logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN BERKARAR

Kitaphanalar

03.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 130-njy orta mekdepde «Bedew batly Türkmenistan berkarar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýändigi, ýurdumyzyň ösüşüni gazanýan Türkmeniň ahalteke bedewleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monoko Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, şahadatnamalaryň gowşurylmagy bütin türkmen halkyny begendirendigi, buýsandyrandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren “Gadamy batly bedew” atly ajaýyp eserinden birnäçe maglumatlar okap berdiler we kitapda ýerleşdirilen foto suratlar bilen tanyşdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi,behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞINIŇ ÝYLYŇ–ÝYLYNDA GEÇIRÝÄN «ÝYLYŇ ZENANY» BÄSLEŞIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHER TAPGYRY GEÇIRILDI

Kitaphanalar

03.02.2026

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýylyň–ýylynda geçirilýän “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige dürli pudaklarda üstünlikli zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Şol sanda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan hem öz işinde ussat kitaphanaçy zenanymyz gatnaşyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinden ruhlanyp, alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin çykyş etdi we baýrakly orunlara mynasyp boldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredijilikli işlemäge,okap bilim almana döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GADAMY BATLY BEDEW

Kitaphanalar

03.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplary we mugallymlary bilen bilelikde “Gadamy batly bedew” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Türkmen halkymyzyň milli buýsanjy hem şöhraty hasaplanylýan türkmen bedewiniň ajaýyp gözelligi ,onuň ynsanyňky ýaly duýgurlygy barada söhbet etmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewleri hakynda ýazan gymmatly kitaplary barada giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew” atly ajaýyp kitaby maglumatlara baýlygy, wakalaryň düýpli hem-de düşnükli beýan edilmegi bilen tapawutlanýar diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
«GÜNDOGARYŇ BEÝIK ŞAHYRY» ATLY ALYŞIR NOWAÝYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 585 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP, SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

03.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň 4-nji sungat mekdebiniň körpe okyjylarynyň arasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmeginde Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna bagyşlap, “Gündogaryň beýik şahyry” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gündogar edebiýatynyň beýik söz ussady hasaplanylýan Alyşir Nowaýyny türkmen halkynda öz zamanasynyň uly döwlet işgäri, ökde dilçi, meşhur suratkeş, ylma, medeniýete hormat goýýan şahsyýet hökmünde giňden tanalýandygy hakynda ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi. Çünki Nowaýy Merwde ýaşan döwründe özüniň ajaýyp edebi döredijiligi bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekillerine oňaýly täsirini ýetiripdir. Şonuň ýaly-da onuň dürdäne şygyrlaryny türkmen bagşy-sazandalary aýdym edip aýdýarlar. Türkmen dutarynda “Nowaýy perdesi” diýen saz perdesi bar. Şeýle hem “Nowaýy” deýen halk saz halk arasynda meşhurdyr. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmeniniň beren gürrüňleri aýdym-saz ugrunda bilim alýan ýaş nesiller gyzyklanma bilen diňlediler. Alyşir Nowaýynyň bize miras galdyran “Perhat we Şirin” poemasy, “Gülpam” dessany hakynda hem söhbet edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar edebiýatymyza, sungatymyza goşant goşan şahsyýetleri sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
AK ÝOLLAR UZAÝAR GELJEGE BAKAN, ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN TÜRKMENISTAN!

Kitaphanalar

02.02.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat medeniýet müdirliginiň we bu medeni ojaklaryň bilelikde gurnamaklarynda “Ak ýollar uzaýar geljege bakan, Öňe, diňe öňe, jan Türkmenistan!” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatymyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda bedew batly okgunly ösüşleri bilen tanalýan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy indi asylly däbe, özboluşly ýörelgä öwrülendigi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan bu ýörelge ýurdumyzyň ösüşinde esasy ugurlary pugtalandyrmak bilen birlikde, halkymyzyň şöhratly taryhynda gazanan milli gymmatlyklaryna bolan egsilmez buýsanjy aýdyň şöhlelendirýändigi. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy munuň nobatdaky subutnamasyna öwrülendigi. Şeýle çuň mazmunly şygar bilen dabaralanýan ýylda halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllyk taryhy senesini giňden toýlajakdygy. Çünki Garaşsyzlyk Watanymyzyň sarsmaz binýadydyr, abadan bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr. Halkymyz üçin döretmäge, gurmaga güýç-kuwwat berip, beýik maksatlara ruhlandyrýan mukaddes düşünjedigi. Halkymyzyň umumyadamzat medeni ösüşine goşan mynasyp goşandy bolan bedew bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda nygtaýşy ýaly, ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýçdigi barada gürrüňler edildi. Bu çykyşlar gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Garaşsyzlygy baýdak edinip ynamly öňe barýan halkymyza ýaşamana, işlemäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsyn aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ARKADAGYŇ YLHAMY, KALBYŇ MELHEMI

