KITAP-DÜNÝÄNIŇ AÇARY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag şäheriniň medeniýet müdirligi, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdirýeti bilen bilelikde guramagynda «Kitap-dünýäniň açary» atly neşir önümleriniň sergisiniň, ylmy-amaly maslahatynyň, kitap şüweleňiniň hem-de söhbetdeşlik gepleşigi geçirildi.
Dabaranyň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem birnäçe görnükli ýazyjy şahyrlarymyzyň eserlerinde ybarat bolan sergiler gurnaldy. Mundan başga-da körpeje nesilleriň ýerine ýetirmeginde joşgunly goşgy setirleri diňlenildi. Mundan başga-da orta mekdep okuwçylaryna özara sorag-jogap bäsleşigini geçirmeklik, pikir alyşmaklyk üçin hem uly mümkinçilikler döredildi. Maslahata gatnaşan talyp ýaşlar hem ýürek joşgunly sözlerini beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwletli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.