Üns beriň, bäsleşik!


Üns beriň, bäsleşik!



MEDENIÝET MINISTRLIGI DRAMATURGLARYŇ ARASYNDA DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINI YGLAN ETDI



Halkymyzyň milli köklere daýanýan medeniýetini we sungatyny täze belentliklere götermek, teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmak, Magtymgly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuny giňden dabaralandyrmak, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserlerinde beýan edilýän türkmeniň beýik gahrymançylygyny, watansöýüjiligini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ajaýyp döwrümizde gazanylýan beýik zähmet üstünliklerini wasp edýän täze sahna eserleriniň döredilmegini gazanmak hem-de dramaturglary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige islendik ýaşdaky we kärdäki dramaturglar gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylar eseriniň ýanyna özi (işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefony) barada maglumatlary goşmaly.

Hödürlenen eserleriň iň gowusyny saýlap seçip almak üçin eminler topary döredilýär. Bäsleşik teatr sungatynyň şu aşakdaky görnüşleri boýunça geçirilýär:

— drama eseri;

— sazly komediýa eseri;

— sazly drama eseri;

— gurjak oýny üçin ýazylan drama eseri;

— opera eseri.

Eserler 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölümine üç nusgada tabşyrylmaly (Tekstler kompýuterde Times New Roman şriftinde, 16-lyk ölçegdäki harpda ýazylan bolmaly, olar yzyna gaýtarylmaýar). Hödürlenjek eserler san taýdan çäklendirilmeýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine: 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerler üçin pul baýragy, şeýle hem höweslendiriji baýraklar bellenilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-00-13 / 44-00-55/