Muzeýler

30.01.2026

Ata-babalarymyzda “At-myrat” diýen çuň manyly aýtgy bar. Bu jümlede behişdi bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny we sarpasy öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerini çäksiz üns-alada bilen gurşap, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, halkyň arasynda söýlüp okalýan “Gadamy batly bedew” atly kitaby barada Miras teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berilýän “Arkadagyň ylhamy, kalbyň melhemi” atly gepleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde geçirildi. Gepleşigi “Miras” teleýaýlymynyň alyp baryjysy Annasoltan Nonnakowanyň alyp barmagynda, gepleşikde “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm redaktory Amangül Nurmyradowa we muzeý hünärmeni Jeren Altyýewa çykyş etdiler. Gepleşigiň dowamynda batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiz barada şeýle-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan gowşurylan halkara şahadatnamasy barada we türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmekdäki we ösdürmekdäki Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri barada gürrüňler edilip, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sözlerini, alkyşlaryny aýtdylar.

No image
«ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI GURŞAP ÇARÝANY–ÝURDUM BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

30.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň 76-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylar bilen 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli “Çagalaryň gülküsi gurşap çarýany–ata ýurdum bedew batly at-myradyň mekany” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýylymyzyň şygary, türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, wepadarlygy barada gyzykly gürrüňler edildi. Zehinlije okuwçylar bedew batly at-myradyň mekany bolan eziz ýurdumyzy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary aýdyp berdiler, owadan suratlary çekdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi okuwçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew batly at-myradyň mekany bolan güneşli diýarymyzy çagalaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
2026-NJY ÝYLYŇ 30-NJY ÝANWARY – 1-NJI FEWRALY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

29.01.2026

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 31.01.2026ý. «Däli Domrul» atly sahna oýny sagat 19:00 01.02.2026ý. «Yşgyň gämisi» atly sahna oýny sagat 19:00 _________________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 30.01.2026ý. «Talyp söýgüsi» atly sahna oýny sagat 19:00 31.01.2026ý. «Super gaýyn ene» atly sahna oýny sagat 19:00 01.02.2026ý. «Sawçy hem sallahlar» atly sahna oýny sagat 19:00 _________________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 30.01.2026ý. «Gyzyl alma» atly sahna oýny sagat 19:00 31.01.2026ý. «Yşk mekany Hindistan» atly sahna oýny sagat 19:00 01.02.2026ý. «Garaşanym» atly sahna oýny sagat 19:00 _________________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 30.01.2026ý. «Hindi söýgüsi» atly sahna oýny sagat 19:00 31.01.2026ý. «Alladin we jadyly çyra» atly sahna oýny sagat 12:00 31.01.2026ý. «Maşgala syry» atly sahna oýny sagat 19:00 01.02.2026ý. «Lukman Aýbolit» atly sahna oýny sagat 11:00, 13:00 01.02.2026ý. «Möjekler we goýunlar» atly sahna oýny sagat 19:00 _________________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 31.01.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 01.02.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 _________________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 31.01.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny sagat 19:00 01.02.2026ý. «Zor aýakdan tebip bolan» atly sahna oýny sagat 19:00 _________________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 31.01.2026ý. «Mobil dünýäsi» atly sahna oýny sagat 17:00 31.01.2026ý. «Wah bu söýgi-dä» atly sahna oýny sagat 19:00 01.02.2026ý. «Janly gurjaklar» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 01.02.2026ý. «Wah bu söýgi-dä» atly sahna oýny sagat 19:00 _________________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 30.01.2026ý. «Batyr towşanjyk» atly sahna oýny sagat 17:00 31.01.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 01.02.2026ý. «Ýeketäk söýgi» atly sahna oýny sagat 19:00 _________________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 31.01.2026ý. «Ýaşlyk ýelgini» atly sahna oýny sagat 19:00 01.02.2026ý. «Gülmek ömürden» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 _________________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 31.01.2026ý. «Syrak» atly sahna oýny sagat 19:00 01.02.2026ý. «Täze gelin» atly sahna oýny sagat 19:00 _________________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 31.01.2026ý. «Söýgüniň ýolunda» atly sahna oýny sagat 19:00 01.02.2026ý. «Mülk» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
MUZEÝLER-DÖWÜRLERIŇ NURANA KEŞBI

