GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI-ADAMZADYŇ GYMMATLY MIRASY


GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI-ADAMZADYŇ GYMMATLY MIRASY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda «Gadymy Änew medeniýeti-adamzadyň gymmatly mirasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Türkmen topragynda Teýmirler zamanasynyň ajaýyp binagärlik däplerini we çeperçilik tärlerini özünde jemlän, ady belli ýadygärlik bolan, halk arasynda «Seýit Jemaleddin» diýip atlandyrylýan Änew şäherindäki Şyh Jemalleddiniň metjidi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew-müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda hem Seýit Jemaleddin metjidi barada gyzykly maglumatlar çeper beýan edilýär.

Söhbetdeşlik ahyrynda taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge uly mümkinçilikler döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.