Üns beriň, bäsleşik!


Üns beriň, bäsleşik!



Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti döredijilik bäsleşigini yglan edýärler.

Döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY



Bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň çeper döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Döredijilik bäsleşigine Magtymgulynyň ömrüni we döredijiligini çeper beýan edýän, öň metbugatda çap edilmedik täze eserler - powestler, poemalar, şygyrlar toplumy hödürlenýär. Bäsleşige hödürlenilýän powestlerde, poemalarda, şygyrlar toplumynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik, agzybirlik ýaly belent pikirleriň manysy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, dünýä ýüzünde hormat-sarpasyny belende götermek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler, Magtymguly Pyragynyň ömri, paýhasly döredijilik dünýäsi çeper beýan edilmelidir.

Döredijilik bäsleşigine Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde duş gelýän, şygryýetiň aýdyşyk, kasyda, murapbag (dörtleme), muhammes (bäşleme), müseddes (altylama), musabba (ýedileme) görnüşlerinde ýazylan goşgular toplumy, şeýle hem, akyldar şahyryň goşgularyna ýazylan nezireler hödürlenilýär.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar hödürleýän eserleri bilen birlikde, özleri hakynda maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi we fotosuraty).

Bäsleşige hödürlenilýän powestleriň, poemalaryň, şygyrlar toplumynyň kompýuterde ýazylan dört nusgasy we elektron görnüşi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölümine ibermeli (Salgysy: 744000, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan ş., 461). Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän eserler 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda yglan ediler we ýeňijilere (I, II, III orunlara we höweslendiriji ýerlere eýe bolanlara) ýadygärlik sowgatlary, Hormat hatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin: 44-00-71, 44-00-77, 44-00-81.