logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY BILEN: ÝAŞLYK, DÖREDIJILIK WE GARAŞSYZLYGYŇ MIZEMEZ RUHY

Kitaphanalar

25.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Ösüşleriň ýoly bilen” atly söhbetdeşlikde “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu duşuşykda paýtagtymyzyň ýaşlarynyň döredijilik başarnyklaryny, ylymda, sportda we jemgyýetçilik işlerinde gazanýan üstünliklerini giňden açyp görkezdi. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy toýlanýan döwrüne gabat gelmegi çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk – bu bize bagtly geljegi, bilim almaga, zähmet çekmäge we döretmäge berlen tükeniksiz mümkinçilikleri peşgeş beren mukaddeslikdir. Duşuşygyň dowamynda çykyş eden ýaşlar ylym-bilim ulgamynda döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler üçin çuňňur buýsanç sözlerini beýan etdiler. Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirýän, dünýä dillerini erkin başarnykly, ata Watanymyzyň abraýyny ýokary göterýän ýaşlaryň gatnaşmagyndaky bu söhbetdeşlik hakyky döredijilik we pikir alyşma meýdançasyna öwrüldi. “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” seýilgähiniň ýaşyl baglarynyň arasynda ýaňlanan bu söhbetdeşlik ýaşlaryň diňe bir güýç-gaýratyny däl, eýsem olaryň ertirki güne bolan ynamyny hem açyp görkezdi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
“Ekitap” atly elektron kitaphanasy

Kitaphanalar

24.08.2026

Hormatly Prezidentimiziň kitaphana ulgamyny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp, Döwlet kitaphanasy tarapyndan “Ekitap” atly elektron kitaphanasy döredildi. “Ekitap” mobil goşundysy okyjylaryň şahsy kitaphanasy bolup, onda dürli görnüşli elektron we audio kitaplar okyjylaryň ygtyýarynda bolar. Okyjylar islendik wagtda, islendik ýerden mobil öýjükli telefonlarynyň, kompýuterleriniň kömegi bilen, tiz wagtyň dowamynda özlerine gerek maglumatlary, kitaplary peýdalanyp bilerler.

No image
Maslahat geçirildi

Kitaphanalar

24.08.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda şöhratly taryhymyz – milli mirasymyz” atly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň berkararlygydyr. Parahatçylyk söýüji, ynsanperwer ýörelgä esaslanýan, dostlugy dabaralandyrýan döwletimize guwanýarys. Halk abadan, Watan öz erkli, Garaşsyz bolanda ösüş-özgerişler yzly-yzyna dowamly bolýar. Her ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyzlyk güni uly toý-baýram edilip ýurdumyzda giňden bellenýär. Garaşsyzlyk bize bir bitewi halkdygymyza buýsanmaga, eziz Watanymyzyň jebisliginden ruhlanyp, abadan durmuşda ýaşamaga şert döretdi. Döwletimiz asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy we maddy baýlyklarynyň eýesi boldy. Häzirki wagtda gymmatly baýlyklarymyz, milli mirasymyz halkymyzyň buýsanjy bolup dünýä ýaýylýar.

No image
Şu ertekiler size tanyşmy?

Kitaphanalar

24.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, 40-njy çagalar bagynda «Şu ertekiler size tanyşmy?» atly sesli okaýyş geçirildi. Sesli okaýyşda halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan türkmen halk ertekileriniň nesil terbiýesinde ornunyň örän uludygy, ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak, hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, edep-ekramlylyk ýaly asylly gylyk-häsiýetler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, halk ertekilerindäki gahrymanlaryň ýaş nesilleriň aňlarynyň, düşünjeleriniň sagdyn ösmeginde täsiriniň örän uludygyny nygtadylar we türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okap berdiler. Körpeler bilen ertekilerdäki haýsy gahrymanlaryň keşplerinde bolmak isleýändikleri barada pikir alyşdylar.

No image
Çaga terbiýesine bagyşlanan söhbetdeşlik

Kitaphanalar

24.08.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen “Bal süýji baldan bala” atly söhbetdeşlikde, çaga terbiýesiniň durmuşyň hem-de jemgyýetiň möhüm bölegi bolup durýandygy, ýaş nesli durmuşa ugrukdyrmakda, sözleýiş, özüňi alyp barmak medeniýetini ösdürmekde akyl başarnygyna aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Çaganyň ösüşinde aýdym-saz, sungat, sport möhüm orun eýeleýär. Halk döredijiliginiň çaga durmuşynda tutýan orny uly bolup, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Ertekiler çaganyň diňe bir sözleýşini baýlaşdyrman, eýsem, kämil düşünjäni hem kemala getirýär. Esasan hem, ertekilerdäki gahrymanlar, olaryň ýagşylyklary körpelerde gowy häsiýetleriň döremegine täsir edip, döredijilikli pikirlenmegiň, akyl ýetirmegiň hem-de zähmetiň miwesini emele getirýär- diýip bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz

Kitaphanalar

22.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyzlyk – buýsanjymyz bagtymyz” atly söhbetdeşlik geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýyly uly üstünliklere beslenýär. Şu ýyl Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk – milli buýsanjymyz, bagtymyz ata- babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkararlyk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk–bagtymyz” atly kitabynda hem Garaşsyzlygyň halkymyzyň ykbalyndaky orny, milli agzybirligimiziň we jebisligimiziň ähmiýeti çuňňur many–mazmun bilen açylyp görkezilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy – halkymyzyň agzybirliginiň, milli jebisliginiň, parahatçylygynyň hem-de ata Watana bolan beýik söýgüsiniň dabaralanmasydyr”.Ine şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar buýsanç bilen gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny il- ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Halk maslahaty-döwletlilik ýörelgesi

Kitaphanalar

22.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Halk maslahaty-döwletlilik ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini dabaralandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty - halk demokratiýasynyň dabaralanmasy bolup, onda ýurdumyzyň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn işleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli işleriň halkyň bähbidine gönükdirilýändigini buýsançly bellediler. Çäräniň ahyrynda ata Watanmyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Türkmen halk matallary

Kitaphanalar

22.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 2-nji çagalar bagynda «Türkmen halk matallary» kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede ýaş nesillerde päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk döredijiliginiň gadymy we baý görnüşi bolan matallar körpeleriň akyl-paýhasyny we pikirlenmek ukybyny ösdürýändigi, çaganyň bilesigeljiligini we daş-töwerege bolan garaýşyny giňeldýändigi barada aýtdylar. Şeýle-de körpeleriň söýgüli ertekileri, tapmaçalary we matallary esasynda özara sowal-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiziň geljegi ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Türkmen halk ertekileri

Kitaphanalar

22.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonementi bölümi Aşgabat şäheriniň 107-nji çagalar bagynda "Türkmen halk ertekileri" atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Çagalar bagynda geçirilen çeper okaýyş we göçme sergi ýaş nesilleriň her birinde kitaba bolan söýgüni döretdi. Çagalaryň edepli-ekramly bolmagy üçin kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Täsirli söhbetdeşlik

Kitaphanalar

21.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli söhbetdeşlik guradylar. Hünärmenler çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen ýola nazar aýlap, gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, şeýle hem, her bir ulgamyň bu baýrama zähmet üstünlikleri, sowgatlary bilen barýandygy, Döwlet kitaphanasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, gurnaljak göçme sergiler, söhbetdeşlikler hakynda täsirli çykyşlar etdiler. Kitaphana hünärmenleri çykyşlarynyň ahyrynda, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.