BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ BELENT TAGLYMATY


BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ BELENT TAGLYMATY

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň hem-de welaýat zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda kümüş saçly enelerimiziň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde tanalýandygyny bellediler. Güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýandygy we bu barada zenanlarymyzyň tutýan ornunyň aýratyndygy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly eserlerinden ugur alyp, ýaşlaryň arasynda eserdäki rowaýatlary mysal getirip, ene-mamalarymyzdan ýetip gelen däp-dessurlary, edim-gylymlary türkmen zenanyna mahsus häsiýetleri barada gürrüňler berildi.

Kitaphana işgärleriniň guramagynda «Bitaraplyk eşretli durmuşyň binýady» atly giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda bagtyýar zamanada zenanlaryň mertebesini beýgeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.