logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

23.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde Ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin çagalarymyza köçeden geçeninde nähili öziňi alyp barylýandygy hakynda aýdylyp geçildi. Şeýle-de kitaplaryň üsti bilen birnäçe suratlar dogrusynda söhbet edildi. Bize şeýle bagtly durmuşda ýaşamana ajaýyp şertler döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny, nurana ýollarymyzda hereketiň sazlaşykly bolmagyny arzuw edýäris. *

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY -PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIKLI TAGLYMAT

Täzelikler

23.09.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOKARY DEREJELI PLENAR MEJLISINE GATNAŞDY 22-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda “Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi. Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr. Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri bolup, onda gapma-garşylyklary çözmek üçin netijeli dialogyň möhümdigi nygtalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-ä agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy. «Türkmenistan gazeti»

No image
BELENTDEN ÝAŇLANÝAR BAGTYŇ OWAZY!

Konsertler

22.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda medeniýet we sungat işgärleri, sahna ussatlary çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ylhamlanyp, şirwan perdä galan medeniýet we sungat ussatlarynyň owazy bagtyýarlygyň buşlugy bolup ýaňlandy. Konsertdäki çykyşlar bitewülikde parasatly döwlet Baştutanymyzyň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň waspnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça başlangyçlaryny dowam etdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli wakalar şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär. Munuň şeýledigine şu konsertiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň toýlara ulaşýan günlerinde kalby joşgunly ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa uzak ömür, jan saglyk, tutumly işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler!

No image
PARAHATLYK, ASUDALYK MUKAMY, GUTLY BOLSUN GARAŞSYZLYK BAÝRAMY

Kitaphanalar

22.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Parahatlyk, asudalyk mukamy, gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler halkymyzyň hasyl bolan arzuwy-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk taryhy senesi toý-dabaralara beslenip, zähmetsöýer halkymyzyň mizemez agzybirliginiň, waspy bolup has-da belentden ýaňlanýandygy, barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän çykyşlara tomaşa edildi. Çäräniň ahyrynda eşretli zamanamyzy beýik ösüşlere besläp, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY–ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

22.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 130-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her ýylda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk sürüjilere we pyýadalara ýol hereketiniň düzgünlerini has-da dogry we doly öwrenmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy, bu çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýollaryň howpsuz bolmagynda, halkymyzyň asuda, parahat durmuşyny üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedigi barada nygtap geçdiler we bu wajyp çärelerde çatryklary kesip geçmegiň, şeýle-de sazlaýjylaryň we düzgünleşdirijileriň ýok ýerlerinde köçeden geçmegiň düzgünleri hakynda, okuwçylara howpsuzlyk we seresaplylyk düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmeginde belgileriň, suratlaryň, kompýuter ýazgylaryň ýaşlaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini gowy öwrenmeklerinde, doly we dürs berjaý etmeklerinde uly ähmiýetiniň bardygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda hemişe raýatlarymyzyň rahatlygynyň üpjün edilmegine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilýän netijeli işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini atdylar.

