baradaky pikirler hem çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň dünýädäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Agzybir halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlary halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegi. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, ýurdumyzda atçylyk sportuna uly üns berilmegi, at üstünde ýerine ýetirilýän milli oýunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ulgamyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: «Bedewlerimiz halkymyzyň geçmişiniň, şu gününiň hem geljeginiň, sözüň doly manysynda daýanjy bolup, durmuşymyzyň ýaraşygydyr. Magtymguly atamyzyň «Aty meýdan tanyr, hümmeti - myhman», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», ýaly setirleri türkmen bedewiniň durmuşa aýratyn gyzyk çaýýandygyna şaýatlyk edýär» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, behişdi bedewler milletimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Hut şonuň üçin hem, bagtyýar halkymyzyň şöhratly taryhyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/44-b.jpg) Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri arkaly indi ençeme asyrlar bäri dünýä halklaryny haýran galdyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejeli festiwallarda, ýaryşlarda üstünlikli çykyşlar edip, altyn kuboklara hem-de beýleki baýraklara yzygiderli mynasyp bolmaklary ýatdan çykmajak buýsançly wakalardyr. Bu toparyň ezber ýigitleriniň hem-de gyzlarynyň atyň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly sirk çykyşlary, dünýäniň sirk sungatynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine goşýan goşantlarydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara sirk festiwallarynda we ýaryşlarynda gazanýan taryhy üstünlikleri ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň has-da artmagynda uly orun eýeleýär. Toparyň gazanýan uly ýeňişleri mynasybetli dabaralar guralyp, ýörite sowgatlar, baýraklar gowşurylýar. «Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/55-b.jpg) Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlarynda, halkymyzyň gadymy atçylyk däplerini we atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen iri möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary diňe bir atçylygy ösdürmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize pugta ornaşdyrylmagyna oňyn şertleri döredýär. Merdana pederlerimizden miras galan bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň bezegi, halkymyzyň ruhy syrdaşy. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek babatda alnyp barylýan işler örän netijelidir. Ýurdumyzyň atşynaslarynyň, seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň netijeli zähmet çekmekleri, atçylyk pudagyny ösdürmekleri üçin ähli şertler döredilýär – diýip, çykyş edenler bellediler. Duşuşygyň dowamynda döredijilik işgärleriniň okan goşgulary, ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlar ösüşli-özgerişli döwrümiziň, şan-şöhratly behişdi bedewlerimiziň waspyny belentden ýetirdi. Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew batly ösüşlere besleýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. ___________________ Ogulgurban Gaşlakowa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
KITAP–DÜNÝÄNIŇ PAÝHASY

Kitaphanalar

04.02.2026

Kitap adamzadyň hemişelik hemrasy bolmak bilen, ýaş nesli terbiýelemekligiň baý serişdesi bolup hasaplanýar. Ýaş nesli kitap bilen dostlaşdyrmak, ruhy taýdan ösdürmek olary sogap işe ugrykdyrmak, biziñ ýagny kitaphana işgärleriniñ gönüden göni borçlary bolup durýar Lebap welaýat çagalar kitaphanasy 20-nji orta mekdebiň okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze gelen eserlerini wagyz edýäris. Ýaş nesli watansöýüjilik, mertlik, päk ahlaklylyk, milli mirasymyza hormat goýmak ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär.

No image
2026-NJY ÝYLYŇ 6-8-NJI FEWRALY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

