logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy

Kitaphanalar

21.08.2026

“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda dürli ýaş toparlaryndaky çagalar üçin harytlar we hyzmatlar görkezildi. Ol harytlar we hyzmatlar çagalara bilim bermek, okatmak, oýunjaklar, ösüş esbaplary, çagalar edebiýaty, okatmaga niýetlenen neşirler, şeýle hem, sagdyn iýmitlenmek, sport we beden taýdan ösüş, döredijilik, çeperçilik işleri, çagalar modasy, internet howpsuzlygy tehnologiýalary, çagalar syýahatçylygy we saparlary hem-de beýleki ugurlara bölünýär. Geçirilýän sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem göçme kitap sergisi bilen gatnaşdy. Sergide dürli dillerde neşir edilen çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň we kitapçalaryň ençemesi ýerleşdirildi. Esasan-da daşary ýurt dillerine terjime edilen türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşleri, ertekileri sahnalaşdyrmak üçin niýetlenen gurjaklar, çagalar üçin niýetlenen döwürleýin neşirler ýaşajyk, bilesigeliji okyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Geçirilýän şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylar hem gatnaşdylar. Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesilleriň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak, şeýle hem, çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Halk maslahaty - döwletliligiň nusgasy

Kitaphanalar

21.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty - döwletliligiň nusgasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýändigi, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň beýik geçmişini, bagtyýar şu gününiň we röwşen geljeginiň bütewilik mekdebi höküminde berkarar döwletimiziň, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň gülläp ösüşlerine gönükdirilen nusgalyk ýörelgelere daýanýandygy hakynda gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gyzykly geçen bäsleşik

Kitaphanalar

21.08.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy. Kitaphana degişli pawilionda çagalar üçin niýetlenilen gyzykly ertekili kitaplar çärä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle hem, körpe kitap söýüjileriň arasynda kitaphana hünärmenleri tarapyndan bäsleşik geçirildi. «In köp kitap okaýan çaga», «Minutda köp söz okamak», «Erteki gahrymanlaryny tanamak» ugurlary boýunça geçirilen bäsleşikde ýokary netijeleri görkezen çagalara Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan kitap we Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan mekdep torbalary sowgat berildi. Çagalarda kitap okamaga höwes döretmek, kitap bilen dostlaşmak we kitabyň adamzat durmuşynda tutýan möhüm orny barada giňişleýin düşünje bermek maksady bilen geçirilen bäsleşik gyzykly hem täsirli boldy.

No image
Ylmyň we tehnologiýalaryň mekany

Kitaphanalar

21.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň-bilimiň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Ylmyň we tehnologiýalaryň mekany” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanada ýerleşdirilen häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan elektron katalog ulgamynyň hereket edýändigi, şeýle-de kitaphanada obserwatoriýa bolup, onuň düzüminde ýerleşdirilen kämil teleskop arkaly asman jisimlerini synlamak mümkinçiliginiň döredilendigi barada mundan başga-da bu ýerde Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlarynyň zaly, Sungat zaly, Oba-hojalyk edebiýatlarynyň zaly, Çagalar üçin okalga zaly, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda bezelen ýaşulylar üçin okalga zalynyň ýerleşdirilendigi dogrusynda bellenip geçildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp Arkadag şäherinde işlemäge, ýaşamaga döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

No image
Kitap biziň dostumyz

Kitaphanalar

21.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda 142-nji çagalar bagynda « Kitap biziň dostumyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitap okamagy, bilimler dünýäsine aralaşmagy, giň dünýä garaýyşly bolmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitap okamak bilen, çagalar onda gürrüň edilýän wakalaryň suratlary bilen gyzyklanyp, jadyly dünýä syýahat edýändikleri barada beýan etdiler we “Ýartygulak” atly türkmen halk ertekisinden çeper okap berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtly geljegi barada alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
“Parahatçylyk – iň gymmatly baýlyk” atly kitap sergisi

Kitaphanalar

21.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Parahatçylyk – iň gymmatly baýlyk” atly kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da parahatçylyga bagyşlanan edebiýatlara hem orun berildi. Kitap sergisine gelenler üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Sergä gatnaşyjylar ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Sarpasy belent zenanlar

Kitaphanalar

21.08.2026

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmen kitap» lomaý we bölek birleşiginiň 4-nji dükanynda «Sarpasy belent zenanlar» atly söhbetdeşlik geçirildi hem-de «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zenan mertebesiniň belentde tutulýandygy, parahat, asuda ýurdumyzda zenanlaryň ähli ugurlarda zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli däp-dessurlarynda zenanlara aýratyn hormat goýmagyň möhüm orny eýeländigi, ene-mamalarymyzdan miras galan edep-terbiýe, maşgala ojagyna wepalylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik ýaly asylly häsiýetleriň türkmen zenanlarynyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hakynda söhbet etdiler.

No image
Ertekiler dünýäsine syýahat

Kitaphanalar

21.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda 53-nji çagalar bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen halk ertekileri halkymyzyň asman-zemin ýaly çuňňur akyl-paýhasyny, ahlak kadalaryny we asylly ýörelgelerini özünde jemleýändigi hem-de çagalaryň söz baýlygyny artdyryp, ýatkeşligini we giň dünýägaraýşyny ösdürýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigi hakynda aýtdylar we birnäçe ertekilerden çeper okap berdiler. Çäräniň ahyrynda körpe nesillerimiziň şatlygy, bagtyýarlygy ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
“Türkmen halk ertekileri” atly sesli okaýyş

Kitaphanalar

21.08.2026

Golaýda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Änew şaherindäki ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bagynda “Türkmen halk ertekileri” atly sesli okaýyş geçirildi. Kitaphananyň hünärmeni ertekiler barada çagalara gyzykly gürrüňleri berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda körpelere ertekileriň gahrymanlary, olary tanamak boýunça hem täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem, söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy we ýaramaz gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara, durmuşda dost-doganlyk gatnaşykda bolmagyň, çagalar bagynda we hemişe bir-birege kömek etmegiň adamkärçiligiň belent nusgasydygyny düşündirdiler.

No image
Milli mirasymyza we şaý-seplerimize bagyşlanan söhbetdeşlik

Kitaphanalar

20.08.2026

"Bagt köşgi" toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen "Miras" teleýaýlymy bilelikde milli mirasymyza we şaý-seplerimize bagyşlanan söhbetdeşlik gurnady. Söhbetdeşlikde milli mirasymyzyň jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegidigi, gadymy medeni mirasymyzyň, ruhy gymmatlygymyzyň asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýändigi barada nygtalyp geçildi. Şeýle hem, müňýyllyklardan baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, edim-gylymynyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň bardygy we häzirki ýaşlara ýetirmekde uly işleriň amala aşyrylýandygy hakynda söhbetler edildi. Milli şaý-seplerimize bagyşlanan gyzykly rowaýatlardyr, goşgular okaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, gadymy milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge hem-de ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.