KITAP-DÜNÝÄNIŇ AÇARY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag şäheriniň medeniýet müdirligi, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdirýeti bilen bilelikde guramagynda «Kitap-dünýäniň açary» atly neşir önümleriniň sergisiniň, ylmy-amaly maslahatynyň, kitap şüweleňiniň hem-de söhbetdeşlik gepleşigi geçirildi.
Kitap bu hakyky hazynadyr we bilimiň açarydyr. Kitap bolmasa biziň taryhymyz hem bolmazdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Kitap okamaýan görenini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir». Bu dana sözlerde örän uly many bar. Kitap adamy terbiýeleýän, durmuşyň kynçylyklaryna taýýarlaýan, oňa öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda ynsanlygy oýandyrýan dostdyr.
Şular dogusundaky gyzykly söhbetlerden soňra çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.