ZENANLAR DURMUŞYŇ GÜLI


ZENANLAR DURMUŞYŇ GÜLI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlap «Zenanlar durmuşyň güli» atly duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki ajaýyp döwrümizde zenan mertebesine goýulýan sarpa, hem-de ýurdumyzyň ösüşlerinde zenanlaryň goşýan goşandy barada täsirli söhbetler edildi. Kitaphana hünärmenine «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň adyndan «Lälegülleri» gül dükanyndan zenanlar baýramçylygy mynasybetli gowşurulan gül çemeni bilen başlanan söhbetdeşligiň dowamynda mähriban enelerimize berilýän hormat barada hem buýsançly söhbetler edildi.

Baýramçylyk duşuşygyň ahyrynda gelin-gyzlarymyza söýgi-sarpany ýörelgä öwrüp, durmuşymyzy görkana pursatlara besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutumlary işleriniň rowaç almagy arzuw edildi.