04.02.2026

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 07.02.2026ý. «Yşgyň gämisi» atly sahna oýny sagat 19:00 08.02.2026ý. «Mejbury tebip bolan» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 06.02.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 07.02.2026ý. «Ynsap» atly sahna oýny sagat 19:00 08.02.2026ý. «Bir ojakda iki dünýä» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 06.02.2026ý. «Garry möjek hakda...» atly sahna oýny sagat 11:00 06.02.2026ý. «Bir gijäniň gudraty» atly sahna oýny sagat 19:00 07.02.2026ý. «Näzli dildarym» atly sahna oýny sagat 19:00 08.02.2026ý. «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 06.02.2026ý. «Juwan kalbym joşanda» atly sahna oýny sagat 19:00 07.02.2026ý. «Duýmowoçka» atly sahna oýny sagat 12:00 07.02.2026ý. «Kalp tary» atly sahna oýny sagat 19:00 08.02.2026ý. «Ertekileriňkide myhmançylykda» atly sahna oýny sagat 11:00, 13:00 08.02.2026ý. «Sekiz söýýän zenan» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 07.02.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 08.02.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 __________________________________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 07.02.2026ý. «Ýagyş ýagan gijesi» atly sahna oýny sagat 19:00 08.02.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 __________________________________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 07.02.2026ý. «Janly gurjaklar» atly sahna oýny sagat 17:00 07.02.2026ý. «Şadyýan sazandalar» atly sahna oýny sagat 19:00 08.02.2026ý. «Böwenjik» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 08.02.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 06.02.2026ý. «Kejir kürre» atly sahna oýny sagat 17:00 07.02.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 08.02.2026ý. «Ýeketäk söýgi» atly sahna oýny sagat 19:00 __________________________________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 07.02.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny sagat 19:00 08.02.2026ý. «Gülmek ömürden» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 __________________________________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 07.02.2026ý. «Ene» atly sahna oýny sagat 19:00 08.02.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 __________________________________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 06.02.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny sagat 11:00

No image
BEDEW BATLY ZAMANANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Kitaphanalar

04.02.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat zenanlar bölüminiň gurnamaklarynda “Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzalary, welaýat bölümleriniň işjeň agzalary, ilkinji zenanlar guramasynyň başlyklary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplaryndan ugur alyp, türkmen zenanlaryny bezeýän ilkinji aýratynlyk olaryň ene-mamalarymyzdan miras galan milli edim-gylymlarymyza we ýörelgelerimize wepalylygy barada, dünýäde hiç bir milletiňkä meňzemeýän ajaýyp milli şaý-seplerimiz, egin-eşiklerimiz bütin dünýäni haýrana goýýandygy, öz ukup-başarnyklary bilen dünýä çykmaga ähli mümkinçilikleriň döredilendigi, bu gün ähli ugurlarda ýurdumyzyň halkara abraýyny göterýän zenanlarymyza tutuş halkymyz guwanýandygy, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa belentdigi barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle ajaýyp döwürde zenanlarymyzyň goýulýan sarpa üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
GARAŞSYZLYK–GUWANJYM, DAL BEDEWIM-BUÝSANJYM

Kitaphanalar

04.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk–guwanjym, dal bedewim-buýsanjym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň belleniljek ýyly bilen utgaşykly gelendigini, munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açyp, milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormaty, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny özünde jemleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç–kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewiniň bu gün Türkmenistanyň döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” aýdym-saz toparynyň ýerne ýetirmeginde Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlar ýaňlandy bu bolsa, çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BEDEW BADYM, GÖWÜN ŞADYM, ZAMANAMYŇ HEŇINDEDIR

Kitaphanalar

04.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bedew badym, göwün şadym, zamanamyň heňindedir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde röwşen geljege uly ynam bilen gadam basan täze 2026-njy ýylymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy türkmen döwletiniň jebisligini, agzybirligini, halkymyzyň berkararlygyny we il günümiziň asuda, abadan ýaşaýşyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly ýylymyzyň şygary halkymyzy, aýratyn hem, biz ýaşlary ýeneki zähmet üstünliklerine, beýik işlere ruhlandyrýandygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp eserinden birnäçe atalar sözüni, türkmen bedewlerine degişli birnäçe gyzykly maglumatlary okap berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÇEPER SÖZÜŇ USSATLARY–TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ ÝUBILÝARLARY

Kitaphanalar

04.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Çeper sözüň ussatlary–türkmen edebiýatynyň ýubilýarlary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde türkmeniň taryhy, ruhy dünýäsi, ruhy baýlygy türkmen edebiýatynda jemlenip, ýazyjy şahyrlaryň döredijiligi–diňe bir geçmişiň däl, eýsem şu güniň we geljegiň hem ruhy çeşmesi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýazyjy şahyrlaryň şygyrlarynda Watançylyk, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy ýaly gymmatlyklar wasp edilýändigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de ýazyjy-şahyrlaryň ömri döredijiligini, ýazan eserlerini içgin öwrenmek, aýratynam ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihatlary kitaphanalarda yzygiderli alnyp barylýandygy barada aýtdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýýan, ussatlarymyzyň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.