PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli kitaphanalaryň ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde bellenilen tertipnamasy esasynda «Aşgabat maliýe–ykdysady orta hünär» okuw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» atly bir hepdelik kitap sergisiniň dowam edýän günlerinde hem kitaphana hünärmenleri talyp ýaşlara wagyz-nesihat işlerini alyp barýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýylymyzda Baky Bitaraplygymyzyň bize beren miweleri we häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyzda dünýäde parahatsöýüjilik başlangyçlarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işler barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan şanly Bitaraplygymyza degişli neşirlerden guralan sergi talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» atly gymmatly eserlerinden Bitaraplyk taglymatynyň beýik düşünjeleri hakynda söhbetler edildi.
Sergimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.