KITAP-DÜNÝÄNIŇ AÇARY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen hasyl toýy mynasybetli «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylaryň gatnaşmagynda «Aşgabat teleýaýlymy» bilen bilelikde «Halal zähmetiň höziri» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygy barada bereketli topragymyzda ýetişdirilýän bol hasylyň gadyr gymmaty barada gürrüňler berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly eserinden baý we köp dürli, lezzetli türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyş aýratynlygy baradaky täsirli maglumatlar söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlige gatnaşan halkymyzy ajaýyp, bolelin, bagtly durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.