logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
KITAP–PÄHIM –PAÝHAS ÇYRAGY

Kitaphanalar

12.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda «Kitap– pähim–paýhas çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň biri hem «Türkmeniň döwletlilik ýörelgsi» atly kitaby hakynda söhbet etdiler. Bu kitabyň myhmansöýerlik diýen bölüminde myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biri bolandygyny, her bir halkyň özboluşly myhman kabul etmek dessurlary bolup, myhman garşy alynanda ilki bilen töre geçirlip duz-çörek hödür edilmegi hem gadymy däpleriň biridigi barada gürrüň berdiler. Türkmençilikde «Taňry myhmany» diýen düşünje myhmana edilýän uly hormat-sylag bilen baglanşykly bolup, «Myhman ataňdan uly» diýip myhmana, ataňa goýýan hormatyň ýaly hormat goýmalydygy hakynda aýtdylýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren edebi çeşmeleriniň gymmatynyň, onuň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän ulydygy barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynada şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TERBIÝE ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY

Kitaphanalar

12.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Altyn sümbül» sagaldyş-dynç alyş Merkezinde «Terbiýe ýaşlaryň ýaraşygy» ady bilen kitap sergisini we kitap synyny geçirdi. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de ýaşlara terbiýe bermek baradaky öwüt-ündew ähmiýetli edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen sagaldyş-dynç alyş Merkezindäki çagalar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mundan başga-da terbiýe bilen bagly edebiýatlary hem öwrendiler. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
GEŇEŞLI MASLAHAT - ÄHMIÝETLI ÇÖZGÜT

Kitaphanalar

12.08.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň «Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän» bölüminiň we TDP-niň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty - demokratiýanyň milli nusgasy» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan guralan «Belent maksatly işler rowaçlyga beslenýär» atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.

No image
MAGTYMGULY – HALKYŇ ÖÇMEZ ÇYRAGY

Kitaphanalar

12.08.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde, «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «Magtymguly – halkyň öçmez çyragy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly gymmatly eserinde dana şahyrymyzyň edebi mirasynyň giňişleýin şöhlelendirilişi barada kitaphana hünärmeniniň beren gürrüňlerini ýaş nesillerimiz uly gyzyklanma bilen diňlediler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar akyldar şahyrymyzyň arzuwlan baky berkarar döwletinde ýaşlaryň okamaklary, sapaly dynç almaklary ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize minnetdarlyklaryny beýan etdiler.

No image
ŞAHYRANA SÖZ USSADYNA SARPA

Täzelikler

12.08.2025

11-nji awgustda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat şahyr Amangözel Şagulyýewanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Gahryman şahyryň doglan gününiň hormatyna Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz öz Gutlaglaryny iberdiler.

No image
KITAP HALKYMYZYŇ RUHY HAZYNASY

Kitaphanalar

09.08.2025

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş» merkezinde dynç alýan çagalar bilen «Kitap halkymyzyň ruhy hazynasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we çagalarda kitaba bolan söýgini artdyrmak maksady bilen çagalary gyzyklandyrýan sorag-jogap alyşdylar hem-de bu ýerde kitaphana işgärleri tarapyndan guralan kitap sergisine syn etdiler. Çagalar dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz buýsançlaryny goşgular arkaly beýan etdiler.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAŇ ÝURDY

Kitaphanalar

08.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar çagalaň ýurdy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler çaga gülküsiniň eşdilýän ýerinde bagt hem, üstünlik hem bolýar, bagtyýarlygyň we agzybirligiň mesgenine öwrülen Gökderäniň goýnunda bagtyýar körpeleriň gowy dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilendigi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, kompýuter we dynç alyş otaglary, kitaphanalar, ululy-kiçili howuzlar, sport meýdançalary, bu zatlar ýaş nesillerimiziň sporta, kitap okamaklyga bolan höwesini artmagyna uly mümkinçilik döredýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda her bir günümizi şatlyga, bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATLYK BU TÜRKMENIŇ ÝOLUDYR, YNANYŞMAK KÖŇÜLLERIŇ NURUDYR

Kitaphanalar

08.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Parahatlyk bu türkmeniň ýoludyr, Ynanyşmak köňülleriň nurudyr» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda berkarar döwletimiziň çar tarapa uzaýan dostluk ýollary bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, ösüşleriň ýoly bolup, halkyň bagtyýar durmuşy üçin uly ähmiýetli wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, halkara gatnaşyklarda gazanylýan netijeler ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sazyň, sözüň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlaryň çeper beýany bolan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmyny barada hem giňişleýin belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERI ESASYNDA SOWAL JOGAP BÄSLEŞIGI

Kitaphanalar

08.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmen halk ertekileri» esasynda sowal-jogap bäsleşigi geçirildi. Çärede çykyş edenler Gökderäniň goýnunda bagtyýar körpeleriň gowy dynç almagy üçin birnäçe ak mermerli, owadan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket edýändigini, we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ýerde türkmen halk ertekilerinden birnäçe gyzykly ertekilerden okap berdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileri esasynda sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Geçirilen bäsleşigiň ahyrynda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň wagtlaryny şatlykly geçirmekleri üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ŞYGYR BILEN ÝAŞAÝAN ÝÜREK

Kitaphanalar

08.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp «Şygyr bilen ýaşaýan ýürek» ady bilen kitap sergisi guraldy. Bu guralan kitap sergisinde Türkmenistanyň Gahrymany, halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyň dürli ýyllarda ýazan ajaýyp kitaplary goýuldy.Ynsanperwer, gözel duýgulara ýugrulup, okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan kitaplardan sergilenen bu kitap sergisinden okyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.