BIZ ERTEKILERI OKAÝARYS
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň kitap söýüji çagalaryň arasynda «Biz ertekileri okaýarys» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Körpeje okyjylarymyza erteki gahrymanlaryny suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gürrüňdeşlik geçirildi. Mekdebiň körpeje okuwçylary hem öz halaýan ertekilerini labyzly okap berdiler. Hünärmenlerimiz söhbetdeşlikde ertekilerdäki oňat hem-de erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda körpejelere durmuşda gowy adam bolmagy birek-birege kömek etmegi, adalatly dogruçyl bolmagy ündediler.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamzadyň köňül nagşyna öwrülen kitaplary döwrebap usulda yzygiderli neşir etdirip ýaş nesillere okamaklyga, öwrenmeklige giň mümkinçilikleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.