PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM!
Mary welaýat kitaphanasynyň guramagynda Marynyň S.A.Nyýazow adyndaky Lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» atly göçme kitap sergi gurnaldy. Bu sergi mart aýynyň 17-den mart aýynyň 20-si aralygynda dowam eder.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi bolsa parahatçylyk we ynanyşmak Zeminiň asuda aýlanmagynyň, agzybirligiň, abadançylygyň, döredijilik zähmet çekmegiň, bagtyýar kepilidir.
Biz kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan her bir kitaplaryny wagyz etmekde, okyjylar köpçüligine ýetirmekde saldamly goşantlarymyzy goşarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýyrt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!