Muzeýler

29.01.2026

Ata-babalarymyzyň ruhy siňen, mirasy gymmatlyklaryň jemlenen ýeri bolan muzeýler şu günki günde özüniň taryhy ösüş günlerini şöhlelendirýär. Halkymyzyň maddy we ruhy medeniýetiniň müňlerçe ýyllaryň dowamynda döredilen genji-hazynasyny geljekki nesillerimize ýetirmek üçin ýurdumyzda muzeý işini döwrebap kämilleşdirmäge aýratyn uly üns berilýär. Muzeýlerde adamzat durmuşynyň taryhynda medeniýetiň we sungatyň ösmegi üçin halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyryjy,watançylyk duýgusyna ýugrulan medeni-köpçülik çäreleri yzygiderli geçirilip durulýär. Muzeýlerde her bir alnyp barylýan netijeli işler esasynda gurnalýan wagtlaýyn hem-de göçme sergileri, ylmy maglumatlar, geçirilýän her bir medeni çäreler hem-de ekspozisiýalaryň täzeçe gurnalyp durulmagy, şu günki günüň ösüşlerini açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigini, medeni mirasy milli gymmatlyklary ýüze çykarmak we olary ylmy esasda öwrenmek geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek baradaky berýän tabşyryklary her bir muzeý hünärmenini has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.Muzeý gymmatlyklary halkyň taryhynyň sungatynyň hem-de däp-dessurynyň aýdyň beýany bolan maddy we ruhy mirasdyr. Muzeý gymmatlyklary bu halkyň ýaşaýyş ýolunyň, ruhy baýlygynyň hem-de döredijilik ukybynyň aýrylmaz bölegidir. Olar geçmişi öwrenmek, häzirki döwri seljermek we geljegi gurmak üçin ähmiýetli çeşme bolup durýar. Häzirki döwürde muzeýler ylmy merkezlere,medeni aň-bilim ojaklaryna öwrülýär. Şu nukdaýnazardan ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde, olarda şöhratly taryhymyza buýsanç hem-de söýgi döretmek, hem-de müň dürli öwüşgünli milli mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň gurnamagynda, guramanyň işjeň agzalarynyň hem-de Türkmenabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Muzeý hünärmenleriniň gürrüň bermeginde halkymyzyň köpasyrlyk taryhy, baý medeni mirasy, geçmiş taryhymyz hakyndaky söhbetler myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle-de olar welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän dürli ýyllarda geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar we taryhy maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Biz muzeý hünärmenlerine işlemäge, dşredijilikli zähmet çekmäge, milli mirasymyzy wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.Goý mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy uludan belleniljek ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni bedew batly ösüşlere beslensin! __________________________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

No image
KITAPHANAÇYLAR BILEN GEÇIRILEN MASLAHAT

Kitaphanalar

29.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylan ýylymyzda bellenilen meýilnama esasynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi netijesinde ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işler we öňde goýulýan meýilnamalar we maksatnamalar esasynda maslahat etdiler. Maslahata Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň kitaphana işi boýunça usulçysy Çalyýewa Jumagül, paýtagtymyzda ýerleşýän mekdepleriň kitaphanaçylary hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Çagalar okaýşyna ýolbaşçylyk etmek” hünäriniň talyplary gatnaşdy. Maslahatyň Döwlet Maksatnamasynda beýan edilen: Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak; ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak, olary ylmy-döredijilik, terjimeçilik işlerine köpçülikleýin we işjeň çekmek baradaky amala aşyrylýan wezipeler, ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, çagalar we çagalar okaýşyna ýolbaşçylyk edýän hünärmenler üçin hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini artdyrmak işlerini ýokarlandyrmak; hakyndaky bölümleri boýunça alnyp barylýan we geljekde ýerine ýetiriljek işler barada netijeli maslahat etdiler. Kitaphanaçylaryň arasynda geçirilen maslahatyň ahyrynda kitaba, kitaphana ulgamyna aýratyn hormat-sarpa goýýan, ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.