MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRLARY PAÝHAS MEKDEBI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň dogulan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň şygyrlary paýhas mekdebi» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly şygyrlary dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşandygy, çünki akyldaryň mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda orun alandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de dana şahyryň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň örän uludygyny görkezýän, ýaşlaryň terbiýesinde-de beýik Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän ulydygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda bize nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini, çuňňur öwrenmäge, şol eserleriň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.