BILDIRIŞ


BILDIRIŞ



Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli mirasy, medeni gymmatlyklary baradaky maglumatlary ýerlerden toplamak, öwrenmek we wagyz etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasynyň görnüşlerine degişli bolan maglumatlary toplaýjylaryň, mirasy öwrenijileriň we höwesjeň ýaşlaryň arasynda «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigini yglan edýär.



Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwreniji ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň görnüşleri, seýrek nusgalary baradaky maglumatlary toplamak boýunça guralýan «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşigiň

DÜZGÜNNAMASY



Umumy düzgünler



«Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşik 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» – diýen parasatly sözlerinden we milli gymmatlyklarymyzyň taryhy ähmiýetini dünýä ýaýmak baradaky oňyn ýörelgelerinden ugur alyp, halkymyzyň maddy däl medeni mirasynyň görnüşlerini ýüze çykaryp hasaba almak, olara degişli bolan maglumatlary halk arasyndan toplamak, resmileşdirmek boýunça ýerli ýaş hünärmenleri, höwesjeňleri, mirasgärleri bu işe çekmek we bu ugurda täze zehinleri ýüze çykarmak, dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýär.

I. Bäsleşigiň maksady



1. Maddy däl medeni mirasyň görnüşlerini ýüze çykarmak, hasaba almak, milli maddy däl medeni mirasy öwrenijiler, milli mirasyň görnüşleri boýunça maglumatlary, dowam edip gelýän däpleri, halk tejribelerini bilýän ýaş hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak;

2. Maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň beýanyny, olaryň audio we wideo ýazgylaryny, suratlaryny toplamak;

3. Maddy däl medeni mirasyň görnüşlerini, türkmen halkynyň baý mirasyny, däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny öwrenmek ugrunda iş alyp barýan aýry-aýry şahslaryň, höwesjeňleriň milli maddy däl medeni mirasy toplamak, öwrenmek we gorap saklamak işine giňden gatnaşmaga işjeň çekilmegini üpjün etmek;

4. Maddy däl medeni mirasyň görnüşlerini ýüze çykarmak, hasaba almak, toplamak we öwrenmek boýunça ýerli hünärmenleri taýýarlamak, höwesjeň täze zehinleri ýüze çykarmak;

5. Ýitip gitmek howpy bar bolan, maddy däl medeni mirasyň (diňe belli bir maşgalalarda, belli bir obanyň, etrabyň, welaýatyň çäginde ýerleşýän) görnüşlerini ýüze çykarmak, hasaba almak, toplamak, öwrenmek hem-de olaryň halk arasynda giňden ýaýramagyna şert döretmek.

II. Bäsleşik boýunça bildirilýän talaplar



Bäsleşik aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:



Maddy däl medeni mirasyň ugurlary we görnüşleri:



1. Däp-dessurlar, yrymlar;

2. Milli toýlar, baýramçylyklar;

3. Halk çeperçilik sungaty (bagşyçylyk sungaty, däp-dessur aýdymlary, milli tanslar, milli oýunlar, milli sport oýunlary);

4. Milli hünärmentçilik (ussaçylyk, demir ussaçylygy, agaç ussaçylygy, tüýdük ýasamak, gyjak ýasamak, halyçylyk sungaty, keçe basmak, palas dokamak, taraçylyk, keşdeçilik, ýüpekçilik we ýüpek almagyň usullary, zergärçilik, bedew şaý-seplerini ýasamak, küýzegärçilik);

5. Halk tejribesi (awçylyk, el guşlary bilen aw etmek, tazylar bilen aw etmek, balykçylyk, gaýyk ýasamak, ekerançylyk tejribesinde ak bugdaýy ösdürip ýetişdirmek, şalyny ösdürip ýetişdirmek, türkmen gawun-garpyzyny ösdürip ýetişdirmek, türkmen üzümini ösdürip ýetişdirmek, bakjaçylyk tejribesi, maldarçylyk tejribesi, atçylyk we seýisçilik sungaty, saryja goýunlaryny ösdürip ýetişdirmegiň tejribesi, garaköli goýunlaryny ösdürip ýetişdirmegiň tejribesi, düýedarçylyk, türkmen alabaý itini ösdürip ýetişdirmek);

6. Iýmit taýýarlamak we saklamak (türkmen milli tagamlary, süýt önümlerinden we ösümliklerden ýaglary öndürmek, ir-iýmişi ýygmak we guratmak, etleri kakatmagyň usullary);