No image
GOBOÝ SAZ GURALYNYŇ USSADY

Täzelikler

22.09.2025

Türkmenistanyň medeniýetiň ösüşinde şahsyýetleriň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Halkymyzyň baý saz sungatynyň çäklerinde dürli saz gurallarynda ussatlar ýetişipdir. Ussatlaryň arasynda halypa mugallym, goboýçy «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Ýolaman Saryýewiň döredijiligi we pedagogik işleri aýratyn bellärliklidir. Onuň sungaty diňe ýerine ýetirijilikde däl, eýsem ýaş nesillere halypalyk edip, olaryň dünýäniň giň sahnalarynda çykyş etmegine ýol açmakda-da uly ähmiýete eýe boldy. Ýolaman Saryýew özüniň sazlaşdyryjy we ýerine ýetiriji döredijiligi bilen türkmen halk saz sungatynda aýratyn ýer eýeleýär. Ýolaman Saryýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internadynda mekdep okuwçylaryna, ýaş talyplara, goboýçylara ussatlyk bilen sapak berýär. Ol öz şägirtlerine döredijilikde erkin bolmagy, milli mirasa hormat goýmagy, dünýäniň saz sungatyndaky öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmagy wagyz edýär. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi ýurdumyzda we halkara bäsleşiklerde üstünlik gazandylar. Mälim bolşy ýaly, ildeşlerimiziň sarpalanylmagy ýurdumyzda durmuş tejribesini, bilimini, zähmetini, we zehinini Watana gulluk etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna hormat bilen garalýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi hormatly atlara, şa serpaýlara mynasyp boldular. Şeýle şa serpaýa mynasyp bolmagy Ýolaman Saryýewe hem nesip etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly beýik şa serpaýa eýe boldy. Beýik şa serpaýy almagy bilen döredijilikde zähmet çekmäge döredilen ähli şertler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp özüniň ýürek buýsanjyny sözledi. _____________________________________ Dürjemal ÇAŇLYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy

No image
GÜLLE WATAN, JAN WATAN, GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN

Kitaphanalar

22.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän № 52-nji orta mekdepde «Gülle Watan, jan Watan, Garaşsyz Türkmenistan» atly şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Garaşsyz Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 34 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Höwesjeň çagalar ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly buýsanç bilen aýtdylar. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri «Baky Garaşsyz Watan» atly kitaplardan sergi gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda biziň ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ŞA SERPAÝYNA MYNASYP BOLAN MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HOŞALLYK SÖZLERI

Täzelikler

22.09.2025

Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli we halkara ähmiýetli wakalaryny özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet ýeňişleri bilen barýar. Her ýylda däp bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda ýurdumyzyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tegelek stoluň başynda hoşallyk söhbetdeşligi geçirildi. Bu taryhy günde döwlet sylagyna mynasyp bolanlar şeýle şa serpaýlaryň ýapylmagy öz kärlerinde tutanýerli zähmet çekmäge ýene bir ýola uly ähmiýet berýändigini belläp, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyza tükeniksiz alkyşlary aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2a.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3a.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/4a.jpg)

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILER

Kitaphanalar

22.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde ýaş nesillerde çeper edebiýatlara bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Türkmen halk ertekiler» atly türkmen halk ertekilerniň gahrymanlarynyň suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde bagtyýar ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, körpeje çagalarymyz okuw sapaklaryndan daşary özleriniň ukyp başarnyklary bolan surat çekmek bilen gyzyklanýan okyjylarymyz Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelip türkmen halk ertekiler bolan kitaplary okap hem-de şolaryň gahrymanlaryny surata geçirýärler. Şol maksat bilen hem kitaphana yzygiderli gatnaýan göreldeli okyjylarymyzyň arasynda özleriniň okan dürli ertekili kitaplarynyň gahrymanlaryny çekmek maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda baýrakly orunlara mynasyp bolanlar ýaş okyjylarymyza kitaphananyň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň okamagy, öwrenmegi hem-de özleriniň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde hem birnäçe mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ SAPARY BILEN NÝU-ÝORKA UGRADY

Täzelikler

22.09.2025

21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribe bu köpugurly gatnaşyklary häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyz üçin, şeýle hem halkara jemgyýetçilik üçin çuňňur mana eýedir. BMG tarapyndan resmi taýdan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk we parahatçylyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça oňyn teklipleri beýan etdiler. Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, ekologiýa we bilim ulgamlary ýaly ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde dialogyň we ynanyşmagyň möhüm ähmiýetini nygtap, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başlangyçlaryna, şol sanda durnukly ösüşi, gender deňligini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly maksatnamalaryna gatnaşyp gelýär. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralarynyň işine yzygiderli goşant goşýar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky ekologiýa başlangyçlary biodürlüligi gorap saklamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça taslamalary öz içine alýar. Ýurdumyz durnukly ösüş üçin “ýaşyl” tehnologiýalary ilerledip, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyna işjeň gatnaşýar. «Türkmenistan gazeti»