HER BIR GÖLI LÄLE-REÝHAN HALYSY


HER BIR GÖLI LÄLE-REÝHAN HALYSY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň türkmen halysynyň milli muzeýinde «Her bir göli läle-reýhan halysy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bilen dörän, ene-mamalarymyzdan miras galyp, biziň asuda we bagtyýar günlerimize gelip ýeten ajaýyp halylarymyzyň nepisligi, dürli öwüşgini bilen göreni haýran edýändigi, halylarymyzda halkymyzyň ajaýyp häsiýetleriniň, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada gürrüň etdiler. Şeýle-de türkmen halysynyň döreýşi, olara salynýan gölleriň atlandyrlyşy hakynda, türkmen gelin-gyzlary öz ýüreklerinde beslän arzuwlaryny ussatlyk, inçelik, nepislik bilen türkmen tebigatynyň gözel keşbini, türkmen sährasyny nagyşlaryň üsti bilen halylara siňdirendigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda asyrlardan-asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, türkmen halkynyň el hünärini, halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.