7. Kärizleri gazmak we durkuny saklamak, guýulary gazmagyň usullary,

8. Durmuş hajatlary üçin serişdeleri öndürmek (mata dokamak, egin-eşik tikmek, başgaplary tikmek, aýakgap tikmek);

9. Ak öý gurmak, haşamçylyk sungaty;

10. Halk tebipçiligi we derman otlaryň peýdalanylyşy;

11. Derman otlary ýygmagyň we saklamagyň usullary;

12. Boýaglyk ösümlikler we olardan boýag almagyň usullary;

13. Milli lybaslaryň görnüşleriniň taýýarlanyş usullary.

II. Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi



1. Bäsleşige maddy däl medeni mirasyň dürli görnüşleriniň beýany we mazmuny boýunça maglumatlar toplumyny hödürlemäge:

- Maddy däl medeni mirasy toplamak we öwrenmek bilen meşgullanýan adamlar;

- Türkmenistanyň muzeýleriniň we kitaphanalarynyň hünärmenleri;

- Maddy däl medeni mirasy öwrenmek boýunça höwesjeňler;

- Maddy däl medeni mirasy toplamak we öwrenmek boýunça ýörite iş alyp barýan hünärmenler;

- Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşyjylar 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň many-mazmunyny, ýerine ýetirilişini, ýasalyş usullaryny tutuşlygyna beýan edýän maglumatlar toplumyny doly tamamlap, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligine tabşyrmaly.

Bäsleşige ýerlerden gelip gowşan işleri, maglumatlary seljermek we baha bermek boýunça döredilen ýörite toparyň gelen netijesine laýyklykda, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda bäsleşigiň jemi jemleniler.

IV.Bäsleşigiň şertleri:



1. Maddy däl medeni mirasyň görnüşleri barada hödürlenilýän maglumatlarda şol görnüşleriň many-mazmuny we ýerine ýetirilişi, ýasalyş usullary doly beýan edilmelidir.

2. Maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň aýratynlyklaryny, ýerine ýetiriliş tapgyrlaryny beýan edýän wideoýazgy we fotosuratlar (20 sany) goşulmalydyr.

3. Maddy däl medeni mirasyň Bellige alyş kartasy goşundyda görkezilen nusga laýyklykda doly we dogry doldurylmalydyr.

V. Bäsleşige gatnaşyjydan talap edilýän resminamalar:



1. Bäsleşige gatnaşyjy we onuň saýlap alan ugry barada maglumat goşundyda görkezilen nusga laýyklykda (maglumatyň bäsleşigiň haýsy ugruna degişlidigi, mirasyň görnüşiniň doly ady, maglumaty ýerine ýetirijiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan güni, aýy, ýyly, wezipesi, gulluk we öý salgysy, telefony) doly görkezilmelidir;

2. Bäsleşige hödürlenýän işi ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligine tabşyrmaly.

VI. Hödürlenilýän maglumatlary seljermegiň we bäsleşigiň netijelerini jemlemegiň tertibi:



1. Maglumatlar bellenen tertipde bäsleşigiň yglan edilen gününden başlap, kabul edilip başlanýar.

2. Maglumatlary seljermek we baha bermek üçin ýörite topar döredilýär.

3. Maglumatlary seljermek we baha bermek üçin döredilen ýörite topar bäsleşige gelip gowşan maglumatlar boýunça seljeriş işlerini geçirer hem-de baha berer.

4. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

Maglumatlar 2023-nji ýylyň fewral aýyndan noýabr aýynyň 1-ine çenli Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-01-16 / 44-00-37/

«Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly bäsleşige gatnaşyjy barada MAGLUMAT



1. Familiýasy,ady,atasynyň ady: _______________________________________________________________

2. Doglan senesi (güni, aýy, ýyly):

______________________________________________________________

3. Bäsleşikde gatnaşýan ugry:

_______________________________________________________________

4. Mirasyň görnüşiniň ady

________________________________________________________________ ________________________________________________________________

5. Okaýan ýa-da işleýän ýeri:

________________________________________________________________ ________________________________________________________________

6. Ozal bäsleşiklere gatnaşan bolsa gazanan üstünlikleri:

________________________________________________________________

7. Ýaşaýan ýeriniň salgysy we telefon belgisi:

________________________________________________________________