SARPASY BELENT SÖZ USSADY


SARPASY BELENT SÖZ USSADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Sarpasy belent söz ussady» ady bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň giň we çuňňur many-mazmuna baý bolan şygyrlarynda türkmeniň asylly ýörelgelerini, millilik, agzybirlik, dost-doganlyk, watançylyk ýaly pikir garaýyşlaryň ussatlyk bilen beýan edilýändigi, beýik şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň berkarar döwlet gurmagyny arzuw eden, ähli ynsanlary agzybirlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamaga ündän şahyr bolandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, ony dünýä tanatmakda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.